35-nji ýyl.Sentýabryň 1-i, Güýzüň ilki güni.Iň ajap pasyl. ýadymdan çykanok henize çenli, Soňky deme çenli çykmazam asyl. Mekdebiň deregne-kiçijik kepbe, Partanyň deregne-ýasama stol. Her stol başynda dört sany çaga, (Käbirinde bäş hem bolmagy ahmal). Her çagaň elinde- ýönekeý galam, Her çagaň öňünde suratly "Harplyk". Göýä özümiz hem harplaň öňünde, Düzülişip oturan düşnüksiz harpdyk. Harp bizi tananok,biz bolsa harpy, Harp bize seredýär,biz bolsa harpa... Onýança-da birden garaja kepbäň Gyzylja gapysy açyldy jarka. ätledi gapydan bir uly adam (ýaşyny hasaplap otursam indi, Uly b/p görnen şol uly adam ýigrimä-de ýetmän ekeni şindi). "Salam!" d/p,ýüzümize seretdi Biz bolsa hiç zady görmedik çaga, Ne-hä jogap berdik,ne-de gozgandyk. Göýä bakan ýaly uly bir daga, Hemmämiz aňkaryp ýüzüne bakdyk. (ýyljyraklap bize seredýär olam). öňümizde bolsa- Suratly "Harplyk" ýene-de üç depder,ýene bir galam. Ilkinji salamy şonda öwrendik Salamy ozalam bilýärdik weli, Salam diýen sözüň uly manysyn Ilki öwredipdi mugallym dili. Watanyň başyna iş düşen güni, Moskwaň üstüne çökende bulut- Biz ü/n ilkiji boluşy ýaly, ýene-de gitdi ol ilkinji b/p. Gidişi,gidişi- Gelmedi gaýdyp... ýaşyny hasaplap otursam indi, Heniz öýlenmedik Nazar oglumyň ýaşyna-da ýetmän ekeni şindi. K.Gurbannepesow Hemmäňizi ýetip gelýän Soňky jaň güni bilen gutlaýan! Gelýärdik biz rafli, ýadyma düşdi wafli, Alaýynda açaýyn Paýlaýyn men hemmesin. Pikir etmesin iller "Gysganýar"diýip waflisin:D

Köneler, Servi tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir