Bergä batan adamlaryň biri gurply ýaşaýan dostunyň gapysyny kakypdyr. “Pylan kişä şunça mukdarda bergim bar. Üzlüşmäge kömek etmeseň, teý ýagdaýym ýok” diýipdir. Dosty öýüne giripdir we diýlen mukdardaky puly ýoldaşyna uzadypdyr. Muny yzyna gaýtarmagyň hökman däldigini, öz çagalarynyň aladasy bilen bolmagyny hem ýaňzydypdyr. Dosty hoşallyk bildirip, yzyna dolanypdyr. Barjamly adam öýüne giripdir we uly sesi bilen möňňürip, aglamaga başlapdyr. Aýaly adamsyny köşeşdirmäge çalşypdyr: “Bereniňe gynanýan bolsaň, ýagdaýym ýok diýäýmeli ekeniň ýa-da bolanjasy şu diýip, azrak beräýmeli ekeniň, näme üçin uly sesiň bilen aglaýaň?” diýipdir. Ol adam: “Dostuma beren puluma birjik-de gynanamok, ýöne şu günlere düşmezinden öň näme üçin onuň halyndan habar almandygyma ökünýärin. Şonuň üçin aglaýaryn” diýipdir.
Dostluk
-
ependi
15 years ago
- gowy hekaya
-
Ayjagash
15 years ago
- Dost paylansa aber diyp gyssannma, Alandan son gysgaltma hem gysgalma, Dileg etse gozlernide gysganma, Birin berde biri b.n onup git. (Kerim Gurbannepesow)
-
zagajkis
15 years ago
- ay dost munyna ertekilay
-
AHAL
15 years ago
- sen uchin erteki bolmagam ahtimal zajigalka doss!!
yone bular yaly adam hem kopdur!!
dossuny janyndan gowy goryan oglanlar bar!!
-
muzazzi
15 years ago
- dost-dost bolar şoňa janyň bermeli
-
studentkasoyli
15 years ago
- dost govy zatdyr yone ol hakyky dost bolsa.
-
AHAL
15 years ago
- gowy dost gozlap bir adam dostsuz galypdyr!!
-
zumerchi
15 years ago
- dost dostun aynasy diyipdirler!
-
kepder
15 years ago
- wah dostsyz başym duzsuz aşym diyipdirler dostam dogan yalydyr
-
AHAL
15 years ago
- onynam dogry!
-
Friendship
15 years ago
- "Dogan dost bolsun, dost-dogan" (b.s.türkmenba$y)
-
flover
15 years ago
- ahal gaty gowy hekaya sagbol yazanyn u.n yene yazyp dur!
-
acitm
15 years ago
- Hakyky dost uchin nameler edilmeyar!...... Nameden gechilmeyar!...... Dostlar! Men taze agza boldym.....!
-
bayson
15 years ago
- men bu tymsala jogabym:Jumamyrat kasymowyn dost-dostyny ynjytma aydymy.Bet setirler !!janyn sag bolsun dost..
-
ependi
15 years ago
turkmencafe.com-da bar
-
Friendship
15 years ago
- "dostuñ könesi ýag$y, donuñ-täzesi"
-
ependi
15 years ago
- gowja nakyl!
Friendship 15 years ago- Men bu tymsala jogabym: pälwan halmyradowyñ "dost" aýdymy. Molodes saña,ahal dost! Ömrüñ uzak bolsun!