3-likler.3 adamdan ashyňy gysganma; myhmandan. ýetimden çagadan 3-zat duýdansyz geler; bagt ölüm söýgi 3-sany howandaryň bar; Taňryň eneň-ataň ýanýoldashyň 3-sany dushmanyň bar; gaharyň ertire goýan ishiň nähak ynjydan dostyň 3-zady ýok edibem gizläbem bolmaz söýgini ukyny ölüm adamyň häsiýetini 3 ýerde tanap bolýar; ýolda ýoldash bolup goňshy ýashap ekin shärigi bolup 3 ýerde kän eglenilmeýär agyr ýatan hassa soralanda shum habar eltilende dilege barlanda akylly adam 3 adamdan hiç zady gaty görmeýär däliden hassadan aýaldan 3 zady ýerine ýetirmek parzdyr ajy doýurmak azashany ýola salmak ötegçini myhman almak Türkmençilikde halanylmaýan 7 zat ;pederiňe eneň ataňa el göteren,watanyňa dönüklik eden, ärine ýan ýoldashyna biwepalyk eden, zorlyk bilen zyna eden, öz janyna kast eden, serhoshkykdan ölen, egni ýasgynçak donluka ölen. Türkmençilikde sakamlashylmaýan 7 pursat; aýak ýoluna barylýan hajathanalarda, hammamda ýuwnup duran adam bilen, arak sherap içip serhosh bolanlar bilen, uklap ýatan adam bilen, nahar iýip oturan egerde iýmit agzynda bar bolsa, namaz okap oturan adam bilen. Bagtsyzlyga alyp barýan 7 günä; Taňra şek ýetirmek, galp işler bilen meşgullanmak, büröwi nähak öldirmek, süýthorlyk, ýetimleň hakyny iýmek, watan goragyndan gaçmak, wepaky dostuňa ýanýoldaşyňa ýaramaz söz aýtmak.

Köneler, ruhabat tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir