Size Abdyl Kadyr hakdaky gürrüňi diňlemegiň gyzykly boljakdygyny men bilýärin. Onuň ata- enesi ýogalypdy. Ol wagt Abdyl heniz iki hem ýaşamandy. Olar öz ogluna uly baýlyk we birnäçe jaýlary miras galdyrdylar. Çaga we onuň emlägine kakasynyň dogany hossarlyk edip ugrady. Adaty şertlerde şeýle ylalaşyk doly amatly bolardy. Emma Abdylyň daýysy örän zalym adamdy. Ol çagany başga bir daş erdäki garyndaşlarynyňka iberdi, olar-da çaga barada hiç bir alada etmeýärdiler. Soňra daýysy Abdyl Kadyr ölüpdir dien myş- myş ýaýratdy. Ol özüniň şahsy isleglerini kanagatlandyrmak üçin Abdylyň emlägini satyp, pullary harçlapdy.Abdyl ulalanda ol özüniň adamlaryň rehmine mätäç, öýsüz-öwzarsyz etimdiginegöz etirdi. Şu döwürden başlap, ol bir döüm çörek üçin meýdanda agyr zähmet çekmelidi. Şonuň netijesinde ol zordan okamagy we ýazmagy öwrendi. Ýyllar geçip, Abdyl ýigrimi iki ýaşady. Bir gün giç agşam, eke özi öýünde otyrka, oňa öz adyna iberilen bir bukja gelip gowuşdy. Ol –hatdy! Siz onuň togunmasyny bir görsediňiz! Ertesi ol meýdana gelensoň, töwerekde hiç kimiň görmeýändigine göz etirip, bukjany açdy we kynlyk bilen okamaga durdy: Hormatly Mübärek ogly Abdyl Kadyra: saňa parahatlyk bolsun!Haty ýazýan men-Abdyl Eziz, ejeň dogany. Birnäçe ýyl ozal men seniň nähili ýagdaýlara düşendigiňi eşitdim. Seniň diridigiňe men şatlygymdan iki bolup bilmedim, çünki sen meniň tenimden ten we ganymdan hem gansyň. Meniň ýüregim saňa ýüzlenýär. Gadyrly Abdyl Kadyr. Kakaň saňa goýup giden mal-mülkünden mahrum eden duşmanlaryňyň arasyndadygyňa sen heniz güman hem etmeýärsiň. Men şeýle gynançly hakykat barada eşidenimde, ene-de saňa degişli bolar ýaly, seniň emlägiňi yzyna satyn almagy karar etdim. Indi, köpýyllyk tagallalar bilen men uly töleg tölänimden soň, seniň ägirt uly emlägiň babatda dokumente eýe boldum. Ol document Kazynyň elinde, onuň adyny we adresini hatyň ýanyna goşandyryn. Ol dokumentde seniň eke goluň kemlik edýär we şonda ähli emläk seniňki bolar. Indi bolsa şu haty al-da Kazynyň ýanyna bar we özüňi tassykla. Ertesi biz duşuşanda bile şatlanarys. Beýlezady Abdyl öz ömründe hiç haçan eşitmändi. Ol namä ynanjagyny bilenokdy. Ýaş, garyp ýigit galan ömrüni bir döwüm çörek ugrunda gul ýaly geçirmelimi? Ýa hakykatdan hem ol ägirt uly baýlygyň eýesimikä? Şeýle howsala düşenligi üçin ol haty näçe gezek okandygyny hem bilmeýärdi. Ahyr soňy hojaýyn görmez ýaly ol haty daşyň astynda gizledi. Emma ertesi irden ol ähli zady hojaýynyna gürrüň berdi. Hojaýyn güýçli gazaplandy. “Sen nähili samsyk ýigit! Sen, name, dünýäde Abdyl Kadyr eke men diýip pikir edýäňmi? Bu hat seniň üçin däl, başga bir Abdyl Kadyr üçin nietlenen”. Muňa ýaş ýigit, şeýle jogap berdi: “Şeýle bolmagy-da mümkin, ýöne her halda hatda meniň hem adym bar. Men ol ere giderin we ähli zatbarada bilerin, soňra name boljagyny göreris!” HojaýynAbdyl Kadyry haty görkezmäge yryp ugrady. Hatda onuň haýbat atmagy hem biderek bolup çykdy. Gün ýaşmazynyň öňüsyrasynda Abdyl Kadyr haty gizlän erine gizlinlikde geldi. Ol ony öwran-öwran okap çykdy. Şol agşam nahardan soň, käbirleri Abdyl Kadyra şeýle diýdiler: “Ýigit, bizi diňle- de, parasatly maslahaty Kabul et. Saňa gelen ol hata ynanma. Kimdir biri seniň üstünden güljek bolyp, seni aldaýar. Bu hat ýalan we ondaky gol hem galp. Biz haty getiräý, biz onuň toslamadygyny subut ederis”. Bu gezegem Abdyl Kadyr olaryň aýdanyny etmedi. Ýaşulylar örän gaharly bolsalar-da, hiç zat edip bilmejekdigini duýdular. Şeýle hembolsa, ýaşulylar Abdyl Kadyryň ýüreginde şübhe döretdiler. Aýdaly olar dogrumyşyn. Ertesi ol bazaar gidend adamlardan bu barada soramagy ýüregine düwdi. Köpsoraglap, ahyr soňy hatyň iberilen eri barada bilýän adamy tapdy. Ol dam bir ýyl mundane öň ol şäherde bolan eken. Gürrüňini dowam etdirip, ol adam şeýle diýdi: “Ol şäherde Abdyl Eziz atly bir adamýaşaýar. Şäher adamlary onuň aýratyn häsietli we oňat adamdygy barada gürrüň edýärler. Olaryň aýdyşyna görä, ol örän gurply adam, ýöne soňky bir ýylyň dowamynda güýçli işläp, girdejisini nähilidir bir geň maksat üçin süýşürip, özi garyp ýagdaýda ýaşapdyr”. AbdylEziziň agyr zähmetiniň maksady gürrüň berýäne düşnüksiz ýaly bolup görünsede, Abdyl Kadyr muňa düşünýärdi. Onuň ýüregi umyt we şatlyk bilen güpürdäp, şu wagta çenli bilmedik duýgulary başdan geçirýärdi. Ol Abdyl Eziziň agyr zähmetiniň maksadynyň söýgüdigini bilýärdi. Onuň ozone, Abdyl Kadyra bolan söýgüdi. AbdylKadyr ol şähere gitmäge hyýallanýandygyny ene bir ýola hojaýynyna bildirdi. Hojaýyn türmä basaryn diýip, ene-de haýbat atdy. Ol şeýle hem etid. Emma Hudaý Abdyl bilendi. Ol diwaryň aşagyndan çykalga etmek üçin gije güýçli işledi. Çykalga edip, ol gaçdy. Aýyň ýagtysynda gizlän hatyny tapdy-da, Abdyl Eziziň şäherine ugrady. Adamlardan ugur sorap, birnäçe hepdeläp ýol ýörenden soň, şähere etdi we Kazynyň öýüni tapdy. Eden syýahatynda ol ene- de ençeme gezek haty okady! Hat ony ruhlandyrýardy, umyt berýärdi. Kazykakylýan gapysyny açanda gözi düşen ýaş ýigidi uly emlägiň eýesine meňzemeýärdi. Abdyl Kadyr ýola azyk almak üçin özüniň bar bolanja ähli zadyny satypdy. Eşigi ýyrtykdy, aýagy ýalaňaçdy, emma şeýle hem bolsa Kazy Abdyl Kadyryň özüniň tanyş edip, haty görkezmeginden hoşal boldy. Ol: “Sen gowy edipsiň” diýdi. “Abdyl Eziz seni gelmäge mejbur edesi gelmedi. Özüniň beren wadasyna ynanyp, seniň şeýle ýoly söküp gejekdigiňi bilmek isledi. Şondan soň sen öz emlägiňe eýe bolup bilerdiň”. Şol gije ýatanynda Abdyl Kadyr özüni nähili duýýandygyny siz göz öňüne getirip bilersiňizmi? Ýok, ol bularyň düýş däldigine doly ynanmalydy. Ol hakykatdan hem uly baýlygyň, birnäçe jaýlaryň eýesidi. Ol özüniň täze emlägini dogry ulanjakdygyna wada berdi. Şolgünden başlap Abdyl Kadyryň şatlygy barada we özünde bar zatlaryň gözelligine guwanyşy barada aýdyp oturmagyň geregi ýok. Emma ähli zatdan artyk ol Abdyl Eziz bilen duşuşjak gününi arzuw edýärdi. Sebäbi ol özüniň ähli emlägini hut Abdyl Eziziň satyn alayp, sowgat edendigini ýatdan çykaryp bilmeýärdi. Hakykatda ol satyn alyjyny satyn alnan zatlaryndan gymmat hasaplaýardy!
Uzak yurtdan hat
-
Demokrat01
13 years ago
- “Emma Ol Özüni Kabul
edenlere, adyna iman
edenlere Hudaýyň
ogullary bolma hakyny
berdi.” (Ýahýa 1:12)
“Şeýlelikde, senindi gul
däl-de, ogulsyň. Ogul
bolsaň onda Isa Mesih
arkaly Hudaý seni
mirasçy hem
edendir.” (Galat. 4:7
-
donmax
13 years ago
- shunýaly kän hat ýazma gaýrat gyzykly bolsada
-
mensylap
13 years ago
- sagbol paylashanyng uchin!
-
ependi
13 years ago
- sylap özüň ýazyp özüň sagbol diýmäň nämaý bizarow seň boş gürrüňleňden bolgusyz temalaňdan doýdumda
-
mensylap
13 years ago
- namesini men yazdym, men goyamok muny. Muny goyan dostymyz demokrat01!
Ondan bashgada namesine bizar boldung munyng, okap owrenip goray manysyna goz yetir dostym, janyng halas bolar! Hudayyng soygusini, rehimini, merhemetini ret etme!
-
ependi
13 years ago
- seň hudaýyňdanam hudaý bormy näme ýalan sözläp adamlary azdyrjak bolýaň hudaý diýýäniň isa mesihmi ýalan gürrüňler maňa isa mesihiň merhemetem rehimem söýgüsem gerek däl özüňe nesip etsin
-
idealman92
13 years ago
- Gonduras,geldiñmaý ýene?Biz MUSULMAN how,ALLA ynanýarys!
-
mensylap
13 years ago
- Mening Hudayymdn name uchin Huday bolmasyn,?
-
mensylap
13 years ago
- Idealman92, Musulmana hem gutulysh gerekdir, sebabi isa Mesihe iman etmedik goni dowzaha hokum edilyar. Janyng dowzahda yanmagyny isleyarmising?
-
ependi
13 years ago
- sebäbi ol seň isa mesih diýýäniň adamow düşünýäňmi adam adam, adamdanam hudaý bolarmy samsykmow sen mal ýaly şol bolgusuz zat ýazyp ýörsüň ertir.com-da saňa ýüz berenoklar indi bärik geldiňmi, öz bolgusyz diniňi islemejeklerede hödürläp ýürege düşýäň, biziň hemmämiz ýeke täk allanyň gullarydyrys.
-
ependi
13 years ago
idealman92, musulmana hem gutulysh gerekdir, sebabi isa mesihe iman etmedik goni dowzaha hokum edilyar. janyng dowzahda yanmagyny isleyarmising?
o näme poh iýýäňeý näme sen gidip geldiňmi hamala gidip gelen ýaly gürleýäň isa mesihe men ynanamok, seň ... men goýýan bir agyz bolýamy!
mensylap | 2011-10-03 11:12:39
-
mensylap
13 years ago
- Isa Mesih yne Adam dal, dost, Ol Ynsan bolup gelmanke hem Bar Bolandyr, Hudayng Baky Sozudir! Isa Mesih "YOl, Hakykat we Yashayyshdyr!"
-
mensylap
13 years ago
- Kiming name iyjekdigini wagty gelende bilersing, Isa Mesihi ret edening uchin Hosh Habara "erbet sozler" aydanyng uchin sening barjak yering dowzah eger gunalering uchin toba edip Isa Mesihe Halasgardigine ynanmasang!
Sening yslamyng hem komek etmez!
-
ependi
13 years ago
- adamow şol ölýänem bolsaň
-
mensylap
13 years ago
- men adam dal diyemok dost, hawa Ol Adam bolup yashady, yone Ol ong hem Bar bolandy, sen shunga bir dushunyarmising?
-
idealman92
13 years ago
- Sylap,seni ýola salmak kyn bolaraý,eger salyp bolsa konechno!Seniñ Hudaý diýýäniñ adam,ony urup,depip we s.m edip bolýar!Dü$üneñokmy?
-
mensylap
13 years ago
- Bolupdyr, sanga mening sozum yok, sening yalylar dowzaha hokum edilen adamlar, shol diyyan yeringden asylarsyng, "agzyngdan chykan sozler" bilen hem hokum edilersing!
Sen manga zat yazma bu tayda, men yazyan zatlarym hem sening yaly dowzaha hokum edilenler uchin dal-de, hakykaty gozleyanler uchindir!
-
idealman92
13 years ago
- Alla bolsa beyle dal!Ponyatnamana?
-
mensylap
13 years ago
- Idealman, Hudayyng Sozuning Ynsan bolup gelmegi, Ozuni kicheltmegi, urulmagy we sogulmegining hemesi seni halas etmek ucin, adamzady gutulysha yetirmek uchindi! Bu Onung ejizligi ucihn dal, Ozuning bizi halas etmek ucin shol yoly saylanlygydyr!
-
ependi
13 years ago
- sylap şu zatlar üçin amerika saňa näçe töleýä?
-
mensylap
13 years ago
- manga hich kim zat tolanok, yalan zady aydyp tohmet atma!
-
ependi
13 years ago
- boýnuňa alsanow töleýäler hiç kimiň ýanynda gürlejek däl aýtsana:D
-
ependi
13 years ago
- ýalan sözleýäniň üçin isa mesih seni baş aşak sallap asar dogryňy aýt
-
idealman92
13 years ago
- Boldy,Kerim.
-
ependi
13 years ago
- sylap bar gitde kasoýyň "çaý-çaý" aýdymyny diňlede ajyja gara çaý iç:)
-
mensylap
13 years ago
- men shu wagt gok chay ichip otyryn! :)
-
ependi
13 years ago
- kasoýam diňle onda bet gider
-
mensylap
13 years ago
- nirede dinglap bolyar ony?
-
ependi
13 years ago
- tolkunfm.com-da bardyr
-
mensylap
13 years ago
- sagjabol Ependi dost! :)
-
ependi
13 years ago
- bolýa senem:)
-
bellaragazza
13 years ago
- seň hudaýyňdanam hudaý bormy näme ýalan sözläp adamlary azdyrjak bolýaň hudaý diýýäniň isa mesihmi ýalan gürrüňler maňa isa mesihiň merhemetem rehimem söýgüsem gerek däl özüňe nesip etsin
ependi | 2011-10-03 11:02:09
Hey ependi demokrat diyenoga Isa Mesih bizin hudayymyz diyip. yok ol Hudayyn adamlar halas bolup huday barada hakyky bilgi almaklary ucin isa mesih iberildi diyip yazdi. Gurlejek bolsan ilki bilen mukaddes kitaby oka, onson gurle. eger hudayyn iberen pygamberlerine hormat goymayan bolsan, gowsy gurleme.
-
ependi
13 years ago
- men senden zat soramok ýuwulmadyk çemçe ýaly sokulmasana
-
bellaragazza
13 years ago
- Demokrat sagbol yazan yazgyn ucin. sebabi adamlar dogrudanam huday barada ve onun iberen kitaplary hakkinda ve iberen pygamberleri hakkynda bilmeleri gerek. Hawa mukaddes kitapta yazylsy yaly Yahya 17:3 "baky yasaysy eyermek ucin ilki bilen seni yalnyz hak hudayy ve senin iberen isa mesihi tanamakdyr"
Yahya 17:17 "sen sozun hakykatdyr" diyip yazykly. Yalnyz hudayyn adamlar ucin iberen kitaplary okamap ve durmusunda ulanmak gerek. eger hudayyn sozuni dine okap adam durmusunda berjay etmese hudayyn isleglerini, onda onun imany ve ybadaty hic.
sebabi seytanam ve jynlaram ynanyarlar huday barlygyna, yone janyn ruhsyz nadip oli bolyan bolsa imanam is yuzunde bolmasa oludir.
yenede senin gyzykly yazgylaryna garasyan. bye
-
ependi
13 years ago
- kaapyrlar köpelipdir doýdum şulardan
-
bellaragazza
13 years ago
- ependi sokuljak sebabi sen hudayyn pygamberlerine hormat goyanok. Eger sen olara hormat goymayan bolsan onda nadip sen hudaya hormat goyyan diyip bilyan. sebabi huday adamlar bilen pygamberlerin usti bilen gurlesdi.
ve egerde isa mesih adamlary soymedik bolsa onda ol yere gelmezdi ve adamlaryn umydy bolmazdy gelejege. Sebai isa pygamber yere gelip adamlara Huday barada hakykaty aytdy, ve bilesin gelyan bolsa Gurhanyn ozem towrat zebur ve injili okamaga howeslendiryar. sebabi sol kitaplarda Alla barada hakykat ve Huday adamlar ve yer ucin name niyet bilen doredendigi yazylgy
-
ependi
13 years ago
- e bolýa nerwimi oýnamasana men sylaby seň ýaly şu gün tanamok maňa akyl satma
-
bellaragazza
13 years ago
- yok ependi. sana akyl satjak bolamok. sen seylede akyllydyrsyn ozunce.
meni gyzyklandyranok sen sylaby hacandan bari tanayanlygyn, sen hudayyn pygamberlerine bolan hormatsyzlygyn gynandyryar meni. :((
yaman nerwynyy ekenin nerwini aya belki gelejekde gerek bolar. hahahaha
-
Friendship
13 years ago
- Bellaragaza, eger sen demokrat01-iñ näme diyjek bolýanyny bilmeyän bolsañ, ertir.com'daky "sylapmen" agzañ yazyan yazgylaryny okamagy maslahat beryän. Ol Injili, Töwraty ykrar etyär. Emma Gurhany inkär edýär. Ol Isa Mesihi Hudaýyñ ogly hasap edyär. Emma Muhammet Pygamberi inkär edyär.
-
ependi
13 years ago
yok ependi. sana akyl satjak bolamok. sen seylede akyllydyrsyn ozunce.
meň dinimi sylamadygy menem sylamok
meni gyzyklandyranok sen sylaby hacandan bari tanayanlygyn, sen hudayyn pygamberlerine bolan hormatsyzlygyn gynandyryar meni. (
yaman nerwynyy ekenin nerwini aya belki gelejekde gerek bolar. hahahaha
bellaragazza | 2011-10-05 12:57:33
-
mensylap
13 years ago
- Ependi sening dining barada hakykaty aydan adam, sylamazlyk eden bolyarmy? Eger men yalan zady aytyan bolsam onda sylamazlyk bolup biler...
-
ependi
13 years ago
- sen ýalan zat aýdýaň
-
Demokrat01
13 years ago
sagbol paylashanyng
uchin!
mensylap | 2011-10-03
10:27:12
Size-de sagbol Mensylap! Hakykata goz yetirmezlik oran ayylganch netijelerini olumden songra bermanka goz yetirmek gerek.
-
Demokrat01
13 years ago
sylap özüň ýazyp özüň
ependi, ol yazgyny Mensylap yazmady, men yazdym. Tohmet atmaga itergi berjek aldawchy we yalanchy sheytandan aga bol!
sagbol diýmäň nämaý
bizarow seň boş
gürrüňleňden bolgusyz
temalaňdan doýdumda
ependi | 2011-10-03
10:31:24
-
Demokrat01
13 years ago
demokrat sagbol yazan
yazgyn ucin. sebabi
adamlar dogrudanam
huday barada ve onun
iberen kitaplary hakkinda
ve iberen pygamberleri
hakkynda bilmeleri gerek.
hawa mukaddes kitapta
yazylsy yaly yahya 17:3
"baky yasaysy eyermek
ucin ilki bilen seni yalnyz
hak hudayy ve senin
iberen isa mesihi
tanamakdyr"
yahya 17:17 "sen sozun
hakykatdyr" diyip yazykly.
yalnyz hudayyn adamlar
ucin iberen kitaplary
okamap ve durmusunda
ulanmak gerek. eger
hudayyn sozuni dine okap
adam durmusunda berjay
etmese hudayyn
isleglerini, onda onun
imany ve ybadaty hic.
sebabi seytanam ve
jynlaram ynanyarlar huday
barlygyna, yone janyn
ruhsyz nadip oli bolyan
bolsa imanam is yuzunde
bolmasa oludir.
yenede senin gyzykly
yazgylaryna garasyan. bye
bellaragazza |
2011-10-05 12:23:12
Ozunge hem sagbol bellaragazza! Gunali yashayyshdan Isa Mesihe iman arkaly halas bolmagymyz we onga ahli ildeshlerimizing hem eye bolmaklygy uchin hakykaty sozlemek bilen Hudayyng dogrulyk yoluna barmagymyz zerur.
-
Jasmin91
13 years ago
- Biz musulmanlaryn pygamberimiz muhammet uyyan kitabymyz gurhan a isa nireden gelyäräy
-
klubnika
13 years ago
- hudayyn dog.k yoluna barmagmyz un bize gurhany okamak we pygambermiz s.a.w mi dinglemegmiz gerek elbetde injilem allanyn iberen kitaby yone gecmisde onga uytgesme girizilen diyp estdim shon un injilden bize mysal getirmesen gowy bor bu tayyy yeri dal.
-
bellaragazza
13 years ago
- Klubnika sen gurhany okayanmy? eger okayan bolsan onda sen hudayyn gozunin onunde adamzadyn tozdygyna ylalasyandyrsyn. sebabi eger bizi huday yaradan bolsa onda ol, adamlara yol bermez onun mukaddes sozuni uytgetmane.
adam name huday gozunde? hic zat. ve sonun ucin adam hudayn sozuni utgedip bilmez.
ve in gowusy naman cyn ve naman yalandygyny bilesin gelse, haysy bir esten zadyna ynanyp oturmaly dal. ozun barlagdan gecirmeli.
ve eger mukaddes kitap uytgedilen bolsa, onda name ucin hic kim su wagta cenli onun uytgedilenini subut edip bilmedi??? nace kritikler boldular, nace dawalar boldy, yone birem aydanlaryny subut edip bilmedi.
bu hudayyn sozyne munkurlugi seytan doretyar. sebabi ol adamlaryyn huday barada ve onun niyeti barada adamlaryyn bilim almagyny islanok. sonun ucin ol adamlaryyn gozuni hakykata garankatlatyar.
-
idealman92
13 years ago
- Ynandyryjy.sozler
-
klubnika
13 years ago
- men ony mesjitde ymamdan eshtdim.so yerde yalan sozlenmejegi kore belli her kim oz isi bn bolsun meng aladamy etme.ok
-
Ayjagash
13 years ago
- Adamlar gohunyz nama. Kimin haysy dine uyyanyna bilemok. Yone esasan turkmenlera yslam dinine uyyarmyka diyan. Her kime oz pikiri dogry. Shon uchinem gohyn peydasy yok. Biri birinizin gownunize degip guna gazanyandygynyzy pikir etmedinizmi?!
-
mirasymyz
13 years ago
- Gadyrly agzalar şulaň temasyna zat ýazjak däldim. Gaýrat edip şulaň temasyny okamaň. Adamlary ters ýola itermäge synanyşýanlar bular. Men dogrusy şu temany okamadym. Ýöne Mensylaby gaty gowy tanaýan. Käbir berilýän soraglarda şol bir tutan sözüni gaýtalap dur. Mensylap teswirler.com-da bir gezek özüne dinsizem diýdi. Bu tmolympiadda diplomat, teswirlerde sylapmen diýilýän agza. Gaýrat edip şulaň ýagny, mensylap, demokrat01, bellaragazza üçüsiniň temasyna gözüňizem aýlamaň. Bir ýalňyşlyk göýberseňiz, ömürlik, baky ýalňyşdygyňyz bolar. Meň ýazgymdan soňam birzatlar ýazar, ýöne bulara tmolympiadda, ertir.com-da jogaplary berildi. Aldanmaň, aldanmaň, aldanmaň...
-
byagulechka
13 years ago
- Mirasymyz bagyshlan velin men dusunmedim bular basga dinin vekilimi?ya-da men yalnyshyanmy mena basda bilman okadym erbet zat yazylmandyra menin dushunshime gora
-
mirasymyz
13 years ago
- Mensylap diýilýän hristiýan dininiň protestant görnüşinden. Ertirler.com-da Pygamberimize s.a.w. we Kurany kerime dil ýetirip mowzuklar hem açdy. Bilip goýaýyň diýdimd-ä.
-
byagulechka
13 years ago
- Hmmm sag bolun duyduryshynyz ucin men koplenc din ugrundan movzuk acmana ya da gurlemane gorkyan yene bir gezek sag bolun
-
Ennio
13 years ago
- Мирасымыз, бу ерде хич хили эрбетчилик ёк. Мен бирначе вагт бари сизин дашыныздан сынлаярын, сылап хер геплейан гепини доказад эдйар. А сиз болса олара гаршы тохмет атяныз. Барыныз булам–бужар боляныз доказад эдип билман. Оны тес комдакы язгылар хем айдяр.
-
klubnika
13 years ago
- mirasymyz minnetdarlyk bildirýän!
-
mirasymyz
13 years ago
Мирасымыз, бу ерде хич хили эрбетчилик ёк. Мен бирначе вагт бари сизин дашыныздан сынлаярын, сылап хер геплейан гепини доказад эдйар. А сиз болса олара гаршы тохмет атяныз. Барыныз булам–бужар боляныз доказад эдип билман. Оны тес комдакы язгылар хем айдяр.
Ennio | 2011-10-06 18:39:41
Ennio dostum, dokazat edýänini nirden bilýäň. Aýdýana ol şol bir tutanyny tutup dur. Hudaý 3sany diýýär. Hudaý wezipesini taşlap isa mesih bolup doguldy diýýär we adamlar ýaly ýaşap öldi diýýär.
Allah hiçkimden dogulanam däldir, ölýänem däldir. Allah hiç bir zada mätäjem däldir. Her bir zat Oňa mätäç, ol hiç bir zada mätäç däldir. Ne dogular. ne-de dogar.
Onsoňam dostum ennio, seni tanaýdym öýdýän.
-
Ennio
13 years ago
- Ол докозад эдйар Мирасымыз. Инжилден, Гурхандан ве бейлеки китаплардан хем мысал гетирйар. Сылабын пулуна тутуландыгы барадакы геплере мен асла ынанмаярын. Себаби бейле задын асла субутнамасыны айдын соз билен айдып билжек ёк. Умуман ене жедел болжак, гыбат болжак. Сен мени танапсын Мирасымыз. Шу адресде мен сана гарашян
opera_1@bk.ru
-
mensylap
13 years ago
- byagulechka ildeshim, sen Mirasymyzyng hem slyapmening hem shahsy pikirlerine seretme, hakykaty biljek bolsang okap owren, ozung oylanmagy owren! Eger mening diyyanlerim hakykata layyk gelmeyan bolsa onda manga ynanma, her bir zada ynanmakdan ongurti bolsa hokman ozung oylanyp owrenip songra ynan!
Chunki "hakykata" garshy chykyanlar gaty kopdur we seni hakykaty bildirmekden saklajaklar hem bardyr Mirasymyz yaly. Mysal uchin men "Isa Mesihe" ynanyan birine, sen pylanynyng aytyanlaryna gulak asma yada okama diyemok, sebabi Isa Mesih ozune iman edenlering dushunip, ozleri islap yzyna eyermegini isleyar! Bu sebapden ozung oylanyp chozgut chykarsang gowy bolar!
-
mensylap
13 years ago
- Mirasymyz yalan zady aydypsyng, men hich hachan hem Huday uch sany diymedim! Huday Biribardyr, yone Ol barlykda Bir bolup ozuni adamzada Uch ayratyn Shahsyyetde ayan edendir. Netijede Birbar Huday shol Birliging ichinde ayratyn Uch shahsyetden duryandyr. Munga "UCHBIRLIK" diyilyar "uchluk" diyilenok, yslam Isa ynanyanlar "uchluge" ynanyarlar diyip hasap edyar we hatda muny hem nadogry dushundiryarler, yagny yslam boyuncha "uchluk" Ata, Ogul, Bibi Meryem". Bu duybunden nadogry dushunjedir, chunki Mukaddes Yazgylar boyuncha bu "uch hudaylyk" dalde, "Uchbirlikden" ybarat bolan Birirbar Hudaydyr we olar Ata (bu ruhy manyda yagny Yaradyjy Bash hokmunde, Soz yada Isa Mesih we Mukaddes Ruhdan" ybaratdyr we bular BirHudaylygy emele getiryar. Elbetde adamzadyng angy Hudayyng gurlushyna doly goz yetirip bilmez, shonda-da bizing bilyan dunyamizde hem kabir mysallar bar munga, men olary ong hem yatlap gechipdim!
Mirasymyz yene bashga yalan zady aydyanyng we bu yalanygn sening Kuranynga esaslanayar, hich hachan hem men Huday dogulypdyr diymedim, yada Huday birzada matachlik chekyar hem diymedim, Huday oylenipdir hem diymedim, beyle dushunje asyl shirk bir dushunje....yone gynansakda Kuran we musulmanlar shu pikiri onge surup, Isa Mesihe ynanyanlary yalan zatda ayyplap gelyarler. Hudayyng bolegi bolan yagny Baky Sozi, Oz yaradan dunyasine girip gelmegi bu Hudayyng dogulandygy daldir, yone Oz gutulysh maksadyny berjay etmek uchin bizing derejamize dushmegi we bizi halas etmegi Huday islan bolsa munda name terslik bar...
Bolyar bu zatlar sening gunang dal Mirasymyz, sening eyeryan taglymatyng we bu dunyade hokum suryan guychleringki sebabi olar sening kalbyngda shubhe doredip, gutulyshdan yagny Hudayyng belent soygusinden, rehiminden we merhemetinden mahrum galmagy isleyar!
-
mensylap
13 years ago
- Name Kuranyng Allahy Isa Mesihe ynanyanlaryng name ynanyandyklaryny bilmedimika, yada bu umuman Hudaydan bolman, Muhammeding dushunjesi bolaymasyn....eger bu Muhammeding dushunjesi bolsa-da bu hem gelip nadogry dushunje!
-
mensylap
13 years ago
- adamlar nadip "garangky zatlara" ynanyp bilyarler, hayran galaymaly!
-
ependi
13 years ago
- .... sylap!
-
klubnika
13 years ago
- Oha, sen indi wap$e bolduñ gaty gitdiñ bo$una der dökme ba$a barmaz nea
-
ependi
13 years ago
- hany men yazan sozum pozupdyr bira mlya
-
ependi
13 years ago
- kublinka mana diyyanmi
-
klubnika
13 years ago
- Ýola ependi sylaba diýdim
-
mensylap
13 years ago
- klubinkajan namesini gaty gitdim, aydaysana?
-
Jemka91
13 years ago
- Sylap Akyl,iman tema bar $onda aýdarn
-
Miskin
13 years ago
- Ennio
Мирасымыз, бу ерде хич хили эрбетчилик ёк. Мен бирначе вагт бари сизин дашыныздан сынлаярын, сылап хер геплейан гепини доказад эдйар. А сиз болса олара гаршы тохмет атяныз. Барыныз булам–бужар боляныз доказад эдип билман. Оны тес комдакы язгылар хем айдяр.
Hawa ennio!
Sen biriniň başga biriniň şahsy ynanjyna sokuljak bolup =Ynha meniňki dogry siziňki ýalan= diýmegini gowulyk diýip bilýärsiňmi? Her kim öz dogrusyny başga ynançlara dil ýetirmän aýtsa bolmaýarmy?
Dogrusyny Sen daşyndan synlaýan bolsaň gowy tejribe edinensiň men-ä iki aý töweregi şu (tmolympiad,teswirler, talyplar)saýtlarda.
silap her gepini öz kitapLARyndan " dokazaýyt= edýär, diýýäň.
Biz öz kitabymyzdan subut edýäris. Onsoň ol biziň Kitabymyzy kabul etmän diňe öz kitapLARyny delil getirip biziňkä =ýalan, delilsiz= diýmegine töhmet diýmeýärsiňmi!? bu bir taraply Adalatsyz garaýyş bolmaýarmy?
Saňa birnäçe soraglarym bar, bulam-bujar etmän tertip bilen kanagatlanarly jogap berersiň diýip umyt edýärin.
1.sorag seniň Hudaýyň kim?
Onyň nähili Atlary we Sypatlary bar?
Galan soraglar hem şuňa bagly bolup durýar.Sebäbi ýer ýüzünde ynanç köp biri Sygyra, biri Oda, biri Buta, biri Adama Hudaý diýip ýa-da Hudaýy bölekläp Ataly,Ogully edip ýören hem bar.
Meselem biri Butparaz ýa-da Müşrik bolsa onda men onuň bilen dinim, ynanjym aýry bolansoň galan dini meseleler hakynda gürrüň edip bilmerin.
Ol gowja hekaýadyr, rowaýatlar we wagyz-nesihatlar köp dinlerde hem bardyr. Esasy zat her kim ilki bilen Hudaýyny saýlap, ynanmagy.
Onda =ennio=senden jogaba garaşýan. Soň ýene soraglarym bar.
-
sweetbala
13 years ago
- mensylap sana soragym bar'hudayyn sozunin ynsan bolup gelmegi,ozuni kicheltmegi,urulmagy sogulmegi hemmesi seni halas etmek u.n,gutulasha yetirmek un'diyipsin isa(r.a) urlanda ,ejiz dushende ,gorkaklyk bolmaya muhammet(s.a.v)magara girend jebrayyl perishde gornende oyune gelip hz.hatyja ustumi ort diyend gorkaklyk bolyamy!isa mesih diyanin huday dal,Allan oglam dal.allah ejizlemeya islese hemme zady yer bln yegsan eder isa(r.a),muhammet(s.a.v)da pygamber
Demokrat01 13 years ago- Gadyrlydostum, mende
seniň adyňa uzak ýurtdan
gelen hat bar. Bu hat-
gökden gelen Mukaddes
Injil. Ol seniň üçin
Hudaýyň gökde taýýarlan
mirasy hakda gürrüň
berýär. Ol çüýremez
mirasdyr, erdäki
wagtlaýyn baýlyklara
meňzeş däldir, arassadyr,
kämildir we ebedidir. Şol
ebedi mirasyň
hazynalarynyň arasynda-
günäleriň geçilmegi, täze
ýaşaýyş we Hudaý bilen
ýaraşyk bardyr. Özüniň
gökdäki mirasyny saňa we
ähli adamzada Hudaýyň
eýýäm wesýet edendigini,
sen bilýäňmi?
Buhatda şeýle hem
Hudaýyň ol mirasy seniň
üçin nähili edip
taýýarlandygy barada
aýdylýar. Onda seniň üçin
Hudaýyň Isa Meishih agyr
jebirlere iberendigi
aýdylýar. Seniň bähbidiň
üçin Isa Mesih Göklerdäki
Patyşalygynyň şöhratyny
hem-de baýlygyny taşlap,
Özüni gurban berdi. Ol Öz
janyny seniň üçin
bermäge ynsan kimin bu
dünýä geldi. Onuň
ölülerden direlmegi bolsa
Onuň mirasynyň
hakykatdan saňa
degişlidigi baradaky
Hudaýyň beren
subutnamasydyr.
Emmaname üçin Mesih
seniň üçin bu zatlary etdi-
kä? Sebäbi, bu hatda
aýdylyşy ýaly, sen
duşman-şeýtanyň
elindesiň. Ol seniň mirasyň
ogurlamakisledi. Ol seniň
bu zatlar barada hiç zat
bilmezligiň üçin seni
garaňkylykda we
gapyllykda saklamak
isleýär. Hudaýyň seni
söýýänligi sebäpli, seniň
mirasyňy halas etmek we
seni şeýtanyň
zynjyrlaryndan azat etmek
üçin Mesih kän zähmet
çekdi.
Gadyrly dostum, sen
Hudaýyň bu wadasyna
ynanýarsyňmy? Ozalky
günäli ýaşaýşyňy we
şeýtanyň elindäki
gulçulygy taşlamaga sen
erk edip bilermiň? Sen
Hudaýyň berjek bolýan
beýik sowgadyny almaga
taýynmy? Elbetde, bu
zatlar ýalan diýip käbir
adamlaryň seni yryp
ugrajagy şübhesizdir. Olar
seniň ozalky ýaşaýşyň
dogrudygyny subut edip
ugrarlar. Beýlekiler bolsa
bu hat, Injil, seniň üçin däl,
başga biri üçin ýazylan
diýerler. Ene birileri bu hat
hakykydäl, onuň
mazmuny
galplaşdyrylypdyr, ähli
wadalary bolsa-ýalan
dierler.
Her niçik-de bolsa,
gadyrly dost, bu hat ähli
günäkärler bilen birlikde
saňa ýollanandyr. Ony
açyk ýürek bilen üns berip
oka. Haçanda onuň
hakykylygyny göreniňde
we ebedilik mirasyň
gymmatyny bileniňde,
seniň ýüregiň hem edil
Abdyl Kadyryň ýüregi
ýaly özüniň eýe bolan
täze zatlaryna guwanar.
Sen Isa Mesihiň seniň üçin
gazanan günäleriň
geçilmegine, rahatlyga
hemde täze ýaşýaýşa eýe
bolarsyň. Sen hem Onuň
bilen duşyşyga sabyrsyz
garaşarsyň
Hudaýbeýik! Onuň ähli
eden işleri üçin Oňa şöhrat
bolsun!