Tum$ygy bäş garyş ýokardady ony söýenimde... Nähili elhenç gülýärdi üstümden her gabatlaşanymda onuñ bilen... Zalym diyse... Oña söýgümi beýan eden günüme nälet edip gezdim näçe wagtlap... Erbet kemsidýärdi, ýanymdan geçende maña şeýle bir ajy nazar oklaýardy welin ýere giresim gelip gidýärdi şol pursat... Onuñ bilen tanşan günüme-de aýyma-da, ýylyma-da nälet bolsun..! Onuñ gül ýüzüni ilki gören agajymyñ kölegesine nälet bolsun..! Şol agajyñ şahasynda ajaýyp saýran guşa-da nälet bolsun..! Näletler ýagýardy hamsygýan ýürekden..! Ýöne näme üçindir oña hijem nälet edip bilmeýärdim... Onuñ dodaklaryndan dökülen ajy sözleri häzirem ýadymdan çykanok... Ýöne näçe ajy hem bolsa, elhenç hem bolsa, onuñ agysy, mekdebe ýene gitmek üçin howlugýardym her gün... Mekdebe gitmek üçin howlugýardym we ony ýene görmek üçin... Meniñ bilen hiç gürleşmeýärdi, gaçýardy menden... Ýöne joralarynyñ arasynda bolsa-da, onuñ şadyýan pursatlary şeýle bir ajaýyp bolýardy welin, synlap doýup bilmeýärdim... Gytaklap hem bolsa gözünden aýryp bilmeýärdim gözümi... Ýadaw gutarýardy onuñ hyýalynda bolsa-da, onsuz geçen gijeler... Onuñ bilen doldurýardym hemme ýerini gijäniñ, ýöne ol bolmaýardy ýanymda... Özüm samsyk, ýöne nirden bileýin onuñ beýle doñýürek boljagyny... Ondan hiç zat islemändim ahyryn..! Diñe söýgi..! Näme üçin men şeýle boldumkam ýaly soraglar jogapsyz galýardy onsoñam... Täleý diýýärdim... Belki-de söýgä mätäç ýüregiñ işidir bu..! Ony nähili gabanýardym... Edil göterýän akja sumkasy ýaly ýakyn bolmasamam, onuñ howlusynda bitip oturan bir otjagaz bolmak isleýärdim... Otjagaz nähili bagtly diýýärdim, ony menden has köp görüp bilýär diyip aglaýardym hemişe... Ah, dynç almak üçin başlasa-da meniñ üçin ýadaw gutarýan gijeler... Onuñ ady bilen, ýady bilen bezelýän gijeler... Ondan bäri ençeme ýyllar geçipdir. Dek düýn ýaly... Ýene bir gijäniñ gujagynda, ellerimdäki suratlar bilen ýene seni ýatlap otyryn, ezizim!! Ýene howa sowuk, ýene titreýär yüregim sensizlik agysy bilen... Ýyllar seni unutmagym üçin maña kömek edermika diýýärdim... Ýalñyşypdyryn... Ynha, men ýene aglap otyryn seniñ üçin, saçy çalaryp giden bir goja bolsamam indi... Bu gün seniñ öleniñe laýyk 40 ýyl doldy... Çal reñkli maşynyñ aşagynda gyzyla boýalan akja köýnegiñ içinde köçede ýatyşyñ henizem ýadymda... Men dözmändim saña, ýöne maşyn ezipdi 17 ýaşlyja näzik bedeniñi... Ylgap klasa giripdim... Uly ilim bilen diwarlary sarsdyryp gygyranym ýadyma düşýär şonda... Bolup bilmez diýýärdim... Bu bir oýundyr-la, şeýle dälmi, ezizim! Meni ýene oda düşürmek üçin oýun etdiñ sen..! Ertir bolsa, gulpaklaryñy şemala sypaladyp girersiñ ýene şu klasa... Gelip oturarsyñ öñki ýeriñe... Akja sumkañdan depderdir kitaplaryñy çykaryp otyrşyña, diliñ joralaryña salam diýýärkä gözüñ meni tapar gyýtaklap ýene... Ajy bolsa-da näçe... Bu bir arzuwdy we paşmadyk arzuwlara goşant goşýardym şonda bilmän... Seniñ oturan ýeriñ diyip, ýeriñde oturýardym, partanyñ ýüzüne gyzyl galam bilen gazalap ýazyp goýan adyñy öpýärdim sojap-sojap aglap oturşyma... Partanyñ aşaklaryna aýlanypdy elim. Hiç zat ýokdy, diñe könelip giden bir kagyz tapypdym bir gyrada. Gatyny açdym. Bir tarapdan gözümiñ ýaşlary kagyza degmesin diyip howatyrlanýan, beýleki tarapdan bolsa, kagyzdakylary okamaga synanyşýardym jan edip... Hata gaty ähmiýet berilýäni, töwereginiñ keşdeler bilen bezeleninden bildirip durdy. Harplar bolsa sünnäläp ýazylypdy... Ilki geñ galdym. Hat maña ýüzlenilen, ýazgy bolsa, oña degişlidi.. Her harpyny uly bir mähir bilen okadym. Gaýta-gaýta, aglap-aglap okadym... Ilkinji setirler henizem ýadymda... 20 ýyllap her okanymda aglaýaryn şondan bäri... Hatda $eýle sözler bardy: "Söýen söýgülisini ýerden-ýere pylçarmyş, ezizim, BAGYŞLA MENİ!!!"
Ajy hakykat ýa-da bir gojanyñ gözüni ýa$lap beren gürrüñleri!
-
Mergen0492
13 years ago
- Friendship okamaga gowy zatlar yazyan sagja bol
-
Adgjmptw
13 years ago
- Friendship dost özüñ düzdüñmäý, men-ä soñuna çenli zordan okadym. Örän täsirli ýazypsyñ dost! Berekella!
-
ADALATLY
13 years ago
- Sözüm ýok.sag bol dost.
-
Yegen
13 years ago
Söýýän diýdim Tahyr ýaly!
Ýazýan diýdim shahyr ýaly!
Söýdüm men näzli ýary,
Ýash ýüregmiñ barja hyýaly!
Meñ kalbymdan adyñ çykmaz,
Söýýän gözlem özgä bakmaz,
Uklamaýan aýly gijeler,
Sensiz dagda çeshmä bakmaz!
Sençe ýokdur nurly döränler,
Gülüp geçseñ garlar erändir!
Söýdüm men näzli ýary,
Ýash ýüregmiñ barja hyýaly!
Sag bola Friend dost!
-
ahmetjan18
13 years ago
- Tüweleme friend dost gaty gowy eken mende uly täsir galdyrdy bu ýazgyñ.sag bol.
-
idealman
13 years ago
- сойяр,йоне.шондада.косеярми.гыз?хай.мля!
-
enesh91
13 years ago
- Sagbol friend. bu yazgyn gynancly hem tasir galdyryjy.
-
enesh91
13 years ago
- Sagbol friend. bu yazgyn gynancly hem tasir galdyryjy.
-
myratmeredow
13 years ago
- gowy zat yazypsyn weli gaty gynancly eken.
-
Friendship
13 years ago
- Hawa ((((
-
Bilgi
13 years ago
- gaty gynanchly ekeni,ondada ellerne saglyk! aklym bilen goresh guryar yuregim, zaherlanyar yurekdaki duygulam. aklyma eyerjek bolyan bar zatda, takdyr bolsa ot doredyar gursakda! joramyn yazan setirleri,menem halayan.
Auditor 13 years ago- Hiiii wah waheeey:'(:'(:'(