Men şu gün özümçe pikirlendim "şu talyplar diýen saýta şunça wagt sarp edip, jan edip näme gördüm? Biderek wagty boş geçirdimmi?". Aslynda gowy sorag, her kim özüçe şu soragy berse gowy, internet barada, TV barada, kompýuter oýunlary barada... Onsoň bir gazanan gowy zatlarymy özümçe kelläme getirdim. Sizem pikirleriňizi goşuberiň! Meňkiler: 1. Dost gazandym! Dostluk meniň üçin gaty beýik zat! Özümiň "dostum" diýip biljek adamlary gazandym. Olaryň köpüsi aga, köpüsi ini, köpüsi gyz, köpüsem deñ-du$um ýaş boýunça. Umuman, DOST! 2. Tanyşlyk gazandym. Meniň her tanyşanym dostum bolan däldir bärde, köpüsi gaty görendir, köpüsi ýigrenendir... Ýöne tanyşlygam gowy zat. 3. Häsiýedim AZAJYK gowulaşdymyka diýýän. :-) Hawa, öň mundan hasam beterdi. Şu wagt köne temalara seretdim... baýbo-o-ow... pytradyp, oňuşman, hasam biderek ekenim. Häzir ýuwaşadym. Ýa kesellänim bäri şeýle boldummy, nämemi?! Aý garaz, men öňkä görä azajyk köpçüligiň adamy boldum. 4. Köp bilmeýän zatlarymy bildim. 5. Wagtymy mundan has erbet saýtlarda geçirmekden goradym. Azyndan adamlara peýdaly zatlary ýazdyk, okadyk. Ine, şeýleräk! Başga +laryny sizem ýazyberiň!

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir