Indi döwür özgerýär, adamlar internetden has netijeli peýdalanmagyň usullaryny agtarýarlar. Internet aragatnaşygyny ulanmagyň örän bähbitli bolup biljekdigine ýönekeý raýatlar, firmalar we döwlet edaralary doly düşünip başlady. Özüňize www.saýt.com diýen ýaly aýratyn bir saýt açmak üçin gysgaça gerek zatlaryň sanawyny görkezýäris. Bu ýerde biz tilsimatlaryň inçelikleri bilen sizi ýadatman sada dilde hemmelere düşnükli görnüşde beýan etmäge çalyşdyk. Gysgaça aýdylanda iki esasy hyzmat gerek. 1. Domen ady - domen ady diýlip www.saýt.com diýlen ada aýdylýar. Ol internetde gezip ýören adamlar saýtyňyzyň adyny ýazanlarynda, olary siziň saýtyňyza gönükdirýän salgy ýalydyr. Aslynda kompýuterleriň salgylary IP görnüşinde görkezilýär we 212.156.9.8 diýen ýaly bellenilýär. Şol IP salgylary adamlaryň ýatda saklap bilmegi mümkin däl, sebäbi olar millionlarça. Şonuň üçin internetde her bir IP gabat gelýän bir domen ady bolýar. Şol domen ady brauzer penjiresinde ýazanyňyzda ýörite domen ýazgylaryny saklaýan kompýuterler siziň kompýuteriňiz (ýagny müşderi) bilen saýtyň saklanýan kompýuterini (ýagny hyzmat berýän serweri) birikdirýär. 2. Webde ýerleşdirmek (web hosting) - bu söz web saýtyňyza goýjak materiallaryňyzyň saklanýan ýeridir. Bu ugurdan ýörite işleýän firmalara webde ýerleşdirmek hyzmatyny berýän firmalar diýilýär we olar müňlerçe saýtyň materiallaryny ýöriteleşdirilen kompýuterlerde saklaýarlar. Aslynda websaýtyňyzy öz kompýuteriňizde hem ýerleşdirmek mümkin ýöne onuň üçin internet baglanşygyňyz hemişelik bolmaly, elektrik toguňyz üznüksiz bolmaly we kompýuter howpsuzlygyny üpjün edýän birnäçe işleri geçirmeseňiz saýtyňyz gowy hyzmat berip bilmez. Sebäbi siz şol kompýuteriňizi bilmän öçürseňiz dünýädäki internet ulanyjylary ol öçük bolany üçin saýtyňyza girip bilmezler. Şonuň üçin websaýtlar umuman ýörite firmalaryň serwerlerinde saklanýar ýa-da örän uly firmalar munuň üçin ýörite bölüm döredýärler. Websaýtyň açylmak prosesi nähili bolup geçýär? 1. Siz websaýtyň adyny mysal üçin www.aydymlar.com/ nury_halmammedow.html salgysyny brauzeriň penjiresinde (ýa-da öýjükli telefonda) ýazýar. 2. Bu maglumat ýörite dünýäde "nameserver" atly kompýuterlerde IP salgysyna terjime edilýär. Mysal üçin 65.87.23.45 diýen salgy berildi. 3. Şol salgy haýsy kompýutere bellenen bolsa siziň "maňa nury halmammedow baradaky sahypany ber" diýen ýokardaky soragyňyz şol kompýutere iberilýär. 4. Şol kompýuterde eýýäm eýesi şol faýly ýagny nury_halmammedow.html atly faýly ýörite düzüp ýerleşdiren bolsa, onda serwer kompýuter şol faýlyň mazmunyny siziň brauzeriňize iberýär. 5. Siziň brauzeriňiz gelen maglumaty size görkezýär. Bu zatlar elektrik togunyň tizligi bilen bolup geçýänligi sebäpli birnäçe kompýuteriň arasynda bolup geçýän bu gürrüňdeşlik göz açyp ýumasy salymda tamamlanýar we internetiň tizligine görä sahypa açylýar. Hemme kişi açyp bilýärmi? Teoretiki taýdan hemme kişi saýt açyp bilýär. Munuň birinji şerti domen ady (mysal üçin ýylda 10$) we webde ýerleşdirmek hyzmaty (mysal üçin ýylda 100$) üçin belli bir töleglerini töläp bilmekdir. Olaryň bahasy firmalaryň hiline we abraýyna görä üýtgeýär. Bu ýerde biz ýönekeýleşdirip görkezen hem bolsak webde nähili zatlar (surat, wideo, aýdym-saz) goýýanlygyňyza baglylykda, näçe zat (1 GB, 100 GB, 1000 GB) goýýanlygyňyza baglylykda hem nyrhlar üýtgäp bilýär. Ýene bir gerek ukyplaryň biri hem, web sahypalary düzmegi başarmakdyr. Eger ony özüňiz edip bilmeýän bolsaňyz ýörite şol ugurdan işleýän webussalara ýa-da web dizaýn firmalaryna ýüz tutup bilersiňiz. Ýöne iň ýönekeý websaýt düzmek üçin mugt we her kimiň derrew öwrenip biläýjek aňsat programmalary hem elýeterlidir. Mugt websaýt açmak üçin hem ýörite hyzmatlar bar we olaryň sany müňlerçe. Olarda websaýt açmak ýörite hemme kişi edip biler ýalyň örän aňsatlaşdyrylan. Ýöne olaryň içinde ýa reklama bolýar, ýa-da başga hili çäklendirmeler bolup bilýär. Mugt zadyň özüne görä kemçilikleri we çäklendirmeleriniň boljakdygy hemmämize mälim bolsa gerek. Geljekde websaýt düzmegi we onuň dürli böleklerini kämilleşdirmegi öwredýän makalalar hem ýerleşdireris. Awtor: Nazar Alynan ýeri çeshmesi: www.okamak.com
Wep saýt açmak üçin näme gerek ?
-
ependi
13 years ago
- aladinjan dos gayrat zdelayda sayt acyp berda
-
littil
13 years ago
- aladin sposiba.
-
ependi
13 years ago
- ne za shto
-
ependi
13 years ago
- ne za shto
-
littil
13 years ago
- ependi ýalňyşmasam aladina diýdimmikäm diýýän.
-
ALADIN
13 years ago
- ependi dost ýokardaky maglumatlary oka, ýörite firmalardan satyn almaly.Mugut saýtlaram bar ýöne olary acmak ucin köp wagyt gerek we üstinde köp ishlemeli,kampýuteriñ belli programalaryny öwrenmeli,bu barada okap bilersiñ giñishleýin $u saýtdan www.okamak.com mobil telefonlar ucin www.m.okamak.com
-
ependi
13 years ago
- baybu bolya littil
-
ependi
13 years ago
- aladin dos sagbol
-
ependi
13 years ago
- aladin dos sagbol
-
littil
13 years ago
- baybu bolya littil
ependi | 2011-08-05 04:15:00
bolanogam bir diýip gör ha ha ha,
-
ependi
13 years ago
- bolyo
-
littil
13 years ago
- näme diýseň bolýa diýip otyrsyň. birhili akyllanypsyň öýüdýän.
-
ependi
13 years ago
- o_@
-
ependi
13 years ago
- on name akylly dami men
-
littil
13 years ago
- ýok birhilidiňdä. bir zat diýseň başga bir zat diýýädiň.
-
ependi
13 years ago
- yak beyle dallir
-
littil
13 years ago
- şeýle şola. (ýene başladow öküje kärine.)
-
ependi
13 years ago
- yak beyle dal.
-
littil
13 years ago
- şeýle şol.
-
ependi
13 years ago
- yak.
-
littil
13 years ago
- howwa
-
littil
13 years ago
- iň bolmanda gyzyň göwni üçin seňki dogry diýmek kynmy.
-
ependi
13 years ago
- seninki dogry!
-
littil
13 years ago
- hä munyň bolýa.
-
Myahri6a
13 years ago
- Ependi, cynyny ayt sen da6oguzlymy yada prikol u.n diyyanmi "yak", "bolyo" diyip?
-
turkmenntug
13 years ago
- ependi, cynyny ayt sen da6oguzlymy
yada prikol u.n diyyanmi "yak",
"bolyo" diyip?
myahri6a
?????adam gülkisiniñ tövereginde neneñ täsir galdyryanlygn biraz pikir etse govy bordy...
-
Myahri6a
13 years ago
- ?????adam gülkisiniñ
tövereginde neneñ täsir
galdyryanlygn biraz pikir etse
govy bordy...
turkmenntug | 2011-08-05
09:57:18
dushunmedimlay, name diyjek bolyan
-
ependi
13 years ago
- men ashgabatdan
-
Myahri6a
13 years ago
- Hm... Bolya bolya
-
ependi
13 years ago
- turkmenistan
-
turkmenntug
13 years ago
- eger men dashoguzly bolup yak diysem siz ucin "prikolmy",gülkincmi,ya da lebaply bolup bolanyok diysem?balkanly bolup näne diysem gülkilimi.? T Ü R K M E N...
-
turkmenntug
13 years ago
- ...diyjek boldum
-
ependi
13 years ago
- ay yok mena owrenshiklilay
-
Myahri6a
13 years ago
- $ony prikol görüp aytyanlaram kän, senem $omy diydimdä menem
-
ependi
13 years ago
- dushundim
-
ependi
13 years ago
- dushundim
-
ependi
13 years ago
- dushundim
-
turkmenntug
13 years ago
- düshünmedim
-
ALADIN
13 years ago
- @littil siz gyz mashgalamy? Men size oglansyñyz diýip ýördüm bagyshlarsyñyzda,dost diýip öte gecen bolsamam gaty görmäñ!
-
Bravo
13 years ago
- bayba nazar agamyn temasyyy....
-
Abadan
13 years ago
- eger men dashoguzly bolup
yak diysem siz ucin
"prikolmy",gülkincmi,ya da
lebaply bolup bolanyok
diysem?balkanly bolup näne
diysem gülkilimi.? t ü r k m e
n...
turkmenntug | 2011-08-05
10:42:38
...diyjek boldum
turkmenntug| 2011-08-05
10:45:29
kö$e$ nejeptm
-
turkmenntug
13 years ago
- bagy$lañ
ALADIN 13 years ago- Bellik: Bilmeýän dostlar ucin.Kampýuter programalary bilen gyzyklansañyz we mugut wep saýtlary acmak ucin gerek bolan maglumatlary bilmek isleseñiz www.okamak.com saýtda dolulygyna okap bilersiñiz