Ine,balam,görüp durushyñ yaly, Ayilganc,ayilganc urushyñ yoly, Hatyn obasyndan galan dine at, Bütin obamyzy yalmap yakdy ot... Bu obada yigrimi alty jay bardy, Gün bardy,gül bardy parlak ay bardy. Birdanam kulbeler owrüldi kule, Fashistler otlady baryny bile. Ine shu gapdalda bardy bir saray, Sowuk wagty mallar görerdi haray, Garakcylar öyün-öyün aylanyp, Garry goyman,caga goyman kowdular. Bashga ugra gitjeginem goybermän, Depip,urup bu saraya sowdular. Näce diñshirgenip üyshensoñ üyshen Bilmedik biz neneñ nicik cäre bar... Bir yüz kyrk dokuzdy saraya üyshen, Sanasalar yetmish alty caga bar. Bela abanar-da duymazmy ýürek, Hasam duygur bolyar ene yüregi. Duysa nätsin hemmesi-de jan serek, Cykdyñ patylatjak fashist yaragy. -Eje,eje,bizi nätjek bolyalar? -Eje,eje,seret,atjak bolyalar! -Yok,guzym,atmazlar,beyläñe bakay, -Gorkyan eje! -Gorkma! -Gorksam nädeyin? -Kellani synamyñ astynda bukay, -Men demigyän! Gapa tarap ädeyin! -Yok,yok ätme! -Cykalgany yapdylar, -Benziniñ ysy bar! -Nirä sepdiler?! -Eje,tüsse gelyä! -Üsgüryän eje! -Ishimiz gayitdy! -Saray yanyp dur! -Derwezäni depiñ! -Döndü-le peje! -Ezitler sarayin dashyn alyp dur. -Way, eje üstüñe ot gacdy señem, -Way, eje üstüme ot gacdy meñem. Ganhorlar yaksalar goy bizi yaksyn, Döwüñ derwezäni cagalar cyksyn! Cagalar cykmady! Cirkin cygyryp, Enelerniñ boyunlarna bökdüler, Enelerem aglap,bar-bar bagyryp, Cagalan ustune göz yash sepdiler. Gözyashlar yangyja öwrülyän yaly, Cagalañ üstleri yanyardy laplap, Gitdikce güyclenip,sarayiñ icem, Tutush yalyn bolup,haplap dur haplap. Gara köýük bolyar nurly keshipler, Ot degse duryarmy shylha eshikler Guran tagta yanyar,yanyar jat-jatlap, Yalyn cabyrayar,köz gacyar patlap. Gacyan yerem edil adamlañ üsti, Közüñem ynsanda bar yaly kasty. Biriniñ cigini yanyp bashlasa, Biri tirseginden ot alyp baryar. Birini äpet köz serpip tashlasa, Biri gursagyndan ot alyp baryar. Gyz göwresi yanyp yatyr gabyrdap, Gülgün yañak yanyar yanyar jazyrdap. Dumlu-dusha sozup bir gulac dilin Ishdämen yalanyar,yalanyar yalyn, Yagty dünyä söygi bilen sereden Her bakyshda yürekleri ereden, Asman yaly mawy gözler kül bolup, Bägül kimin lebler yanyp bashlayar Wah,ol lebler yilgyranda gul bolup Haysy göwün haysy yürek dashmayar! Yakyar garamyk dek buldurap duran, Yilgyrsa nur sacyp yildyrap duran, Görmegey gün yaly göreji yakyar, Yok görec yananok suw bolup akyar. Onuda shol bada yalayar yalyn Bagryñ kebap edip,calynsañ calyn. Yanyp dur cagalan gulajyklary Yanyp dur ak bogdak bilejikleri. Gan doly damarlar yarylyar tarsa. Yalyn agzyn basyar sho bada garsa. Gara köpük bolup,gaynap yanyar gan. Gan yanan göwrede neneñ galar jan! Ine sheydip bir yuz kyrk dokuz adam, Bir sarayda yanyp öwrüldi küle, Gaty gazabyna tutsa-da odam, Bilmedim nahili güyc-gudrat bile, Parhsyz seredene bu kuller küldir, Bu kuller kul dal.de duranja dildir. Odam ol dilleri edip bilmez dep, Bu külleriñ gürrüñ berjek derdi köp. Yalyn yalmap tagtalary deshende, "Hatyn obasyny dargatdyk" diyip, Fashistlerem kakypdyrlar heshelle, "Adamlary bilen yok etdik" diyip. Adalat ugrunda göreshen adam Shol goreshde wepat bolsa eger-de. Ol adamy yoklap bilmeyar odam, Ol yashar asyrlap milliyon jigerde! Yöne jigerleri okdan goran siz, Oka yapyshandan hasap soran,siz! Fashist garasyna gayta galmasyn, Yowuz urush indi gaytalanmasyn! (hormatly agza

Köneler, flover tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir