Sag bol,durmu$! Sag bol bereniñ üçin! $ükür,saçagymda kemenok çörek. Ýöne adam çörek bilen adam däl, oña ba$ga-da kän, kän zatlar gerek. Sag bol,durmu$! Sag bol bereniñ üçin! Ýagy$laryñ üçin,garlaryñ üçin. Ýöne ýagy$,gara juda höwrügip, adamyñ hasratdan ölmegi mümkin. Sag bol,durmu$! Sag bol bereniñ üçin! Il deñinde ýar ýerinde ýar berdiñ. Ýöne ýaryñ saçyn ýassyk edinip ýatmak gylygyna syganok merdiñ. Dahana ses berdiñ waspyñ diýere, dost berdiñ $ol dosta mynasyp saýyp, dost kyn günüñ gerek. Du$manam berdiñ. $at günümde aglap biljek ajaýyp. Saglyk berdiñ,duýgy berdiñ köñlüme, dözdüñ meni gy$yñ añzak ýeline. $u zatlaryñ a$agyndan çyk diýip, iñ soñunda galam berdiñ elime. Bu baglaryñ göwi,egri hatary, gülleriñ,günleriñ müñ hili reñki. Adamlaryñ sary aýralyklary, elwan du$u$ygy-bary meniñki. Gije-gündiz galamymy oýnatdym, habar sorap gülden,ýagy$dan gu$dan. A$agyndan çykar ýaly däl eken, kän zat alan ekenim men durmu$dan! Ýöne neçün mende kinäñ bar ýaly- berenlerñi alýañ ýuwa$-ýuwa$dan?! Ýa-da onuñ bolmalysy $eýlemi? Eýýäm aýra dü$düm niçe deñ-du$dan. Atyñ eýerinde tans oýnaýyn, ýolbars deý böwseýin oduñ halkasyn. Köp zat berdim diýip gynama meni, berenleriñ üçin tañryýalkasyn! Pursat ber,howlukma,gyssama meni, älemgo$aryña bir ga$ kakaryn. Öñümde ak kagyz,elimde galam, menem bir gün bergilemden çykaryn!
Sag bol, durmu$!
-
ependi
13 years ago
- gowy yazypsyn Sapa sagbol:)
-
Tourist
13 years ago
- Örrrän gowy go$gy
-
ahmetjan18
13 years ago
- Sag bol dost ajaýyp go$gy
-
gonurdepe
13 years ago
- Салам фриендшип. сапак овредижи говы гошгы екен. саг бол
-
Abadan
13 years ago
- G.Ezizow bn K.Gurbannepesowyn durmus hakdaky gosgularyna soz yokla.
-
dentist
13 years ago
- berekella ajayyp
-
idealman
13 years ago
- tuweleme,medal w studiyu!
-
Bahbit
13 years ago
- Salam agzalar. Sapa kaka berekella arasynda halypalaram ýatlap durhow dost
-
turkmenntug
13 years ago
- saralan kitap sahypalary göz öñüme gelip gitdi. . . Sagja bol sapa dost!
-
Servi
13 years ago
- Dorudanam,sag bol friendship!
-
littil
13 years ago
- gaty manyly goşgy
-
Auditor
13 years ago
- Berekella berekella berekela berekella....!
-
ozik
13 years ago
- sapa sag bol paylashanyng u.n!
-
Friendship
13 years ago
- Minnetdar, servi, auditor!
Baýragyñ üçin sagja bol, ozik!
-
ependi
13 years ago
- Sapa haçan toy?
-
ependi
13 years ago
- Nätdiñ aýtdyñmy?
-
Friendship
13 years ago
- Ýok, aýtmadym! Aýtjagam däl! :-)
-
Auditor
13 years ago
- Sen bize aýt Sapa, eppi ikimz gylyny gymyldatman gyzgyny bilenjik elteris ol perizada
-
Servi
13 years ago
- Friendship bir goşgy gatyşykly oýlanma ýazsana,haýyş!
-
ependi
13 years ago
- Howwa ayt kimdigini audi ikimiz dash edyas:)
-
Auditor
13 years ago
- Eppi sen agentdada Sapan eylesine beylesine gec, belki sana aydar
-
Friendship
13 years ago
- Aýdaýsammykam... (Pikirlenip duran smaýlik)
-
ependi
13 years ago
- Ayt hany bileli
-
Auditor
13 years ago
- Aydaysana (bilesigelijilikden gözleri ýldyz yaly yanyan smayl)
-
Friendship
13 years ago
- :-)
Polkownik 13 years ago- Sakam friendiship örän gowy ýazypsyn bet ekden berekela .