Ilkinji söýgüden gaýdanda badym, Indi maňa söýmek ýokdur diýýärsiň. Men saňa düşünýän: sen şeýle adam, Bir ömürde ýeke gezek söýýärsiň. Men bolsa bu söze henizem garşy. (şüphe bolmaz ýüregmiň päkdigne). Ynansamam başky söýgiň bardygna, Ynanamok başga söýgiň ýoklugna. Ynha, dymyp dursuň menin garşymda, egniň ketenili, başyň öýmeli. Hany aýt sen, bir gezeklik ömürde Nämüçin biz ýeke gezek söýmeli. özüň dek bir gyzy söýüpdim menem, ol başgany söýdi, ol indi ene. öňküdenem otly, çuň söýgi bilen men ikinji gezek söýýärin ýene. Düzgünmidir ýeke gezek söýmeklik, Gel, onda biz şol düzgüni bozaly. Söýgi kitabyna iki söz bilen: “Başarsaňyz, söýüň!” diýip ýazaly
Ikicak gurrun ...
-
littil
13 years ago
- gowja goşgy sposiba. hasap şu setiri haladym.
ynha, dymyp dursuň menin garşymda,
egniň ketenili, başyň öýmeli.
hany aýt sen, bir gezeklik ömürde
nämüçin biz ýeke gezek söýmeli.
-
Richer
13 years ago
- howwa halyl kulyyew in kitabyndan aldym size yazaydym mena
-
magnit
12 years ago
- berekella
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- basarsan soymeli yone basaryan welin az
-
Ayazdayy
12 years ago
- gowja goshgy sagbol yone soygi name?
-
Jasminka91
12 years ago
- Gowy goshgy,minnetdar yetirenine.
-
makgush
12 years ago
- Gowja goşgy.
-
gunjagaz
12 years ago
- Bet goshgy
ALADIN 13 years ago- Halyl Kulyýew goshgusy.sag bol.
linik