eliňe galam aldyňmy – ýaz. eliňe pil aldyňmy – gaz. ýazan zadyn küpür bolmasyn, gazan zadyn çukur bolmasyn. ýazma jäjek dakylsyn diýp, gazma biri ýykylsyn diýp. güli keýpine ýolma, özüňden razy bolma. ilki günä edip, soň etme puşman, özüňi hasapla ilkinji duşman. özüňe sög, sögme büdrän daşyňa, sanama, şükür et ýaşan ýaşyňa. ýere bakyp ýöre, daşda ýazyk ýok, bimany sowrulan ýaşda ýazyk ýok. howlyňda it saklama, ýal ýagysyn ekleme. gyzyňa ýüpek geýdir, ogluňa çepek geýdir. päliňi belent tutma, hem bir zady unutma: oglanyň on ýylda getirjek derdin gyz ýeke gijede getirip biler. biabraýlyk eşek bolup depende, dost diýeniň, duşmanyňdan öň güler. goý, egniňde jul bolsun, bar ýetmeziň pul bolsun, o zatlar bir möhüm däl, manlaýyňda möhür däl. bir gün gara bulut syrylyp gider, ömür gülle deýin sygyryp gider. goý, duýdansyz ajal demiň sogursyn, giden pilläň ýeriň garalyp dursun.
Gowja gosgy eken
-
Adgjmptw
15 years ago
- Myratmeredow, sen bet goshgy ýazypsyñaý, nireden tapdyñaý? Berekella!!!
-
ependi
15 years ago
- sagbol gowy goshgy eken
-
myratmeredow
15 years ago
- sahyr Nuraly Nurmyrat
-
Satmak
15 years ago
- Baa gowja ekenay
-
Eldarado
15 years ago
- Obadaš gošgyňa bet eken.
-
Eldarado
15 years ago
- gošgyňa bet eken.
-
Ayjeren
15 years ago
- manyly goshgy eken!!!
-
idealman
15 years ago
- gowy shahyr eken nuraly nurymyrat.senem erbetd al yazyan ekenin dost)))
-
DG
15 years ago
- Doklukdan gägirip harlama a$y,
nadan ki$iñ basym çolar da$y
$ygyrýet dúnýäsi bir derya bolsa
ýúrekden gaýdýandyr onun gözba$y
***
ýag$y hem,yaman hem ömùrden geçer
gún tygy ne$terdir,úmúrden gecer
bilgin,yalan gùrrùn yaramaz yapa
emma dogry gùrrùñ demirden gecer.
-
best
15 years ago
- sen kitapsyn, wagt serper her gatyn,
Bu kanundyr kem-kem gacar gurbatyn.
Ahyr pelek atly zalym "ussanyn"
Acaryna gabat geler nurbatyn.
-
Ayjagash
15 years ago
- Sag bolun myratmeredow diysen manyly goshgy. Yene yazyp durun.
-
myratmeredow
15 years ago
- eldarado obadas diyip yazypsyn/ men obamdana dalsin?...
-
Eldarado
15 years ago
- Menem herrikgaladan özem budýondan siziň köčäňizden 2köče bärde
ýašaýan.menä seni tanaýan sen meni tanamarsyňmyka diýýän
men senden ýašym ulyrak
-
serkan
15 years ago
- Ata-babalarymyz dowrunde goshgy yazyan az ekenide, goshgyny okayanlar kan bolupdyr. Indi bolsa tersine goshgy duzyan kande, okayan az
-
myratmeredow
15 years ago
- gorsema tanardym
-
Bahbit
15 years ago
- Dost gaty gowy go$gy ýazypsyn ýöne awtory $iraly nurmyratmy ýada nuraly nurmyratmy
-
myratmeredow
15 years ago
- $iraly nurmyrat
-
Bahbit
15 years ago
- Myratmeredow men bu $ahyra uly hormat goýýan oñ ktabyny nireden tapyp bolarka dost
-
azizbek
14 years ago
- oran gowy duzulen goshgy super!!!
-
Ayazdayy
14 years ago
- Oran gowy hemde manyly sag bol dost yene yazyp dur
-
Shajy
13 years ago
- www.mobik.ru
-
tekegyzytatyana
13 years ago
- Tema acylanyna degyan gosgy eken yetirenin ucin sagbol
Bagyr 15 years ago- gosga gowy eken dost eline guller bitsin oran manyly yone kim yazdyka awtoryny bilip bolmazmyka dost bilsen sonam yazayda hayst edyan!!)))