Molla ýoldaş bolup bir çopan bile Toýa ugranmyşlar, uzak bir oba Gürrüñ bilen ýoluñ ýaryn geçende Gabat gelenmişler bol suwly ýaba Sowukdan gyrpawlap duranmyş suwy Golaýda köprüsi görnenok onuñ Çopan diýen“Nädip geçerkäk mundan Mollam özüñ bir alajyn gör munuñ” Molla oýnamakçy bolup çopany Diýenmiş “Şumy señ gaýgedýän zadyñ Üç gezek kulhollañ okada içden Geçiber arkaýyn saklaman badyň” Çopan ýüreginden ynanyp muña Kulhollan üç gezek okanmyş ýatdan Onsoñam yöränmiş suwuñ üstünden Aýagna öl degmän geçenmiş ýapdan Diýenmiş bu waka geñ galyp çopan “Nämä dursuñ mollam geçewer bäri Toýa sary ýoly edeli dowam” Molla bolsa otyr dyrmalap ýeri Çopan diýenmişin “Bolawer mollam” Molla bolsa ýapdan geçmäge derek Diýenmiş çopana naýynjar bakyp “Hany señki ýaly arassa ýürek.”
Arassa ýürek
-
mirasymyz
13 years ago
- Sagbol dost. Gowja goşgy eken. Aslynda meniň eşidenim bunyň ýaly däl. Bu goşgy gödegräk düzülipdir. Molla diýilýänem bir dereje aslynda. Alym adam molla bolýar. Ýöne namaz okap ýörene molla diýilýäni ýalňyş. Durmuşda gabat gelýän meseleleri çözüp bilýän alym adam bolmaly. Ol hem ýagny iliň öňüne düşýän alym adam ýalan sözlemezmik-ä diýýän.
Mollan edenini etme diyen et diyaler,olam shona barypdyrda
Mergen0492 | 2011-06-24 11:28:14
Aslynda dogrysyny ýazsak şunuň ýaly jogap gelmeli däl. Mergen dostum senem gaty görme. Ol aýdylýan aýtgy göni manyda däl. Diýilýän söz dogrudyr, ýöne molla erbet iş edýär, edenini etme diýildigi däl. Mollaň edenini etjek bolsaň köp okamaly bolýar. Aýtgyda molla erbet iş edýär diýildigi däl. Ýalňyş düşünmäweriň. Göwne degjek bolamok.
-
guljagaza
13 years ago
- Çopan ýüreginden ynanyp muña
Kulhollan üç gezek
okanmyş ýatdan
Onsoñam yöränmiş suwuñ üstünden
Aýagna öl degmän
geçenmiş ýapdan
Diýenmiş bu waka geñ galyp çopan
“Nämä dursuñ mollam
geçewer bäri
Toýa sary ýoly edeli
dowam”
Molla bolsa otyr dyrmalap ýeri
Çopan diýenmişin
“Bolawer mollam”
Molla bolsa ýapdan
geçmäge derek
Diýenmiş çopana naýynjar bakyp
“Hany señki ýaly arassa ýürek.” говы сетирлер манылы
-
sahett
13 years ago
- dogry gowja rowayat
-
enesh91
13 years ago
- Bu rowayat nama yurekden ynansan sholam bolar diyjek bolya. sagbolun!
-
Yegen
13 years ago
- Many! Sag bol Adgjmptw dost!
-
DG
13 years ago
- :-)Hahaha mollany. gowy hem manyly rowayat eken.
-
littil
13 years ago
- gowy, manyly goşgy eken sposiba.
Mergen0492 13 years ago- Mollan edenini etme diyen et diyaler,olam shona barypdyrda