Agzalar salam! Shu goshgy gowy goshgy eken, siz bilen paýlashaýyn diýdim. Awtory welin näbelli, goý bulam talypcoma ýadygärlik galsyn! Muny aýdyma goshsañ hasam showly çykar, diñläñ! Bir ýarym bar bagdatly, Sözi shekerden datly, Gözlerniñ ýesiridir Müñ pyýada, müñ atly. Zülpi uzyn, ýüze deger, Egilse dyza deger, Saçlañ Ajam ýüpegi, Tary Töwrize deger. Ak alma, gyzyl alma, Shahada düzül alma, Ýarym ýoldan geçende Sapakdan üzül, alma. Agaçda üçdi pisse, Gyzyl-kümüshdi pisse, Ýar dodagyn düzende Ýadyma düshdi pisse. Sür atyñy düz ýerden, Aýaklarñy üz ýerden, Sensiz dertlem dep bolmaz Gelse tebip ýüz ýerden. Jerenim düze geler, Düzde ýüz-ýüze geler, Ýar bezenip çykypdyr, Enshalla, bize geler. Ashyk her sözi biler, Nädürsi, düzi biler, Derdimi ýara diýiñ, Dermanyn özi biler. Bagdaky bar shirindir, Almadan nar shirindir, Sag bolsun kowum-gardash, Olardan ýar shirindir. Dag bashy gar mekany, Bakjalar bar mekany, Egilsin belent daglar, Görünsin ýar mekany. Ashyk geler, sazy bar, Gamzasy bar, näzi bar, Her baharyñ öz gyshy, Her gyshyñ öz ýazy bar. Çaýlar ýaly akmaryn, Gasha sürme çekmerin, Bir gezek ýüzün görsem, Aýa, Güne bakmaryn.
Gowy goshgy!
-
Tourist
13 years ago
- Betttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttt
-
Tourist
13 years ago
- Betttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttt
-
zagajkis
13 years ago
- betttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttbokkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkk
-
beckham
13 years ago
- Gyt gosgy
-
Abadan
13 years ago
- Berekella ýegen,asyl sen gowsy aýdymcy bolmaly ekeninä ))) :-)
-
Abadan
13 years ago
- Berekella ýegen,asyl sen gowsy aýdymcy bolmaly ekeninä ))) :-)
-
Yegen
13 years ago
- Sag boluñ oglanlar! Ýenede bir gyt goshgy! Muñam awtory näbelli, eýesi seslenerda!
Sana
Saçlaryñy ýaz shemalna ogshadyp,
Satashypdyñ maña gysh güni irden.
Gözleñ bilen yüregime nagysh edip
Yshgymy oýardyñ, geçirdiñ serden.
Shol wagt yüregimde döredi uçgun,
Onsoñ ol uçgundan döredi atash,
Ondan bäri geçdi üç gije, üçgün,
Balam kül bolmakam müdimi satash.
Men seni söýýärin, söýýärin sheýle,
Tahyram Zöhräni söymandir beýle,
Monitory bagryma basasym gelýär,
Onsoñ señ nikiñi öpesim gelýär.
Belki sen meni halap barýanam dälsiñ,
Sen Abatly gyz, Abatda doglan,
Yüz ýashly shäherden terbiýe alan,
Men bolsa ýönekeý Maryly oglan.
Ýöne men bir zady belläsim gelýär,
Zöhräñ gadryn ýeke Tahyr biler,
Eý galam gashly serwi boýly ýar
Seniñ gadryñ menden bashga kim biler.
-
Abadan
13 years ago
- muñam
awtory näbelli, eýesi
seslenerda!
Bah eyesi kimka seslener yaly. Ýegen nirden tapyan bu go$gulary?
-
Yegen
13 years ago
- Aý tapýan:-) Abadan daýza, sañada bir goshgujyk ýazaýynmy:-)
-
Abadan
13 years ago
- Yaz göreli,baha bersemem bolyamy?:-)
-
tihiy
13 years ago
- oho bettttt goshkylar. ikinjisa hasam bet
-
aynash
13 years ago
- yegen,tuweleme gaty gowy goshgy eken.yene yazyp durung!!!!!!
-
Yegen
13 years ago
Bolýar, shest sekunt garashyñ Abadan daýza, gitaramyñ tarlaryny çekdireýin!
-
Abadan
13 years ago
- Bor yegenjan.:-)
-
tihiy
13 years ago
- yegen,yegen dayyn geldi begen(shutka gaty gorayme). bolda dostjan yazda garashyp garashyp
-
Yegen
13 years ago
- Ýöne muñam awtory näbelli...
Ýarashar
Jerenler içinde gördüm bir Jeren,
Gözi-gashy gabagyna yarashar.
Ol jerençe bolup bilmez her Jeren,
Aýdan sözi dodagyna ýarashar.
Il içinde Jahan, Maral, Jeren kän,
Men gyz diýip gomp-gomp edip ýören kän,
Shahyryny gormedik kän, gören kän,
Müñden biri meñ shygryma yarashar.
Äleme inishi, döreyshi gözel,
Yöreyshi, otyrshy, turushy gözel,
Yylgyrshy, edebi, gep urshy gözel,
Dymyshy dal dodagyna ýarashar.
Shonuñ gujagynda uklajak gerçek,
Armanym bar diýse tumshugna berjek,
Ýazdan doly, nurdan doly bu gujak,
Goç ýigidin ýassygyna ýaraşar.
Dodaklary täze süýdüñ gaýmagy,
Ýumry göwsi boz jereniñ owlagy,
Göwresine ýarashyp dur köýnegi,
Göwreside köýnegine ýarashar.
TAÑRYM ony bahar-ýazyñ paslynda,
Gül suwundan ýasapmyka aslynda?
Bir ys gelýar ak alkymyñ astyndan,
Hassa bolsañ müñ derdiñe yarashar.
Dunýäniñ ýüzünde ýene bir ene,
Beýle gyzy dogrup bilermi ýene,
Eý TAÑRYM sözüme jogap bersene!?
Jogap bermek gudratyña ýarashar.
Baýdak deý boýuna bolup sadaga,
Her sözlan sözüne bolup sadaga,
Gursagyny mäkäm bassam gursaga,
Gürsüldisi gursagyma ýarashar.
Yöne arman giç doglupduryn azajyk,
Sen çuwal gyzkañ men kiçijik çagajyk,
Wah, irräk doglan bolsam azajyk,
Onuñ ömri meñ ömrüme yarashar.
Zyýany ýok, ýasha
uzak, uzak, uzak,
Maña diñe seniñ saglygyñ gerek,
Alnyñ açyk bolsun eý göwher ýürek,
Bu ak patam ak alnyña yarashar.
-
Yegen
13 years ago
- Bolarmy Abadan daýza shu goshgy!:-)
-
Abadan
13 years ago
- Gowy go$gy ýegen,ýöne gyz ma$galany juda beydip öwsenem dalle.kimin go$gusy aýdaý?ýöne sonky bendinä öñemä bir ýerde okanyma bilýän,arman yadyma du$enokda awtory
-
Abadan
13 years ago
maña diñe seniñ saglygyñ gerek,
alnyñ açyk bolsun eý göwher
ýürek,
ine bu setirler gowy,birini söysen,olam seni söymese ,meni söymedi diyip zeýrenmeli dalde-goý onun jany sag,$u durmu$da ba$y dik bolup ya$ap ýörse"bolyar diýmelimikan ödyan menä.
-
Yegen
13 years ago
Elbetde dogry bolmagam mümkin Abadan...
Ýöreýshi bar messan-messan,
Durshy gazal, durshy dessan,
Beýle bagta ýetmez islän,
Gözleri janymy almysh!
-
magnit
13 years ago
- еген сена гомулги ятан талант экенин :-) (сен мен зёмыма далсин?) )))
-
Yegen
13 years ago
- Nämow köçedeshiñem tanañokmy!:-) haçan öýe gaýdýañ Magnit!
-
magnit
13 years ago
- oguz-yñ aýagyna)))) barjak nesip bolsa!
-
Yegen
13 years ago
- Öýe aýlangyn bardygyñ Magnit!
-
Ayjagash
13 years ago
- Yegen aga gowja goshgular eken. Yene-de yazyp durun.
-
Yegen
13 years ago
- Sag boluñ hemmelere!
Kerim Gurbannepesow.
Söýg näme?
“Söýgi näme?” diýip soradym taldan.
Ol diýdi: “Söýgimi gidirip goldan,
Örtenip, miwesiz galdym men guzym.
Indi miwäm ýok-da,
Boýum bar uzyn”.
“Söýgi näme?” diýip soradym hozdan.
Hoz diýdi: “Ýeñilip bir ajap gyzdan,
Gabygym gatady, çürüshdi mañzym.
Ondan beýlesinem özüñbil, oglum!”
“Söýgi näme?” diýdim bir gara garga.
Ol diýdi: “Satashyp yshk diýen urga,
Garalyp galdym men: bishirdi hazan.
Edil pamyk ýaly akgushdum ozal”.
“Söýgi näme?” diýip ýüzlendim serçä.
Ol diýdi: “Entedip gijeden gijä,
Agrammy mysgala getirdi yshgym.
Men ozal dünýäde iñ uly gushdum”.
“Söýgi näme?” diýdim zynjyrly dälä.
(Pikirini bilmek aýyp zat däl-ä!)
Däli jogap berdi elhenç ses bilen:
“Men, men, men…
Ynha, Söýgi men!..”
“Söýgi näme?” diýdim bir ajap gyza.
Ol iki elini uzatdy yza,
Diýdi:“Söýgi meniñ edebim, haýam.
Ýogsa shol ýigidi gujaklardym eýýäm!”
“Söýgi näme?” diýdim shahyra garap.
Shahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.
Diýdi: “Sorag bar-da, jogap ýok yshka,
Jogap bir bashgadyr,
Söýgi bir bashga!”
-
zagajkis
13 years ago
- bettttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttbokkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkkk
-
enesh91
13 years ago
- Dag bashy duman duman
yshkymdan duman galdy
pelek soyga satashyp
kim yshkdan aman galdy?!
yashlyk yitdi yash gitdi
gitdi gyyma gash gitdi
yada salsam didamden
biygtyyar yash gitdi.
B.s.t. t.i.a.b-kitaby.
-
Auditor
13 years ago
- Öz yanymdan oñan bolup yörsemem,
men senden özgäni søyùp bilemok,
gùnde mùn yigitdir oglan görsemem
men senden özgäni söyùp bilemok.
Myratmy, meretmi, merdanmy, maksat!
Bularyn barysy ajapdan ajap
shu demde janymy alsada ajal
men senden özgäni söyùp bilemok.
-
asiya
13 years ago
- gulnarkam gowjamuñ :-*
agenda girip bilyañmi shuwagt?
-
zagajkis
13 years ago
- auditor senkem betttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttttdalllllllllllllllllllllllllllllllllllllllllll
-
Auditor
13 years ago
- Asiya janulyam shuwagt goryanda bu yazgyny
-
BATYRAVALON
13 years ago
- yegen sana uuuuuuuuulakan sagbolsun
nireden tapyan munca gosggylan
ka biri ozunkimi ya yazanok shygyr sen
gosgylan jana yakymly okasan bolar jana shypaly sag bol yeny yegen beg yazan b_a
-
mekan261092
13 years ago
- Tuweleme! Yegen, dost, kitap ýazaýmaly munça goşguň bilen:)
ahmetjan18 13 years ago- Tüweleme ýegen gowja go$gy!Berekella ýene ýazyp dur.