Salam hormatly we gadyrly agzalar! Aslynda durmuşda düşünip bolmaýan ýapyk we syrly ylym çeşmeleriniñ öte känligini elbetde biziñ ählimizem bilýäris. Köp soraglary jogapsyz goýýan syrly dünýäniñ gör, näçe milliardlap çözülmän galan meseleleri bar. Belki ol syrlar geljekgi müñýyllyklaryñ dowamynda aýan bolar, belki-de olar indi hiç haçanam adamzat nesline äşgär bolmaz. Indi şu ýerde aýtjak bolýan zadym biziñ türkmen halkymyzyñ arasynda giñden ýaýran, ynanylmasy kyn bolan, eger ynanylan ýagdaýynda hem hiç kim tarapyndan doly we dogry düşündirilmezden, "diñe aýdylan zatlary etmeli" diýen düşünje bilen ýerine ýetirilýän ÇILE meselesiniñ üstünde durup geçesim gelýär. Mysal üçin, iki ýaş çatynja durmuş toýuny tutýar, ana şol ýerde iki juwan hem çileli bolýarmyşyn. Kyrk günläp toýa, ýasa barmaly dälmişin. Toýa barjak bolsa toý edýäniñ eýesi duz çalyşmalymyşyn. Bäbekleri bolansoñ ýene-de kyrk günläp äri, gelni we bäbejigi çilelimişin we ýene-de ýokardaky düzgünler. Bir zat bolsa, mysal üçin çagajyk dümewlese, ejesi ýa-da kakasy syrkawlasa dagyn boldugydyr. "Çile düşendir" diýişýäler. Nähili düşýä, nädip düşýä, näme üçin ala-böle diñe türkmen halkynda şeýle bolýar? Sorag berseñem kanagatlandyjy jogap ýok. Ýa-da "Çile" diýilýän zat aýylganç bir wirusmyka, ýa bakteriýamyka, ýa-da ol diñe türkmene Beýik Alla tarapyndan iberilen serpaý ýa jezamyka? Magtymgulynyñ, Kerim şahyryñ, Seýdiniñ, Mollanepesiñ we beýleki öwreniji, ýazyjy alym şahyrlaryñ kitaplarynda şeýle ýazgylar ýok. Bu zatlar kimiñ işikä? Kim bu zatlary açyş edip subut etdikä? Umuman "çile" meselesinde gaty kän soraglar ýüze çykýar we doly düşündiriş berip bilýän adam ýok. Diñe bir zat: "öñden gelýän zat" gadyrly agzalar, dostlar, şu mesele boýunça öz pikirleriñiz, garaýyşlaryñyz bar bolsa belläp bilersiñiz! Menä belli jogap tapmadym şu meselede...
Ynanylmasy kyn bolan, subutnamasyz jogaplar.
-
kalendar
13 years ago
- mende sheylerak pikir bar hacanda adamlar ozinin dushinip we akyl etirip bilmeyan zadyna - bu huday tarapyn diyip gecyarler we bu soraglar hacan cozilerkan
-
Friendship
13 years ago
- Salam, adgjmptw! Bu "çile" diñe türkmenlerde dü$ýärmi diýipsiñ! Meñ pikirimç-ä bu halkyñ öz arasynda ýaýran ynanjy üçinmikä diýýän.
"Näsagy sagaldýan derman däl-de, lukmanyñ ho$amaý sözleri" diýmeýärlermi näme?! Esasy zat ynam.
$oñ üçinem bu mesele hem ynam, ynanç bilen baglymyka diýýän!
-
ozik
13 years ago
- hemmelere salam! chaga syrkawlasa chile dushdi diymek nadogry! Chang kichijek bolanson bedeni yashayan sferasyna uygunlashanok, onsonam kop kishi chagany gaty yyly yada gyzgynrak komnatda saklayalar, ushaymesin diyip, bu nadogry hereket, komnaty wagtar wagtar shemalladyp durmaly, komnatyn ichi gyzgyn bolmaly dal, salkyn bolmaly, gyzgyn yerde wiruslar kop bolya, dumew ya shona menzesh zat. Uly adamlar name zat iysede kan bir ichi agyrmayar, emma her gun emip yoren chaga, uytgeshigrak zat iyse ichi agyryp biler ay umuman syrkawlap bilya, onson name u.n beyledigine dushunmeyanler chile dushupdir diyyan bolaymasa, meng pikirima shun yaly.
-
Toty
13 years ago
- 'ÇİLE' BEYLE ZAT BARMY YOKMY BILEMOK YÖNE GÖZ DEGMEGİ ONA ŞONA BAŞGAÇA ATLANDYRAN BOLMAKLARY MUMKIN GÖZ DEGMEK YLMY TARAPDAN SUBUT EDİLEN. MENEM PIKRIM ŞUL
-
mirasymyz
13 years ago
- gaty gowy tema. Ozem kan mesela degip gechyar. Nesip bolsa pikirimi ertir yazaryn.
-
ynsan
13 years ago
- gyzyklanyp gormedik zadym. Bilmek gyzykly.
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- mena muna dine yrym diyip biljek
-
spartan
13 years ago
- adgjm...dost adyna kynyrak eken niredenem tapan bolsan))teman gen we tasin umuman pikir alyşmaga oňayly...türkmenlerde yslam dini gelmanke kabir yalnyş ynançlar bar eken, şolarynam köpüsi gynansakda entegem bizde galypdyr we bizin sünnümizden çykmasy kynyrak...in nolmanda wagt gerek boljak.Men bu zatlaryn entegem dowam etmesi bizin öz nadanlygymyz hasaplayan.Aslynda ne dinde ne bilim bular yaly zat yok.dine taret meselesi yüze çykyar...biz kabir hakykatlary kabul etmejek bolyas aslynda olar dogry zatlar...bu temada esasy yük dini adamlara düşya(dini hakykkatdanam gowy bilyan)kabir mollasumaklar bar yeke kitap okaman özüni alym hasap edyanler ana şonun yaly adamlar jemgyyete şular yaly zyyan beryar....
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- jenap spartan siz gaty dogry aytyanyz
-
DG
13 years ago
- Menä öñ çile hakda pikirem etmändirin,ýöne menä $u adamlañ "göz degendir"diýýän sözleri nämeden gelip cykany gyzyklandyrýar.
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- ony bilmek ucin bärik ata-babalarymyzy salmaly bolaymasak
-
Adgjmptw
13 years ago
- Spartan, näme üçindigini bilemok welin, señ aýdanlaryñ ählisi bilen ylalaşasym gelýär!
-
Adgjmptw
13 years ago
- Spartan, näme üçindigini bilemok welin, señ aýdanlaryñ ählisi bilen ylalaşasym gelýär!
-
Adgjmptw
13 years ago
gaty gowy tema. ozem
kan mesela degip gechyar.
nesip bolsa pikirimi ertir
yazaryn.
mirasymyz | 2011-03-30
03:36:07
garaşýan?!
-
myahridjemal
13 years ago
- Voobsheto mesele dogry ve gyzykly esasanam bizin yurdumyzda sheyle,ata babamyzam kulturny bolmandyr bizede do kultury daleko :-) turkmenlen gadymdan gelyan dermany dasyndan uch sapar yuzarlik aylayan i hemme kishi sagat ve bagtly:-) yone basga yurtlar beyle da meselem turciyada raka garsy serisde taypdyrlar gaty begendirya .
-
Auditor
13 years ago
- Mena fantaziyam yetenogay bu tema jogap yazmana. Kyn mesele
-
Adgjmptw
13 years ago
- Yslam aga, bu barada senem öz görkezmeleriñi belläýseñ gowy bolardy!
-
Tilkijik
13 years ago
- Turkmen milletinde yrym kan! Shu chile diyilyan zat bir adamyn oylap tapan zady bolaymasa , sebabi Musulman dinimizin mukaddes kitaby bolan Kurany kerimde bolmadyk zat asla guna daldir onda gunade keselem bolup bilmez... bu menin oz pikirim
-
Tilkijik
13 years ago
- Men chile we yene-de kop yrymlara ynanamok. Bu kop dinlilik bolar, guna bolar!
-
mirasymyz
13 years ago
gaty gowy tema. ozem
kan mesela degip gechyar.
nesip bolsa pikirimi ertir
yazaryn.
mirasymyz | 2011-03-30
03:36:07
garaşýan?! Adgjmptw | 2011-03-30 21:55:34
Dost käbir sebäplere görä jogap ýazyp bilmedim. Indi ýyldyz, göz degme, çile hakynda düşünjämi aýdaýyn.
Meniň özümem şular barada her kimden soraşdyryp gördüm. Molla adamlardanam soratdyryp gördüm. Imanyň 7 şerti bar diýýäler, onuňam biri haýyr-şeriň Hudaýdandygyna ynanmak. Beýlekilerem Hudaýa ynanmak, perişdelere ynanmak, pygamberlere ynanmak, kitaplara ynanmak, ahyrýet gününe we öleňden soň direljegiňe. şular eken. namaz öwredýän kitaplarda bardyr.Awariýa bolsa-da, çaga ýaramasa-da, ýakynyň aýrylsa-da hemmesi Hudaýyň işi eken. Imanly adam şo bolýan zatlary başga zada ýöňkemeli däl eken. ýöne şu meselede wahhabiler berk durýan eken. adgjmptw sen gökdepeli bolsaň eşidensiň Çary ahun diýip. Berdi Kerbabaýewem başda Çary ahundan sapak alypdyr. Ýöne soň dowam etmändir diýip ýaşulylar gürrüň edýär. men çalaja Çary ahun hakda eşidenimi aýdaýyn.
Bir gün bir türkmen ylym almak üçin Buhara barypdyr. Şo ýeriniň mollasy muňa şeýle diýipdir: - inim bu ýeriniň ylymyny iki sany kör teke alyp gitdi ahyry- diýipdir. Olaryň biri marydan molla Töre ahun, birem Çary ahun. ýalňyşmasam ikisiniňem bir gözi kör bolupdyr.
Meň diýjek bolýanym şu wagtky türkmen ýaşuly mollalary şo Çary ahunyň ýoly bilen gidýäler. Şolarda wahhabiligiň hiç-hili ysam ýok. Şolaram şu ýyldyz, çile, meselelerini goldanok.
bir gün toý etjek bolup bir ýaşuly maslahat salaýyn diýip Berdimyrat ahunyň (hitrowkada ýaşap geçipdi, Türkmenbaşy hem sylar eken)ýanyna barýar: - ahun aga, toý etjek bolýan weli öňüňde ýyldyz bolýarmy - diýip soraýar. Berdimyrat ahunam: - Pylany bizä ýyldyzy agşam asmanda görýäs - diýip jogap beripdir. Toý etjek bolýan ýaşulam - bu, heleýlerä bar diýýär - diýipdir. Ahun aga-da:-Git onda heleýler bilen maslahatlaşda-diýipdir.
Muny ýazýanymyň sebäbi şu meselede garşy çykana wahhabi diýäýýäler, käbir adamlar. Türkmen ýaşulylarymyzyňam şo yrymlary goldamaýandygyny aýtjak bolýan. Ýöne göz degmek hakyky bar zat diýýäler. Adamyň gözi başga adama degip ýarawsyz edip bilýän eken. Dogalamagam hakykatdanam bar eken. Pygamberimizi hem bir jadygöý aýal dogalapdyr diýip eşitdim. Elbetde ýaşulylaň gürrüňi. Ine meňä adgjmptw aýtjaklam.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Mirasymyz, seniñ aýdanlaryñ bilen doly ylalaşýan dost! Men senden şeýle jogaba-da garaşýardym, düşündiriş stiliñ ýokary derejede we doly kämil eken. Minnetdar Mirasymyz!
-
mirasymyz
13 years ago
- adgjmptw, bolýar jogap ýaran bolsa, dost saňada minnetdar.
-
Toty
13 years ago
- MIRASYMYZ SEN HAKYKATDAN BİZİN MIRASYMYZ DYGYNY SUWUT ETYAN
-
Toty
13 years ago
- BİZİN DİNİMYZ ŞEYLE BATYL,KÖR YNANÇLAR DINE TURKMENLERDE AHLI MUSULMAN HALKLARDA EDİL BİZİNKİ YALY BOLMASA KÖP ADATLARY YRYMLARY MENZEŞ.MYSAL ÜÇİN BİR ADAM ÖZÜNİ BİR HİLİ DUYYAR ŞONA KELLESİNDEN GURŞUN GUYYALAR ŞOL SUWUNDAN İÇİRYALER ŞOL ADAM GUTULYP GİDYA SEBABİ ŞONA YNANYAR.BAŞGA BİRİ BOLSA EDİL ŞOL YAGDAYDAG DERMAN ATYAR OLAM GUTULYA INDI ŞU İKİSİNİN TAPAWUDY NAME ŞONUN YALY YAGDAY BOLSADA NAME HUDAYA ŞIRK BOLYAMYKA NAHİLİ PİKİR EDYANİZ
-
mirasymyz
13 years ago
- toty, size-de sagbolsun aýdýan. gyz agzalarymyzdan siz, ayyuzli, ayjagash (başgada bardyr welin bagyşlarlar-da, atlaryny tutmanym üçin) size hormatymyz uludyr. elbetde ýazýan jogaplaryňyz gowy bolansoň. bir temaň yzyna kimiň jogap ýazanyna seredip girýän, men-ä. öz halaýan agazalam jogap ýazan bolsa girip okaýan. Sizem şolaryň içinde.
Soragyň hakynda pikirimi aýtsam, şypa berýäniň Allatagaladygyny bilse şirk bolmazmyka diýýän.
-
Tilkijik
13 years ago
- Muna ynam bilen ozuni bejermek diyilya
-
ShirTurkmen
13 years ago
- Salam sizin hemmaniz Medniyetli Ylymly dunya swilizasyasyna dushunyan adamlar. Men sizin bir tamany dine cuyretmek dusunjede bolusynyza URYSHGAN nazary bilen garayan. Sebabi haysy mesle bolsun ilki gowy ogrenilmeli. Tukmen elbetde halk arasynda sonradan giren yalnysh dapler hem bar. Siz bolsa shol yalnysh dapler bilen bile turkmen dap dessurlar barsyny bir jaya salyp yakyp goyberjek bolyanyz. Hazir bolun on icinde ozunuzem yanayman. Ol pikirler entek sizin kanagatynyz, umumy hakykatlar dal ahyryn siz olary teoriya hokmunde adamlara teklip edip dushundirjek bolyasynyz. CILE meselesi GOZ degmek baradaki TURKMEN AGAN oyun etmeli dal. Bu meselani mail.agentden kim ogrenmek islese ginishleyin duhundirip biljek. sahypa hat bilen bolonok. Men duhundirmesenizem bilyan adamlardan soralyn.
- Yldyzyny bilemok yone , Ahun agalaryn CILE meselsini golanok diyip arkayyn aytman. Anygyna yetin. Senin bolshun ozuni hem adamlary aldatmak sen (Şolaram şu ýyldyz, çile, meselelerini goldanok) diyip goybermeda
Bu menin pikirim, mendenem son GATY gorman.
-
mirasymyz
13 years ago
- shirturkmen aga, adam aldamaga niýetimde ýokdy. mümkin ýalňyşyp bilerin. Ýöne özüňiz ylymyny bilýän bolsaňyz aýdyň. garaz düşnüşeris.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Shiriturkmen aga, belki siz hem bu barada düşündirişli subutnama bilen öz bilýänleriñi biz bilen paýlaşarsyñyz, ählimiziñ hem bilip goýaýmaly meselelerimiziñ birimikä diýýän menä!?
-
mirasymyz
13 years ago
adgjmptw! Shirtürkmen aga meniň jogabyma ters düşünip, ýokarkyny meniň üçin açdy öýdýän.
-
idealman
13 years ago
- friend,dogry.esasy zat ynam!
-
Ayyuzli
13 years ago
- Mirasymyz salam.goz barada men on bir tema acypdym, okaryn diyseniz, agzalaryn gyzykly we ygtybarly commentleri bardy.
yokardakylary doly okamadym, yone gurrunin bir ujunda cile mowzugynyn bardygyna dushundim. Hakykatdan hem, "cile dushyar, cileli" diyen gurrunleri kan eshidyas. babek belli bir wagta cenli kopculige cykarylmaly dal, myhmancylyga baryan yerinde babek bolsa ozunkini akitmeli dal,gelnalja gidende yanlarynda corek bolmaly, onlerinden cykan kejeba corek bermeli, olarynkyny almaly....yogsam cile dushyarmishin. wagty bn toy etmeyanlerem cileli hasaplanyar. onson shol cile acdyrmaly diyip molla-mufti gatnayar halk pahyr. mukaddes yerlerde cile agaclary bar bilyandirsiniz. mata bolejigini danyarlar shona ya-da sac bagysyny goyyarlar. garaz, durmushymyza ornashypdyr shu zatlar. yalnysh dushunje, beytmeli dal diyip diymankanem, "agzyndan suydun ysy gitmedik caga, otur, akyl berme" bolayyar :) :) :)
-
vesna87
13 years ago
- mena gudrat,goz degmek duysh gormek,duygurlyk diyilyan zatlar ynanyan. Yone cile dushyamish diyen dushunje bolsa halkymyzda onden bar.men birzada dushunmedim eger ahunlar cila ynanmayan bolsa in mukaddes yerlerimizde chile agajy bolya.hemmanize tanysh yer ak ishan owlyadada bar cile agajy.
-
vesna87
13 years ago
- men koprak yazasym gelyada wah telden giryanda.yazmak gynrakda.
-
turkmenntug
13 years ago
- hovlukmada,dem dync alyp yazyberiñ,Bahar hanym!
-
turkmenntug
13 years ago
- voobsheto mesele dogry ve gyzykly
esasanam bizin yurdumyzda
sheyle,ata babamyzam kulturny
bolmandyr bizede do kultury daleko turkmenlen gadymdan gelyan dermany dasyndan uch sapar yuzarlik
aylayan i hemme kishi sagat ve bagtly yone basga yurtlar beyle da meselem turciyada raka garsy serisde
taypdyrlar gaty begendirya .
myahridjemal | 2011-03-30 22:01:51
Mährijemal dogan,lukman hekimemä $u töverekden bolmaly...
BETMAN 13 years ago- adgjmptw oran govy tema! yone hazirlikce hic zat aydyp biljek dal! sebabi bilemok! yone meninem bilesim gelya!