Salam hormatly saýt agzalary we myhmanlary! Elbetde siz " Öň hem internetiň içi bolgusyz web sahypalaryndan doly şol musur saytlary az görýän ýaly sen näme üçin ýene-de bir sayt açýañ?" ýaly soraglary berýäniñizi bilýärin. Indi şol ýokardaky soraga jogap bermäge synanşaýyn.

Köp wagtdan bäri mende sayt açmak, internetden pul gazanmak, öz ýazan eserlerimi bir ýere jemlemek we paýlaşmak islegi döräpdi. Allaha şükür. Allajan bu isleglerimiñ hemmesini doly derejede kanagatlandyrdy we kanagatlandyrýar. Bu saýty acmagymyñ maksady mugt saýt döretmek, internetden pul gazanmak we ş.m sanly ulgama degişli peýdaly maglumatlary paýlaşmak." Mugt saýt açyp bolýarmy?","Türkmenistanda internetden pul gazanyp bolýarmy?" diýen soraglara arkaýyn "Bolýar" diýip jogap berse bolar. Saýty açmagymyñ maksady hem internetden pul gazanmak we gazandyrmak.Siz hem men ýaly oturan ýeriñizden internetden pul gazanyñ. Özem 100% synag edilen dogry we halal ýollaryny salgy bermekçi . Elbetde meniñ hem üýtgeşik bilýän zadym ýok ýöne bilenjelerimi siziň bilen paýlaşmak isledim. Häzirlikçe saýtda mugt sayt açmak, internetden pul gazanmak we ş.m peýdaly bloglar az . Hakykatdan hem Türkmenistanda şular ýaly maglumatlary giňişleýin nokatma-nokat düşúndirýän bloggerler " Ýok" diýiljek derejede . Biziñki bolsa şol boşlugy azajygam bolsa doldurmak.
Bulardan başgada saýtda Gerceknazar Amannazarowyñ goşgylaryny, hekaýalaryny we beýleki peýdaly bloglaryň okap , özüňiz hem blog ýazyp paýlaşyp bilersiňiz.

Tehnologiýa, Gubadag_A.Alayew tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir