SOLTAN SANJARYŇ TÜRBESI XII asyryň ortalarynda Muhammet ibn Atsyz as- Sarahsy tarapyndan gurlupdyr. Sungaty öwreniji G.A. Pugaçenkowa bu ýadygärlik hakynda: “Eger-de Mary özi hakynda gürrüň berýän taryhy maglumatlar we şäherler bilen bilelikde ýitip gidenliginde-de diňe şu ýadygäligiň özem onuň öňki şöhratyna şaýatlyk etmäge ýeterlik bolardy” diýip ýazypdyr. Soltan Sanjaryň türbesiniň planynda inedördül taraplary 27 metr jaýyň ölçegi 17x17 mert bolan dört sany arkaly tagçanyň hasabyna diwareyň galyňlygyna tarap giňeldilen ýalňyz inedördül otagy bar. Ol arkaly paruslar ulgamynda beýik h gümmez bilen örtülipdir, ol arkaly paruslar dört ýarysly stalaktit paruslaryň onalty gyraňlygynyň kömegi bilen gümmeziň daýanç aýlawyny döredýär. Onuň içerki ýüzünde gümmeziň ýüzini owadan böleklere bölüp, ägirt uly ýyldyzyň suratyny emele getirýän kerpiçden edilen bezeg gapyrgalar görünýär. Mawzoleý esasan taraplary 24-25 sm, galyňlygy 5 sm bolan inedördül oňat kerpiçden örülipdir. Mawzoleýiň diwarynyň 5 metr galyňlykda bolmagy onuň şunça wagtlap oňat saklanmagyny kepillendiripdir. Mawzoleýiň döredýän uly basyş güýji kuwwatly diwarlaryň berkligi arkaly ýeňil göterilipdir. Bir wagtlar mawzoleýe gündogar tarapyndan gurlan metjit birigýär eken sokol bölegi 1937-nji ýylda gazylyp açylypdyr. Soltan Sanjaryň mawzoleýini orta asyr awtorlarynyň biri Reşiteddin (XIV asyr) “dünýäde iň uly jaý” diýip atlandyran bolsa, Isfizary (XV asyr) ýadygärlige “munuň özi älem-jahanda iň uly gurluşyklaryň biridir we ol zaýalanmak özüne galtaşyp bilmejek derejede mäkämdir” diýip baha beripdir. Türkmenistanyň arhitekturasynda Soltan Sanjaryň mawzoleýi deňsiz- taýsyz wakadyr. Sungaty öwreniji G.A. Pugaçenkowa bu barada şeýle ýazýar: “onuň arhitektura formalary, onuň konstruktiw tärleri, onuň bezelişi... XI - XII asyrlaryň günorta Türkmenistan arhitekturasynyň ewolýisiýasynyň bütin barşy bilen öňünden kesgitlenipdir. Bu ýadygärlikde Saragtdan arhitektor Muhammet ibn Atsyzyň we onuň bilen hyzmatdaşlyk eden ussalaryň toparynyň amala aşyran orta asyr halk gurluşyk genisiniň beýik gazananlary sintezirlenýär”. Alym özüniň “Köne Mary” diýen kitabynda Soltan Sanjaryň mawzoleýiniň ähmiýeti hakda öz pikirlerini şeýle beýan edipdir: ”Eger-de gadymy Marydan hiç bir zat saklanyp galman, hat-da onuň ozalky şöhraty hakynda şaýatlyk edýän taryhy maglumatlar we ägirt uly şäher harabalary hem saklanyp galman, diňe Soltan Sanjar mawzoleýiniň ýalňyz özi saklanyp galanlygynda-da munuň özi köne Marynyň nähili uly şäher bolanlygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik bererdi”. Soltan Sanjaryň mawzoleýiniň salynmagy barada halk arasynda saklanyp galan birnäçe rowaýatlar bolup, olaryň birinde şeýle diýilýär: “Sanjar asman perisi bilen söýşüpdir. Peri oňa özi bilen durmuş gurjak bolsa üç şertini bitirmelidigini aýdan. Olaryň biri periniň saçyny daraýşyna seretmeli däl, ikinjisi ylgan wagty onuň söbügine (ökjesine) seretmeli däl, üçünjisi hem perini bilinden gujaklamaly däl eken. Bilesigeliji soltan şertleri birbada kabul etse-de, soňra olaryň üçüsini hem bozupdyr. Ol periniň saçyny daranda kellesini eline alyp daraýandygyny, ylganda söbüginiň ýere degmeýändigini synlapdyr, gujaklanda hem biliniň süňksüzdigini bilipdir. Şertleriň bozulanyna dergazap bolan perizat ak guşa öwrülip, asmana galypdyr. Soltan Sanjar gözüni ýaşlap, onuň yzyndan:”Men seni görüp durmasam ölerin” diýip gygyran. Perizat asmanda pel-pelläp durşuna:”- Meni görjek bolsaň beýik hem owadan ymarat saldyr. Men her anna güni şol ymaratyň depesindäki deşikden saňa gararyn”-diýipdir-de uçup gidipdir. Şondan soňra Soltan Sanjar şu mawzoleýi saldyranmyşyn...”.
Soltan sanjar
-
magnit
13 years ago
- köne durky
-
magnit
13 years ago
- soltan sanjar
-
gonurdepe
13 years ago
- Бах магнит дос сена тарыхчы екенин. сени гадымы тарыхъ овренижи етсегем боляр. тувелеме моладес саг бол биз б.н пайлашанна
-
gonurdepe
13 years ago
- солтан санжарын тарыхы гаты кан
-
magnit
13 years ago
- soltan sanjaryn kummetini gorenleriniz barmy aranyzda?
Ozum 2 gezek zyyarat etmane bardym, size-de maslahat beryän, oran tasin yadygärlik...
-
littil
13 years ago
- magnit salam. ol nirde ýerleşýär?
-
Yegen
13 years ago
- magnit salam. ol nirde ýerleşýär?
littil | 2011-06-27 00:30:24
Haha:-)
-
gonurdepe
13 years ago
- Салам литтил. солтан санжар мары байрамалыда йерлешяр. ай отайы дуршуна зыярат едилйан йерлердир дине. онсан йене бири :хожа-юсуп хемеданы: хем йерлешйар. ана дослар хожа-юсуп хемедана оран гуйшли йердир. ешдишае гора хожа-юсуп хемеданы. мекге мединеден сонкы йер хасапланяр дийалер
-
gonurdepe
13 years ago
- Салам литтил. солтан санжар мары байрамалыда йерлешяр. ай отайы дуршуна зыярат едилйан йерлердир дине. онсан йене бири :хожа-юсуп хемеданы: хем йерлешйар. ана дослар хожа-юсуп хемедана оран гуйшли йердир. ешдишае гора хожа-юсуп хемеданы. мекге мединеден сонкы йер хасапланяр дийалер
-
gonurdepe
13 years ago
- Менем сизе шотайларык зыярат етмеги маслахат берйан.солтан санжарын бинасына янындан горсен гаты апет бинадыр горени хайрана гоййар. ондан барракде 40-гызлар гала бардыр олам улы. шо товереклерде йене уллакан тамдыр болмалы йоне нахили адынын бардыгы хазир ядма душенок. олам гаты улы болмалы кореклеринден машынам сыгян болмалы
-
gonurdepe
13 years ago
- Буларын мары шахеринден дашлыгы такмынан 45-55 км товерегидир йоне тошна билемок
-
gonurdepe
13 years ago
- Буларын мары шахеринден дашлыгы такмынан 50-60 км товерегидир йоне тошна билемок
-
gonurdepe
13 years ago
- Буларын мары шахеринден дашлыгы такмынан 50-60 км товерегидир йоне тошна билемок
-
Nechka94
13 years ago
- bulardan bashgada sol yerde iki sany pygamberimizi goren uly sahabalar yatyr. Olaryn biri pygamberimiz muhammet (s.a.w) baydagyny goteren hz.bureyde baba yatyr. Hz.bureyde yslam dinini yaymak un aziya yurtlaryna gaytyar we merw de aradan chykyar. beyleki sahaban ady yadyma dushenok. Ahyret guni soraga chekilmeli wagty butun biz turkmenler hz.bureyde babanyn yardamyna gaty matach bolarys. Cunki sol pursat biz turkmenlerin bashyny hz.bureyde baba cheker. Bu barada yorute muhammet pygamberimiz (s.a.w) aydyp gechyar. Sonun un menem size ol keramatly yerlere zyyarat etmeginizi maslahat beryan. Mara geleninizde ol yerlere gitmegi yatdan cykarman.
-
littil
13 years ago
- magnit salam. ol nirde ýerleşýär?
littil | 2011-06-27 00:30:24
haha
yegen | 2011-06-27 01:24:30
näme ýegen şeýle gülkünç zat soradymmy.
-
gonurdepe
13 years ago
- Шонун учин дослар шулар ялы мукаддес кераматлы йерлер оз йурдумузда барка айланмалы гормели зыярат етмели.
-
Yegen
13 years ago
- näme ýegen şeýle gülkünç zat soradymmy.
littil | 2011-06-27 05:10:21
Yokla Littil, göwnüñe degjek bolamok, shu wagta çen shondan habarsyzrak bolañsoñ gülkim geldilaý! Ol mawzoleý Bayramalyda ýerleshýar! Gadymy ýadygärlikleriñ mekany!
-
ilyush
13 years ago
- Ol arkaly paruslar ulgamynda beýik h gümmez bilen
örtülipdir, ol arkaly paruslar dört ýarysly stalaktit paruslaryň onalty gyraňlygynyň kömegi bilen gümmeziň daýanç aýlawyny döredýär.
magnit17 jogap 107 okalan 2011-06-26 14:10:16
diňe "gümmez" diýeniňe düşündim.
-
Abadan
13 years ago
- soltan sanjaryn kummetini
gorenleriniz barmy
aranyzda?
mena göremok.:-(
dine gowy yadygarlikdigni e$itdyan
-
Yegen
13 years ago
- Tüweleme!:-)
-
Yegen
13 years ago
- Hawa men gördüm Abadan, ýöne kiçiräkdim ol wagt! Gaty uly mawzoleý ol, içine girip aýlandygam! Ol ýerde bashgada köp taryhy ýadygärlikler bar!
-
Abadan
13 years ago
- Bizede görmek nesip ederda,bir gun diyip umyda edyan yegen :-)
-
ilyush
13 years ago
- indi soltan sanjaryň mawzoleýini "ýewro remont" etdiler.
-
magnit
13 years ago
magnit salam. ol nirde ýerleşýär? littil |
Salam littil ! Bilyañmi name, 10 yyl mekdep programmasynda gaytalanyp, gaytalanyp gecilen bolmaly! Yadyna dushmeyan bolsa yokarda oglanlar bellap gecipdirler "bayramaly" shäherinin golayynda yerleshyär.
Ilyush, dogry türkler *yewro remont* etdiler onurak ))
Tomusyn yakyp yandyryp baryan yssysynda-da $u binañ iciniñ "buz yaly" howasy bolya!
-
magnit
13 years ago
- entap yörsen geñ tañlyklar öran kän :-)
-
turkmenntug
12 years ago
- sagja bol magnit aga.
-
URGENCLI
12 years ago
- taryhy yadygarliklere zyyarat etmegi gowy goryan
sagbol magnit
magnit 13 years ago