Amerikan psihologlary bagtly bolmaklygyň takyk 7 usulyny salgy berýärler: 1. Öz ýakynlaryňyzy söýüň! Öz söýýäniňize wagtyňyzyň köpüsini sarp ediň hem-de ýygy-ýygydan özüňizi bagtly saýyň! 2. Öz söýýän käriňize kän güýç sarp ediň! Eger-de siz öz işiňizi söýýän bolsaňyz, mümkin bolsa, köpräk işläň! Eger-de söýmeýän bolsaňyz, ony üýtgetmäge çalşyň, şeýle etseňiz, ahyrky netijede bu siziň üçinem, jemgyýet üçinem peýdaly bolar. Biz öz durmuşymyzyň /ömrümiziň köp bölegini işde geçirýäris, şonuň üçinem ol wagty bisarpa, bihuda geçirmeli däl. 3. Beýleki adamlara /başgalara kömek bermek üçin güýç-gaýrat, talabedijilik bermek bilen, siz, birinjiden, özüňize sarpa goýmagy artdyrarsyňyz, ikinjiden, özüňizdäki psihiki hem-de fiziki ukypsyzlygy aýrarsyňyz. Netijede durmuşdan lezzet almaklyk güýçlener, bagtlylyga golaýlaşarsyňyz. 4. Bagtly bolmaga çalşyň! Özüňize gözegçilik ediň, anyklaň, oýlanyň, bu häsiýetler sizi keýpi köklüge getirer, sizi begendirer, siz muňa çalşyň. 5. Fiziki taýdan gujurly boluň! Fiziki gujurlylyk sagdyn adama hakyky keýp berýär. Fiziki gujurlylyk adamy kyn ýagdaýlardan halas edýär. Şularyň nepi deger: ylgamak, ýöremek, sportuň islendik görnüşi, tans – şularyň ählisi siziň üçin oňaýlysydyr. 6. Öz durmuşyňyza täzelikleri ornaşdyryň. Çagalykdan bizi uly ynam bilen terbiýeleýärler, bu bize durmuşa göz ýetirmäge ýardam edýär. 7. Bagtsyzlyga uçrasaňyz, özüňizi ýitirip, ruhdan düşmäň. Bu psihologiýanyň üýtgewsiz kanuny: eger siz şu gün bagtly bolsaňyz, onda onuň çöwre tarapynyň barlygy-da gutulgysyzdyr.
Bagtly bolmak hakda
-
Friendship
13 years ago
- Waleykimsalam, agam! Hudaya shükür, yene-de bir okuw ýylyna gadam basdyk öz-ä! Gowumy öz yagdaylaryñ?
-
ADALATLY
13 years ago
- Bizem Allaha šükür gowy. nesip bolsa okuwyňy gowy gutarmagyňy Allah gaýrat bersin.
temaň ün sag bol.
-
Kuraldyshy
13 years ago
- Hmm. Amerkan alymlary üyşüp-çaşyp şu netijä gelen bolsa amal edeniñe deger *** bedbagtlar ü/n. Maslahatyña minnetdar
-
turkmentalyp
13 years ago
- sabyryn gin we bek bolsa durmushda bagtly bolarsyn.
-
Tourist
13 years ago
- Bularyng dogrudanam peydasy degermika?
-
Tourist
13 years ago
- Bularyng dogrudanam peydasy degermika?
Shular bilen azajygam bolsa bagtly bolup bolarmyka?
-
ynsan
13 years ago
Bularyng dogrudanam peydasy degermika?
amal edp gor
Shular bilen azajygam bolsa bagtly bolup bolarmyka?
-
Merw92
13 years ago
- 100%bagtly bolup bolyarmy Onan?!?!?
-
joharu
13 years ago
- bagtly bolmak ucin bagty diyen gyza oylenmeli :D :D: :D :D :D
-
Badli
13 years ago
- bagtly bolmak ucin agzybir bolmaly
-
arashjan
13 years ago
- Allajanyn yoly bl gitsen senden bagtly adam bolmaz
-
Badli
13 years ago
- yary gijede soygi barada gurun edyarleray
-
Younglord
13 years ago
- Barlap görmeli synan$anyña degýär.
-
asiya
13 years ago
- Sagbol Sapa biziñ bn paylashanyñ un.
ADALATLY 13 years ago- Salam friendship dost.
gowmy ýagdaýlaryň.
sag-aman ýene okuwa bašladyňmy.