Çary gardash,saýlap alan dildaryň, Gollary hünärli,kuwwatly bolsun. Bar arzuwy bolsun-seniň didaryň Didaryň görende ganatly bolsun. Hat sowady az bolmasyn dokuzdan Hamy kümüsh,eti bolsun dykyzdan Perzentler döresin ekiz-ekizden, Hemmesi egsilmesin döwletli bolsun Puluň dargatmasyn sow diýip berseň Köjä döndürmesin,tüwi diýip berseň Egin-eshikleriňi ýuw diýip berseň, Ýuwman seraýmesin! Paýhasly bolsun. Okasyn gazeti,görsün kinony, Göwüne almasyn az-küsh kinäni. Gaýyn ata bilen gaýyn enäni Gözünden salmasyn,hormatly bolsun. Geýmäwersin iki metr “tahýany”, Bolsun obaňyzyň zarpçy daýhany, Gülüp garshylasyn gelen myhmany, Saçagy müň dürli nygmatly bolsun. Üstüne gün dogdurmasyn ýatanda, Göwnüňi götersin habar gatanda, Garramasyn elli ýasha ýetende, Elmydam gujagy jennetli bolsun. Göwni tämiz bolsun,-ýasyn köpe, Kän ýakyn barmasyn gybata-gepe, (Shondaam ägä bol,eý Çary shepe) Alty hem abraýly,shöhratly bolsun. Ishden gelseň nahar etmän goýmasyn, Burçun atsa,duzun atman goýmasyn. Çaý berende çaýyn atman goýmasyn, Bishiren tagamy lezzetli bolsun. Dogduk depesiniň bilbili Çary, Saýlapsyň,alypsyň mynasyp ýary. Ýar gadyryn bilmek -är kishiniň käri, Elmydam dilleriň sherbetli bolsun. Oňat gelin oňat ýigide täç bolar, Iki oňat-egsimeýän güýç bolar, Bir tarapyň oňatlygy hiç bolar, Iki tarapyň-da sögetli bolsun. Eçil bu gün Tüýli gardash,Täç daýza, Bu gün malyň gysganmagyn hiç daýza. Myhmanlaryň bolmasyn aç daýza, Nahar dasha! Myhman gurbatly bolsun! Kerim Gurbannepesow "Gelin toýunyň gutlagy"
Gelin toýunyň gutlagy
-
URGENCLI
13 years ago
- sagbol goşgy üçin
-
ependi
13 years ago
- aladin sagbol
-
mirasymyz
13 years ago
- Sagjabol ALadin dost.
-
turkmenntug
13 years ago
- sagja bol.alladin dost.
-
ozik
13 years ago
gowy goshgy. Menden plyus
-
Jemka91
13 years ago
- Kerim agadan gowja tost. Sagbol Aladin ses bermek $ans'ym bolsady + goýardym ;-)
-
Bibisara
13 years ago
- beter gowja gosgy
-
garly007
13 years ago
- (+)
-
Merw92
13 years ago
- myhmançylykda aýdylan tost
entek sadalykdan zyýan çeken ýok,
sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz.
geçsin ýazlaryňyz hereket bilen,
bereketli gelsin tylla güýzüňiz
törüňizde hemişelik guralan,
ýumşak sallançagyň ýatmasyn bady.
saçagňyzda çörek, duz haltada duz,
söznmesin ojakda ojaryň ody.
duluňyzdan gelin baksyn aý bolup,
tüýnügňizden gelin bolup, aý baksyn.
ýaman niýet bilen işikden giren –
ýagşy niýet bilen işikden çyksyn!
gurbannazar eziz
ALADIN 13 years ago- Herkime shu goshgydaky ýaly gelin(ýar) arzuw etýän :)