Daglar ýeriñ myhydyr,Depe özün dag saýar.Çekik özün bilbil diýr,Çarlak özün zag saýar. Kemlik eýle – kemal bar,Menlik etme – zowal bar,Her başda bir hyýal bar,Gul özüni ig saýar. Güýjünden, kuwwatyndan,Dünýäniñ nobatyndan,Bir kişi yzzatyndanBedasyl özün beg saýar. Nadanam, zat bilmenem,Bir kemine gul menem,Sirke aýdar: ”Bal menem”,Nebit özün ýag saýar. Habar alsañ birewden,Özün kem saýmaz döwden,Öz yanynda bedewdenEşek özün ýeg saýar. Dert çekenler dert biler,Namart özün mert biler,Tilki özün gurt biler,Garsak özün seg saýar. Magtymguly bir guldur,Gullugyna kaýyldyr,Akmak özün akyl diýr,Tentek özün sag saýar.
Dag saýar
-
ALADIN
13 years ago
- Ýok özüm düzemok,Magtymguly pyragyñ goshgusy
-
ependi
13 years ago
- garagoleshejik
-
Kuraldyshy
13 years ago
- Garagollyk etme hany! :):D
-
idealman92
13 years ago
- ependi!tayak...
-
garagoljaoglanjyk
13 years ago
- ependi olum senem bardemi
-
sahett
13 years ago
- ) esejik,olum
-
santosh
13 years ago
- shu goshguny kopden bari okajak bolup gozlap yordum,sag bol aladin dos.senden bir hayysh eger tapsan kiminkidigna belemok,magtymguly pyragynkyma oydyan,goshgyn ady "bolsa"myka diya.ten yalanach koynek dilar geymage,koynikli diyr wah ustunden don bolsa.yzyny bilemok.tapsan yazayda dos.
-
Kuraldyshy
13 years ago
- Ten ýapmaga köýnek istär
ýalaňaç,
Köýnekli diýr: wah, üstünden don
bolsa!
Bäş pul diýip, hakdan dilär garny
aç,
Bäşin tapsa, arzuw eder - on
bolsa!
Ol ýigit ki çeke-çeke hasraty,
Saparlyk ýüklärge bolsa döwleti,
Ýany birle tapsa ýaragy-aty,
Ýene diýr ki: mugt, tükenmez nan
bolsa!
Köp nan tapyp, eger bolsa köňli
şat,
Gyz-gözelden mahbup istär hem
öwlat,
Bu döwleti peýda etse adamzat
Köňli istär, beýik şähre han bolsa!
Hem han bolsa, hem dünýäsi taý
bolsa,
Hem ölmese hem esbaby şaý
bolsa,
Hem bermese, hem çüýrünmez
baý bolsa,
Ýagşy ady hem dünýäde dan
bolsa!
Magtymguly, görüp duşman
tagnasyn,
Mert oldur, şat tuta gamdan
synasyn,
Ýer ýüzi doldurmaz gözüň
hanasy,
Karun kimin niçe gaznaň kän
bolsa!
-
Abadan
13 years ago
- habar alsañ
birewden,özün kem saýmaz
döwden,öz yanynda
bedewdeneşek özün ýeg
saýar.
-
ADALATLY
13 years ago
- Sag bol aladin dost.
-
ALADIN
13 years ago
- santosh
Kuraldysh dost ýazypdyr
garagoljaoglanjyk 13 years ago- oh bla tuweleme bet goshgy eken dos ozun duzyanmi ???