Bu gün doglan güni auditorymyzyñ, geliñ,oña päk arzuwlar seçeliñ! Geregi ýok piwo,eýle-beýläniñ, iñ bolmanda,napitok bir içeliñ! Ilki tosta men ba$laýjak,agzalar, hany,alyñ ellerñize bokaly! Meni diñläñ!(size ullakan haýy$!) soñra siziñ aýdanñyza bakaly. Hawa,gülnar,bu gün 19 ýa$a gadam urýañ.batly bolsun gadamyñ! $atlyk-$owhun hemra bolsun ömrüñe, gül döretsin äden her bir ädimiñ! Iñ esasy,saglyk bersin hudaýym, okuwlañam üstünlige baý bolsun! Ýürek bilen güleniñde her gülkiñ, bilbilleriñ owazyna taý bolsun! "Goý,elmydam bahar bolsun durmu$yñ, gy$ diýen zat ömürbaky ýat bolsun! Saza meñzäp ötsün ötegçi günler, agyr ýüküñ abraý bilen at bolsun!" eneñ-atañ guwansynlar sen deýin, perzentlerniñ barlygyna hemi$e! Dik tutup gez ba$yñ köpetdag ýaly, okgunly bol ba$lanyñda her i$e! (arzuwlarym wesýet bolup barýarmy? Aý,bolýa-la!)iñ esasy bagtyñy öz elleriñ bilen gazanmak üçin, tyg$ytly tut zerden gymmat wagtyñy! Indi nobat size ýetdi,dostlarym! Menem $eýdip jemläýeýin tostumy! Doglan günüñ gutly bolsun, gülnar! Elmydama gülüp ýa$a!

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir