******** Akylsyrap akmak boldum Nadanlaryň dilinde. Akamaksyrap akyl boldum Dananlaryň dilinde. ******** Edep-ekramdan wepa istäp,ýanlyk ýaýdym men, ýaýyp alan wepama päklik suwun çaýdym men, şum-pelek aňymda kän apy-tupan turuzdy... ýok!Dostumyň ýaryny Gün dek ene saýdym men. ******** Hemme diri-diri däldir ömürde Dirisi bar,ölüsi bar,ene jan! Hemme öli-öli däldir gabyrda ölüsi bar,dirisi bar ene jan! ******** öz watanyň boz tüssesi- Misli müşki-anbar ýaly. Biwatanyň gam-gussasy- Gallasyz boş ambar ýaly. ******** Sagdyn bolaýyn diýseň: öz durkuňa hekim bol! ýüzden aşaýyn diýseň: öz erkiňe häkim bol! ********* Tebigat pelsepesin nadanlara bilme ýok, Alymmy se,nadanmy sen-bir gideňsoň gelme ýok! Almaz kimin mermer hem gum bolar tozar gider, Emma belent adamyň paýhasyna ölme ýok. ******** öz mekanyn söýmedik tutuş dünýäni söýmez, öz enesin söýmedik hiç bir enäni söýmez! ******** Uly çeşme isteseň,çeşmesi deý pälwanyň, Al eliňe kätmeni,gir bir ýandan meýdanyň!... Kezzaplyga gol berip,ýalýogysy bolaýsaň, Her ýuwdaňda damagňy çalsyn tygy päk nanyň! ********* Bet gylyk mydam seni bet işlere iteklär, Degme il namysyna,il ýoluňy petiklär. özüňe ýakmajak zat,bilgin,ile-de ýakmaz: Pitikleseň gapyny,il seňkini köteklär. ******** Gördüm dostluga uýan ýedi sany merdany Olar ýowuz açlykda bir dänäni üleşdi. Gördüm ýedi dogany-bir-birine duşmany Tümmül bugdaýy otlap,ýedi gezek ölüşdi. ******** Her gün öýde tapsaň bir bölejik nan, Hurşuňa-da tapsaň çeşme suwun kän, ýüz tutma namarda,zähmete ýüzlen Başyň-asman onsoň,göwnüňem-meýdan! ******** Baýlyk bilen batyrlyk,pähim göwheri-güýçdir, Emma olöz iline hyzmat etmese hiçdir. Diňe hasapdyr halka edilen haýr-sahawat, Gara nebse çekilen tagallalaňhem puçdur, Il-gün üçin ýaşalan ömür-bagt-sadagat! ömür ölçegidir bu,şeýledir hak-hakykat! ******** -Aýtsana sen,eý agaç,geçirme-de nobatyň, ýel,gündenmi,nämeden egrelipdir kamatyň? -Abanyp il üstüne,gün bermezdim,aý..betdim! çekýän ýaşlyk jezasyn,öwrenere ýok hetdim. ********* Haý diýmänkäň ak ýüpek bor Tuduň bahar ýapragy. Seňem söýgüň päk bäbek bor Bezäp göwher topragy! *********** ýol üstünde gördüm düýn bir bölejik çöregi, Göz öňüme gelip uruş,awap gitdi ýüregim... Arman,şo bigadyra ýetenok-da emrim meň... ...ýöne eýýäm bir sere gysgalandyr ömrüm meň _

Köneler, Servi tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir