Şu gün açylan Konstitusiýa binasyny Türkiýäniň ”Polimeks” gurluşyk kompaniýasy gurdy. Bu binanyň beýikligi 185 metr bolup, onuň daşy fontanlar bilen gurşalypdyr. Onuň bahasy 45 million ýewro barabar. Adyny Arslan diýip tanadan aşgabatly studentiň aýtmagyna görä, Konstitusiýa binasynyň açylyş dabarasy gaty uludan tutuldy: ”Bu ýere talyplar, býujet edaralarynda işleýänler sürüldiler. Binanyň açylyşyna taýýarlyk 40 gün öňünden başlandy. Dabaranyň repetisiýasyna, esasan, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary sürüldi”. ”Olar kägünler bu ýere daňdan bäşde gelip, 4-5 sagatlap repetisiýa geçdiler” diýip, Arslan aýdýar. Onuň tassyklamagyna görä, kä günler öýlän sagat altydan agşam ona çenli repetisiýa geçildi. Maý aýynyň başlarynda, howanyň gaty yssydygyna garamazdan, günorta çaglary hem 4-5 sagatlap repetisiýa geçirilen wagtlary az bolmandyr. ”Konstitusiýa binasynyň töwereginde iýmek-içmek üçin hiç hili şert ýok. Talyplar bu ýerde, esasan, suwsuzlykdan kösendiler. Depäňden deşip gelýän Günüň yssysyna olaryň çaşyp ýykylany hem boldy” diýip, Arslan aýdýar. ”Bir gezek bolsa talyplar maý aýynyň başlarynda öýlän iki sagatlap ýagan ýagşyň aşagynda tä ezilýänçäler saklandylar” diýip, arslan Azatlyk Radiosyna aýtdy. Hemmeler gatnady Ýerli synçylaryň, şol sanda şahyr hem žurnalist Aşyrguly Baýryýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistanda metbugat her aý geçiriljek medeni çäreleriň we açyljak binalaryň sanawyny çap edýär we bu ýerde esasan hile, mazmuna däl-de, daşky görnüşe köp üns berilýär. Baýryýewiň pikiriçe, bu dabaralar hakykatda adamlar üçin horluga, jebre aýlanýar. Aşgabatly student Arslanyň tassyklamagyna görä, Konstitusiýa binasy dabara bilen açylýan hem bolsa, repetisiýa gatnaşan talyplaryň ählisi diýen ýaly Konstitusiýa binasynyň içiniň heniz doly taýyn däldigini bilýär. Ol Konstitusiýa binasynyň öňündäki repetisiýa hatda ministrler, welaýat, etrap häkimleridir olaryň orunbasarlary hem gatnadyldy diýýär. Aşgabatda ýaşaýan žurnalist A.Baýryýew şeýle çärelere getirilip, ýer tapylman, awtobusyň içinde ençeme sagat gabawda oturdylýan adamlaryň hem bolýandygyny aýdýar. Ol şeýle ýagdaýyň soňky Bedew baýramçylygynda hem bolandygyny sözüniň üstüne goşdy. Türkmenistanyň Kostitusiýasynyň 18-nji maddasynda kanundan daşary ýagdaýda hiç bir adamyň hukukdan kesilip ýa çäklendirilip bilinmejegi aýdylýar, 28-nji madda bolsa türkmen raýatlarynyň ynanç azatlygyna we ony erkin beýan etmäge we döwlet syry bolmadyk ýa kanun tarapyndan goralmaýan habarlary almaga haklydygyny aýdýar. Türkmenistanyň konstiutsiýasynyň 29-njy maddasy bolsa kanun esasynda ýygnaklar, mitingler we demonstrasiýalar azatlygyny kepillendirýär. Emma synçylar Konstitusiýanyň bu maddalarynyň ýerine ýetirilmän, hatda Konstitusiýanyň kabul edilmegi bilen bagly dabaralarda hem adam azatlyklarynyň we hukuklarynyň gödek we yzygider bozulýandygyny aýdýarlar.

Köneler, demokratiya tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir