- Men gürrüň bereýin, Gulak goý senem. Hiç haçan adymy Tutmazdy enem. Köçelerde oýnap, oýnap günuzyn. Gelemde diýerdi: Açsyñ sen, guzym! “Köşegim” diýerdi, diýerdi “iner”, Diliňize gurban Bolsaň eneler! -Eje! – diýenimde, Diýerdi “jana!” Nan salyp, okuwçy, Mata bukjama, Meni ýatymlyga ugradýan dek ol Diýerdi “sag git-de, sag-amanja gel!” Fronta ugraljak Şol agyr günem, Meniň öz adymy tutmady enem . Goşhaltama salyp Tapan tupanyn, Gördüm eli bilen ýüzün ýapanyn.. “Mert bol, eje”.. – diýip, Yzyn ýuwutdym, Çaga däl – on ýedi ýaşan ýigitdim. Bu söze has beter Bozuldy käbäm: “Seni öýeribem bilmedim, balam”. Ol maňa bakýardy, Göýä ýazykly, Bu bakyş hem agyr hemem näzikdi. Men turdum... enem hem Des-deň dikeldi, Gujaklanda bir dem demi tükendi. Beýik hesret bilen Birsellem dymdy, Syrylan kelläme Gözýaşy damdy. -Nowbahar perzendim, nowça çynarym! Diýip, bir ah çekdi – yrandy tärim. Meň boýnuma bukaw Boldy goşary, Badaşan dek bolup çykdyk daşary. Uruşdyr. Kim galar, Kimlerem öler. Agram bolsa size düşýär eneler! Moskwaň düýbünde, gazaply gyşda, Bir ölüp dirildim Agyr söweşde. Gardan kepen ýapylypdyr üstüme, Dört sagatdan gelipdirin essime, Gözüm açypdyryn, gijäniň ýary, Otyr başujumda halatly biri. Bir zat diýjek boldum –gurapdyr dilim, Bolsa-da namartlyk etmändir ölüm... Begendim: Ellerim Bitindi bitin! A, sag aýak saralgydy büs-bütin. Ýazmalymy, ýokmy – bolan zat hakda, Zäherli ok galan eken uýlukda. Aýagy kesjekler, bu belli eýýäm, Bir ýazaýyn, birem ýazmaýyn diýýän. Ýüregimde arman, gözlerimde nem, Muny hat-habarsyz duýupdyr enem! Özümden öňürti ýazypdyr käbäm: “Düýşümde bir dişim gopdy-la, balam. Sen bolsa şeýle şat bir gülýämişiň, Jan ogul, ne güne uçrady başyň?!” Men gürrüň bereýin, gulak goý, senem: Öýe gelsem eýýäm... ýok eken enem. Öýde dyzym epmän ýanyna gitdim, Çaga däl, on sekiz ýaşly ýigitdim. Bardym mazarlyga pişegmi süýräp, Süýndüm guburyna maňlaýy diräp. Başujuny saklap, ýatdym günuzyn, Seslenen bolmady: “Sen açsyň, guzym”. A men tebsiräpdim hem örän açdym, Sebäp, ejem ýaşdy, özümem ýaşdym...
Ilki okamda tas aglapdym
-
atly
13 years ago
- gaty manyly goşgy. hiç bolmanda, şeyle agyr günler geçirip watany sag-aman saklap galan mert enedir-yigitlerimizin hatyrasyna bizem watan üçin halk üçin 1-2 bahbitli iş bitirjek bolmaly...
-
def
13 years ago
- gaty gowy
-
betyigit
13 years ago
- bu kiming goshgysyka?
-
ahmetjan18
13 years ago
- Gowy go$gy ekeni
-
jehhi
13 years ago
- Friendship sag bol dost,gaty gowy goshgy eken
-
emir88
13 years ago
- +10",gaty manyly
-
muzazzi
13 years ago
- bet gosgy
-
Abadan
13 years ago
- Gynandymym :-(,gowy adamlar ir yogalyarlar.
-
sahett
13 years ago
- oran gowy gosgy manysyna goz gezdirip doyup bolanok
-
Vasili
13 years ago
- Gaty gowu gosgy eken. Watanymyz ucin jany pida eden gerceklerimize bir ayat okayalyn. Hayyst!
-
Seyranjan
13 years ago
- manyly goshgy... ak suyt beren jan kabelerimizin omri uzak bolsun...
-
ALADIN
13 years ago
- öñem okapdym bir ýerdä nirede okanym ýadyma dü$enok.
Alan çe$mäñ niri?
-
Senem
13 years ago
- Heý'ý...
Dùnýe, dùnýe
-
Friendship
13 years ago
- öñem okapdym bir ýerdä nirede
okanym ýadyma dü$enok.
alan çe$mäñ niri?
aladin | 2011-09-10 09:05:15
salam, aladin! Bu goshgyny olimpiadachylaryñ saýtyndan aldym.
-
Servi
13 years ago
- dogrudanam gowy goshgy,minnetdar friendship!
-
ALADIN
13 years ago
- sag bol.bu go$gyny näce okasañam az,ene hakda go$gular ýenede bize ýetirip dur
byagulechka 13 years ago- Gaty manyly hem govy goshgy friend,ellerine saglyk