Salam hormatly agzalar. Men bu mowzugymda türkmen halky tarapyndan az wagtyñ dowamynda uly meşhurlyga, öçmejek söýgä mynasyp bolan şahyrymyz Gurbannazar Ezizow barada gysgaça maglumatlary siziñ bilen paýlaşmakçy. Öñ bilýänem bolsañyz zyýan etmezmikä diýýän. Gurbannazar Ezizow (1940-1977) Geçen asyryň ikinji ýarymynda özboluşly talanty bilen gysga ömründe türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyrmagy başaran şahyr Gurbannazar Ezizow Aşgabat etrabynyň Büzmeýin obasynda 1940-njy ýylda eneden bolýar. Ol 29-njy orta mekdebi tamamlap, Türkmen Döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Gurbannazar on bäş ýaşyndaka, onuň ilkinji goşgulary çap edilip başlanýar. Döredijilige ýaşlykdan bütin durky bilen berlen G. Ezizow uniwersiteti tamamlansoň, çagalar neşirýatynda, soňra “Edebiýat we sungat” gazetinde, Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginde işledi. Ol iň köp okaýan şahyrlardandy. Mydama gözlegdedi. G. Ezizowyň döredijiligine täzeçillik, az sözlülik, çuň many-mazmunlylyk, özboluşlylyk , kapyýa (içki sazlaşyk, bogun sazlaşygy, äheň sazlaşygy) mahsusdyr. Ol redif, refren, omonik rifmalar, setiriň başyny ritmalaşdyrmak, içki ritmi güýçlendirmäge köp üns berdi. Türkmen edebiýatyny täze forma we mazmun bilen baýlaşdyrdy . G.Ezizow ýüzlerçe täzeçil, gowy goşgular bilen birlikde türkmen edebiýatynda ilkinji bolup “Sönetler çemenini” döretdi. “Daş gyz”, “Pikir derýasynda akyl gämisi”, “Söýgi”, “Güýz” poemalaryny, “Nesiller”, “Uruşdan soň”, “Tabyt” dramalaryny, “Görogly” şadessanynyň librettosyny ýazdy. Türkmen sährasy Bahar meýlisinde çyksaň seýrana, Türkmen sährasynyň aldyr gülleri. Başyň sypap seni goýar haýrana, Belent daglaryndan öwsen ýelleri. Gara bulut gelip, zemine çöker, Al-asman gübürdäp, depregin kakar. Daglardan sil akar, ýene gün çykar, Gyz-gelin doldurar reýhan çölleri. Ýagyşy ýaraşar ýaýlaň ýazyna, Gerçekler bendidir aşyk gyzyna. Sesin goşup dutar, gyjak sazyna, Saýrar illerimiň şirin dilleri. Serpaý Söýüň meni – ýürek söýgi küýseýär, Şeýle bir küýseýär – ýok çaky-çeni. Ýekeje adama ýeterlik söýgi Bilen bir pursatlyk söýüň siz meni. Maňa kän zat, Uly bir zat gerek däl, Eliňizi ýüregňize goýuň siz: Size söýgi bilen ýüzlenýän günlem Sözlerimi kesä çekmän söýüň siz. Söýüň meni – ähli erki hem durky Bilen size tarap ýollar çekeni. Ýeke özüň söýüp ýörseň elmydam Birazajyk agyr düşjek ekeni. Söýüň meni – siziň sadyk guluňyz, Soňra menden size galar şeýle paý. Men size bahasyz serpaý ederin – Şalaryň elinden gelmejek serpaý.
Gurbannazar Ezizow
-
Adgjmptw
13 years ago
- Minnetdar Adalatly!
-
MELS
13 years ago
- Sagja bol, Hezil Edip Okadym Goshgylaryny..
-
Adgjmptw
13 years ago
sagja bol, hezil edip
minnetdar Mels!
okadym goshgylaryny..
mels | 2011-04-15
23:30:16
-
mirasymyz
13 years ago
- Sagja bol, dost. Talyplara gorkezyan yhlasyng uchinem sagbol. Shahyram gowy edip tanatdyng.
-
Toty
13 years ago
- Söýüň meni – ähli erki
hem durky
Bilen size tarap ýollar
çekeni.
Ýeke özüň söýüp ýörseň elmydam
Birazajyk agyr düşjek
ekeni.
men halayan sözlerimiň biri
sag bol teman üçin
-
jeyn91
13 years ago
- sagja bol gyzykly maglumatyn hemde goshgyn un
-
Adgjmptw
13 years ago
- Ähliñize-de minnetdar dostlar!
-
makez
13 years ago
- BETJE YAZYPSYNAY
-
aldarkose
13 years ago
- Gurbannazar agan nadip olenini bilyaniniz bamay herkim bir zat diyip gurrun berya doly bilyan ba bolsa aytsanyz sizden onem hoshaldim hasam hoshal bolardim :))))))
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- adjg.. Sag bol yazan teman ucin
-
Abadan
13 years ago
- Sag bolyñ adgjmptw ,ýene beýleki $ahyrlar hakda-da ýazypdur.
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- gaty gowy
-
ozik
13 years ago
-
magnit
13 years ago
- bu $ahyr beyik adam! Ýöne munyñ nädip yogalanyny aytmazlar!!!
-
makez
13 years ago
- awarya bolyarow o pahyr
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- cynynmy
-
Anakonda
13 years ago
- Beýik shahyr! Bu shahyra ýazyñ hem güýzüñ shahyry diýýärler!
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- hawwa $ona bilyan
-
magnit
13 years ago
- awariya bolanok! Ony atýa granissada bir soldat! Ýöne gep owadanlamak u.n "awariya boldy" etyaler!
-
makez
13 years ago
- wagtynda gaty bet shahyr bolonow o 18 sany ors ayaly bar eken birem t men eken
-
makez
13 years ago
- ay men bilyan zadymy aytyanow magnit dos
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- sen nirden bilyan
-
magnit
13 years ago
- kim?
-
makez
13 years ago
- mana shon oz dosy aytdow
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- menä olar yaly zat aydamok sana
-
demokratiya
13 years ago
- g.eziziow 1975nji yil aradan cykyan bolaymasyn, 35 yashynda. Onsanam
' sowut' diyen obada dogulan bolmaly. Dost sen bashgada maglumatlara seredip gor. Menin okan maglumatlarymda sheyledi
-
makez
13 years ago
- PAHANAM IR YOGALYPDYRMY NAME SHON
-
yyldyrym89
13 years ago
- Gurbannazar Ezizow barada kan bilemokdym, sagbolyn gyzlar oglanlar.
-
yyldyrym89
13 years ago
- Söýüň meni – siziň sadyk guluňyz,
Soňra menden size galar şeýle paý.
Men size bahasyz serpaý ederin –
Şalaryň elinden gelmejek serpaý.
Shu setirler hasam gowy ekeni. Shu dunyade, shuwatda çyndan söýýän adam bamyka?
-
Adgjmptw
13 years ago
- Men hem bu şahyr Gökdepe etrabynyñ Söwütli obasynda dünýä inýär diýen ýaly maglumatlary bilýärdim Demokratiya dost! Belki bir ýalñyşlyk bolandyr-da!?
Ýokarda bellemek ýadymdan çykypdyr.
Maglumatlar Almagül Ýusubowanyň «Türkmen edebiýatynyň taryhy ösüş döwürleri» atly
kitabyndan alyndy.
« Başkent» bilim
merkeziniň neşirleri.
Aşgabat 2005.
-
magnit
13 years ago
- badyr, yöne azyrakdyr :)
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- yyldyrym bet
-
Adgjmptw
13 years ago
- Gadyrly dostlar, hemmäñize öz minnetdarlygymy bildirýärin. Ozik, saña-da gowşuran medalyñ üçin aýratyn minnetdar dost!
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- wsegda pojalusta
-
Maykl
13 years ago
salam adgjmptw. Yatdan cykmajak shahyrymyzyñ biri Gurbannazar Ezizow, minnetdar temañyz ücin!
ADALATLY 13 years ago
Sag bol dost.