Öz ilime düşsemdim, Öz ilimiñ suwundan Ýatyp-ýatyp içsemdim! Howasyndan alsam dem, Ýüregime bolar em, Ýatdan çykar aýralyk, Başym sypasa enem. Örtensem, oda ýansam, Öz topragma daýansam, Jar çekende dañ horaz, Öz ilimde oýansam. Geçip depe-düzleri, Görsem mährem ýüzleri, Diñlesem men her günde Doga dilde sözleri. Geçmişiñde öwüt kän, Eziz mekan, höwürtgäm, Unutmaz señ görküñi Suwuñdan bir owurtlan. Ak dañlar – şirin sazdyr, Agşam şapagy közdür, Her pasyl öz ýerinde: Gyşy – gyş, ýazy – ýazdyr! Adyn her dem tutanym, Yhlasymdan gatanym, Meniñ dogduk topragym – Türkmenistan Watanym. Türkana gözel görküñ, Agrasdyr asyl durkuñ, Köküñ gara ýerdedir, Gökdedir seniñ örküñ.
Ak gush bolup ....
-
leonardoo
13 years ago
- betje go6gy
-
sahett
13 years ago
- gowy gosgy eken
-
enesh91
13 years ago
- adyn alladin bolsa ucyan halyn yokmy
hahahai
-
ahmetjan18
13 years ago
- Go$gynyñ Awtory watany küýsäp ýat ýurtlarda gezip ýören türkmen bolmaly!Watanyñ gadyryny bilmeli.
-
Kuraldyshy
13 years ago
- aý ýok,duranja bir zehin-laý.ahmetjan dogry aýdýaň.bu goşgyny ýat tutaryn men
-
Abadan
13 years ago
- Betje setirler.:-)
-
littil
13 years ago
- gowy setirler, ýöne şu setiri azajyk ütgeşikräk dämaý.
öz ilime düşsemdim,
öz ilimiñ suwundan
ýatyp-ýatyp içsemdim!
ak guş bolup uşsadym,
öz ilime düşsedim,
öz ilimiň suwundan
ganyp ganyp içsedim.
biz bu goşgyny mekdep döwri läle edip aýydýadyk.
-
sazanda2
13 years ago
- awtoryn tazeden islap duzendigini aydyar!
sagbol aladin
-
ALADIN
13 years ago
- goshgyñ bash setiri ýazylmandyr ol sheýle bolmaly:
Ak gush bolup uçsadym
Öz ilime düshsedim
.. .... ... ..
-
Zolusga
13 years ago
- yaskak aydyan gosgularmyzdan
adyn name jul jul bike
ozin name?
burny zuyke.
as iyjekmi?
getir barik.
is etjekmi?
yok yok yok yok
-
Kuraldyshy
13 years ago
- Sen-a multikdäki zolu$kañ tersine go$gy aýdýan ekeniñ
-
yha
13 years ago
- gowuja goshgy ..yurdumy kuyseyan!
ALADIN 13 years ago- Awtory:Ak Welsapar