" Tiz kömek " ulagy ýokary tizlikde hassahana tarap barýardy. Ulagyñ içindäki hassa ajal bilen göreshýärdi. Bir gysym bolup ýatan adam heniz 40 hem ýashamandyr. Dashky görnüshine seretseñ welin, 60 ýash töweregi bardyr diýersiñ. El-aýagy diñe süñk bilen ham, etden zat galmandyr, hamlaram ýygrylyp, çürshüp gidipdir. Ýüzüni saç-sakgal basypdyr... Adam özüne beýle neneñ dözüp bilýärkä?! Bäsh minutlyk keýpiñ edýän oýnuna seretsene! 1-2 demlik gara tüssäniñ güýjüni görsene! ...Halys ysgyn-mejaly galmadyk hassa jübüsinden bir bölek saralyp giden kagyzy çykardy. Ol zordan, pyshyrdap diýen ýaly, - Hiç bir ata menin ýalnyshymy gaýtalamasyn. Goý, hemmeler okasyn! - diýip kagyzy lukmana uzatdy... " Salam kaka! Bu gün meniñ doglan günüm, ýöne doglan günüme hiç kim gelenok. Sowgat barada-ha aýdyp hem oturasy zat ýok. Hatda ejem hem meniñ doglan günümi unudana meñzeýär. Onsoñ doglan günümi men senin ho-ol önki alyp beren towshangygyn bilen belledim. Kaka, sen näme ücin menin doglan günüme gelmedin? Sen näme ücin bizi tashlap gitdin, kaka?! Kaka, ejem indi gülenok, hatda men onun ýylgyrýan wagtynam göremok. Menin bilenem setanda-seýranda gürleshýär. Her gezegem bagryna basyp aglaýar. Menem aglaýaryn, kaka. Sen bizin bilen bolsadyn, belkem, aglamazdyk. Kaka, ejemin öz söýýän käri bardy. Ol ishden cykaly bäri her gününi gam-gussada gecirýär. Ol ishden sen sebäpli cykypdyr, kaka. Menem öz den- dushlarymdan utanýaryn. Käbirleri arkamdan gep etseler, käbirleri göni ýüzüme garap, " Neshekeshin gyzy " diýýär. Gaty kemsinýän, kaka! Göwnüme bolmasa, hic kimem meni gowy görmeýän ýaly. Eýsem, men olara näme ýamanlyk etdim, kaka?! Indi, menem, ejemem gijelerimizi aglap gecirýäris. Ejem ikimiz zada zar bolup aglamyzok, senin bolup ýörshüñden, ilden utanjymyza aglaýarys. Bizin günämiz näme? Kaka, bizin näme ýazygymyz? Bizi näme ücin beýle horluklara rowa gördün? Bizi jinnek ýalyjagam söýmediñmi? Hic ýüregin awamadymy bize, kaka?! " Neshekeshin gyzy " diýen ady götermek gaty agyr degýär, ýüregime batýar... Joram Maýsa öz kakasynyn howly süpürýänci bolup ishleýändigine gynanýar. Menin bolsa Maýsanyn kakasyna gözüm gitýär. Senem shonun kakasy ýaly bolan bolsan, monca bolardym. Ýöne näme ücin beýle däl, kaka?! Biz barym uzaklara gidýäris. Senin ýok ýerine, senin tanalmaýan ýerine... Ýöne shonda-da men gorkýaryn. Birden ol ýerdäkiler, " Senin kakan kim? Ol näme kär edýär? " diýip sorasalar, näme diýip jogap bererin?! " Ol neshekesh, ol ogry " diýeýinmi ýa-da diri kakama öldi diýeýinmi? Heý, sana öldi diýip bilerinmi, kaka?! Hosh gal, kaka! Gyzyn ... " ...Gurap, çöpe dönen, ysgyn- mejaly galmadyk göwräniñ ýashaýsha ukyby ýokdy. Uludan bir dem aldy-da, gözlerini ýumdy. Indi oña hiç kimiñ edip biljek kömegi ýok...

Köneler, ruhabat tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir