salam talyp oglanlar we gyzlar.gyzgynjak we peydaly maslahatlardan yene biri... Ga­ha­ry­myz ge­len­de, bo­lar-bol­maz he­re­ket­le­ri­miz bi­len özü­mi­zi hem-de go­wy gör­ýän­le­ri­mi­zi çyk­gyn­syz ýag­da­ýa sal­ma­gy­myz ah­mal­dyr. Ga­har ada­my öz eli­ne al­sa, so­ňun­dan puş­man et­dir­jek de­re­jä elt­ýär. Şol se­bäp­li hem ga­ha­ry­myz ge­len­de özü­mi­zi ele al­mak üçin dür­li usul­la­ry ulan­ma­ly­dy­rys. Ga­za­ba at­la­na­ny­myz­da, se­si­mi­zi ga­talt­man, saň­ňyl­dap dur­man, aýt­jak söz­le­ri­mi­zi has üns­li ulan­ma­ly­dy­rys. Ga­har gün­de­lik dur­mu­şy­myz­da ýy­gy-ýy­gy­dan ýü­ze çy­kyp dur­ýan duý­gy­la­ry­my­zyň bi­ri­dir. Ol dür­li gör­nüş­de ýü­ze çy­kyp bi­ler. Ga­ha­ryň yg­ty­ýar­syz ge­len duý­gu­dy­gy hem-de ony gö­zeg­çi­lik­de sa­k­lap bol­ma­ýan­dy­gy ba­ra­da­ky gür­rüň­ler nädogrydyr. Bar­lag­lar, ga­har-ga­za­byň dü­şün­je­le­ri­mi­ziň ne­ti­je­sin­de dö­re­ýän­di­gi­ni we ýe­ne-de öz-özü­mi­zi kö­şeş­dir­mek bi­len on­dan sap­la­nyp bil­jek­di­gi­mi­zi or­ta çy­kar­dy. Baş­ga­ça aý­da­ny­myz­da, ga­ha­ryň joş­ma­sy bi­len wag­ty­ny “özü­miz” ta­ýyn­la­ýa­rys. Ga­har üç sa­ny esa­sy bö­lek­den yba­rat­dyr: şah­sy de­re­jä­mi­zi, nä­me­dir bir za­dy­my­zyň ýet­me­ýän­li­gi­niň öwe­zi­ni dol­mak we ynanç­la­ry­my­zy gö­zeg­çi­lik as­tyn­da sak­la­mak is­le­gi­miz­dir. Bu­lar, as­lyn­da, şu­ny gör­kez­ýär: ýag­ny, ga­ha­ryň esa­sy se­bä­bi özü­mi­zi go­ra­mak is­le­gi­miz­dir. Ga­ha­ryň nä­me­di­gi­ne dü­şün­mek we nä­me üçin gel­ýän­di­gi­ni duý­mak, ony kö­şeş­dir­me­gi­mi­ze ýar­dam be­rer. Ga­har-ga­za­byň aşa de­re­je­de bet­bagt­ly­ga elt­ýän­di­gi ba­ra­da bol­sa şu­la­ry aýt­mak bo­lar: ga­har si­ziň kal­by­ňy­zy eýe­län­den soň, ony sak­la­mak kyn­dyr, se­bä­bi, “Ga­har gel­se, akyl ga­çar”di­ýip­dir­ler. Üm­süm otu­ran wag­ty­ňyz ga­ha­ry­ňyz bi­len bag­ly özü­ňi­ze nä­me diý­ýän bol­sa­ňyz, ga­za­ba mü­ne­ni­ňiz­de, şol diý­ýän­le­ri­ňi­zi özü­ňiz eşit­me­ýär­si­ňi­zem. Ga­har­la­nan dos­tu­ňy­zy kö­şeş­dir­me­giň, as­lyn­da, nä­hi­li kyn­dy­gy ba­ra­da pi­kir­le­niň. Si­ziň gaý­ra­ty­ňyz bi­de­rek bol­ýan ýa­ly­dyr. Ol si­zi diň­le­me­gem is­le­ýän däl­dir. Şeý­le ýag­daý­da özü­mi­zi hem-de go­wy gör­ýän­le­ri­mi­zi oňaý­syz ýag­daý­da goý­ýan­dy­gy­my­zy göz öňü­ne ge­tir­me­li­si­ňiz. Nä­dip baş alyp çyk­ma­ly? Ga­har­dan sap­lan­mak ga­za­ba mün­mek­den, onuň ma­ny­sy­ny dü­şün­dir­mek­den, ýu­wut­mak­dan we bas­mak­dan yba­rat däl­dir. Bu ýag­da­ýa köp ta­rap­ly we ha­ky­kat­çyl se­ret­mä­ge ça­lyş­mak iň dog­ry gaý­tar­gy­dyr. Ga­ha­ry bi­len bir ha­tar­da beý­le­ki duý­gy-dü­şün­je­le­ri­mi­zi “ta­na­ma­gy” öw­ren­me­li­di­ris. Şun­da ga­ha­ry­my­zy jy­law­lap bi­le­ris. “Nä­mä, nä­me üçin ga­har­lan­ýa­rys?” so­ra­gy­ny özü­miz­den so­ra­ma­gy­myz hem-de jo­ga­by­ny göw­nü­ňe jaý bo­laý­jak de­re­je­de tap­ma­gy­myz ýe­ter­lik­li bo­lar. Ga­ha­ryň aňyr­syn­da nä­mä­niň ýa­tan­dy­gy ba­ra­da pi­kir et­mek, me­se­lä­niň çöz­gü­di­nem ta­pyp bi­ler. Şeý­le edil­se, ga­har bi­len ýi­tir­jek wag­ty­ňy­zy baş­ga me­se­le­le­ri­ňi­zi çöz­mek üçin ula­nar­sy­ňyz. Tö­we­rek bi­len gat­na­şyk sak­la­ma­gy oňat öw­ren­me­li. Ga­ha­ry­ňy­zy ýuw­dup, oňat söz­ler bi­len dü­şü­niş­mek oňaý­ly ne­ti­je­le­re ge­ti­rer. Ga­har­ly wag­ty­ňyz nä­me et­me­li? Bir ädim yza süý­şüp, ulu­dan dem alyň. Gep­le­jek wag­ty­ňyz ýu­waş­ja­dan we ulu­dan dem alyň. Se­si­ňi­ziň ba­dy­na üns be­riň. Se­si­ňiz ýum­şak bol­sun! Ýu­waş gep­le­şiň we diý­ýän zat­la­ry­ňy­zyň düş­nük­li­di­gi­ne yna­my­ňyz bol­sun. Be­den he­re­ket­le­ri­ňi­ze üns be­riň. Haý­bat at­ma­nyň ýe­ri­ne ra­hat gep­le­şiň we her dür­li so­ra­ga ta­ýyn­dy­gy­ňy­zy gör­ke­ziň. Jo­gap ber­män­kä­ňiz, gar­şy­ňyz­da­ky­nyň nä­me aýt­mak is­le­ýän­di­gi ba­ra­da pi­kir­le­niň. Şeýt­mek bi­len onuň diý­jek bol­ýan zat­la­ry­na anyk dü­şü­nip, ge­rek­li we peý­da­ly jo­ga­by be­rip bi­ler­si­ňiz. Ga­har bi­len alyn­jak ga­la bol­maz, di­ňe ýy­kyl­jak “ga­la” bo­lar. Şo­nuň üçin ga­nat­ly söz­le­re eýe­rip, ga­ha­ryň ge­len ma­ha­ly dik du­ran bol­sa­ňyz otur­ma­ly, bu­lam peý­da et­me­se ýat­ma­ly. Ýa-da iň go­wu­sy gep­le­mez­lik­dir. Ata-ba­ba­my­zyň “Ga­ha­ry ýu­wut­saň, gant bo­lar” di­ýen söz­le­ri ju­da jaý­dar­dyr.

Köneler, sahett tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir