Köpler üçin erteki bolup görünsede, meniň üçin şu oglan diýseň gyzykly, sebäbi şu oglanyň bir ýerlerde bardygyna men çynym bilen ynanýan. Sizede ynanmagy maslahat berýän, sebäbi Ahyrzaman o diýen daşda däl.
Ilki bilen öz özünden sorag döreýär, Detjal kim we ol haçan döremeli? Meň şehsy pikirme görä Detjal bir wagt döredi we ol adamzadyň kowmundan däl. Biziň köpümiz öz ýurdumyzda boýy 5-6 metra ýetip duran mazarlary görendirsä? Ägirt adamlaryň bary ýogy 100-200 ýyl mundan öň ýaşap geçendigi toslama däl. Amerikaň birleşen ştatlarynda bir ýokary okuw jaýy ägirtleriň süňklerini ýok etmek bilen meşgullanýan eken we şol okuw jaýyň edýän işiniň üsti açylyp, olary ýerli sud, ägirtleriň süňklerini barada ähli hakykady çap etmäge mežbur edýär. Meň aýtjak bolýanym adam ýaly aňly düşünjeli jandarlaryň başga görnüşleri hem bar. Ýöne olar barada maglumatlaryň barsyny bizden gizläp saklaýarlar. Detjal hem aňly düşünjeli jandarlaryň başga görnüşinden bolmaly? Detjalyň boýy uzyn, ol adaty adam ýaly däl, oň boýy 3-4 töwerigi bolmaly. Eger çakym çak bolsa ol "reptiloidlar" diýilýän kowumdan bolmagy hem ähtimal? Ondan başga Detjal adaty adalar bilen deňeşdireňde örän uzak ömür ýaşaýar, eger çakym çak bolsa Töwratda agzalýan adam önürleri bilen deňeçer bolmagy ähtimal? Töwratda bolsa adamlar 1000 ýyldan gowrak ýaş ýaşaýan ekenler. Ýöne Beýik Ýaradyjy soň adamlar bilen bir zady üýtgedýär we adamyň ömrümi kemeldýär. Ýenede Golliwudyň düşürýän kinolaryndaky, gizlin wagyzlardan ugur alyp bir zady çaklasaň bolýar. Detjal diýilýän şahsyýet, öz kowmunda ýeke täk adam däl. Biziň planetamyzda bir ýerde, Detjal ýaly jandarlar diýseň köp ýaşaýarlar we olar öz aralaryndan Detjaly kowan bolmaklary hem ähtimal? Biziň Detjalymyz, öz kowumdaşlary bilen deňeşdireňde göýdük we ynsapsyz. Detjalyň adamzady gula öwürmek maksady, öz kowumdaşlarynyň arasynda, ýa-da öz gözünde beýgelmek bilen bagly bolmagy ähtimal? Özüňkiler sygdyrmady, diýmek bir basgançak aşak düşmeli we öz deňiňi tapmaly, Detjal şeýlede etdi. Eýsem öz kowmuňdan däl adamlaryň arasynda nädip gizlenmeli we şol bir bada olaryň baş tutany bolmaly? Detjalyň öňünde ýatan aňsat mesele däl, Detjal adamzadyň Hudaýy bolmak isleýär, dogrysy bu hereketler 10 synp okuwçyň, çagalar bagyna baryp, kiçijek çagalara baştutanlyk etjek bolşy ýaly bir zat. Detjalyň kowmundan bolan başga jandarlaryň biz bilen işleri ýok ýa-da olar bize gowy göz bilen serdeýän bolmaklary hem ähtimal? Garaz biziň çagalar bagymyza uly synplardan bir haramzada okuwçy düşdi we bize çilim çekmegi we arak içmegi öwretmäge synanşýar. Ýöne çagalar bagynda biz ýeke däl, ol ýerde terbiýeçiler hem bar.

Adamzady gula öwürmekde we özüňi Hudaý diýip yglan etmekde elbetde ýaranlar gerek. Ýekäniň hiç haçan çaňy çykanok. Adamzadyň iň köne we iň ganym duşmany kim? Elbetde oň al hezretleri şeýtan. Gara ganatly, ýöne iň owadan Perişde. Wezipesinden peseldilen Perişde. Hakykatda bolsa adaty hatarçy jyn we näme üçindir ýokary okuw jaýdan çagalar bagyna hüjim edýän talypdan hiç bir gowy ýeri ýok. Şu ýerde jynlaryň ýaşaýan dünýäsi barada gürrüň bermek zerur: Adamlar, haýwanlar, ösümlik dünýäsi we jansyz tebigat, bularyň barsy Beýik Ýaradyjyň döreden bir dünýäsinde, birek birege bagly bolup durýar. Ol dünýä "Aň-ummany" diýseň hem bolýar. Biziň pikirlerimiziň barsy şol dünýäde, dogrysy jynlar we Perişdeler hem şol dünýäde. Allahyň döreden ähli umumy internedi diýip hem düşünseň bolýar. Şol umman sebäpli biziň bar pikirlerimiz jynlara we Perişdelere aýan. Şol ummanyň üsti bilen jynlar bizi azdyrmaga we Perişdeler bizi dogry ýola goýmaga synaşýarlar. Şol ummanyň üsti bilen köp adamlaryň kellesine adatdan daşary pikirler gelýär. Her bir adamyň ýanynda berkidilen jyn, adamy azdyrmaga synaşýar. Elbetde ol jyn öz sözlerini şeýle bir ussatlyk bilen pyşyrdaýar we biz ol sözleri öz pikirlerimizdir öýdýäs. Ýöne käbir adamyň jyny adatdan daşary samsyk bolup çykýar we adamyň kellesinde hiç hili gizlenmän edil radio ýaly waňladyp başlaýar, şeýle adamlar köplenç öz durnuşyny dälihanada tamamlaýarlar. Meň kellämiň içindäki ses öldürdi diýdi, ýa-da başga zat et diýdi we şuňa meňzeş sözler emelsiz jynlaryň alamaty. Mysal üçin maňa berkidilen jyn aram aram meň hiç haçan aklyma gelmejek pikirleri meň kelläme oklaýar, meň özüm hiç haçan şeýle zatlara öz kelläm bilen ýetmejegimi bilýän, galybersede alymlar hem adamyň kellesinde döreýän pikirleriň özüniňki däldigini bir mahal subut etdiler. Mysal üçin men bir zadyň pikirini edýän: Näme üçin erbet adamlar uzak ýaşaýarlar? Hudaý olaryň janyny alanok? Bir ýerlerden kellämiň içinde öz özünden jogap döreýär. Beýik Ýaradyny Şeýtana ahyrýete çenli möhlet berdi, başgaça aýdaňda Şeýtan ahyrzaman çenli näme etse edibermeli, ondam sorag ýok. Öz haramlygy bilen Şeýtana çalymdaş adamlar hem edil şeýle möhlete eýe bolýarlar, olardan hem ahyrýete çenli sorag ýok. Daşyndan bir ýerlerden meň kelläme şeýle pikir oklanylýar.

Jynly temany biz näme üçin ösdürdik? Detjalyň ýaranlary barada düşünmek üçim ösdürdik. Detjal hem samsyk däl we materiýal dünýäden başga, materiýal däl dünýäň hem bardygyny bilýär. Bar etmeli iş, ol dünýäň iň aktiw oglany bilen habarlaşmaly we adamzada edip biljek zyýanyň barada gürleşmeli. Ýöne bar zadyň şol öňki "Aň-ummanynda" dörändigini göz öňüne tutup. Şeýtan Detjal barada eýýäm bilmelidi we ony özi gözläp tapmalydy. Gepiň gysgasy talyp bilen uly synplaryň okuwçysy bileleşýär we çagalar bagyna hüjüme geçýärler. Şeýtanyň başarýan zatlary Detjal üçin diýseň peýdaly bolup çykýar. Mysal üçin kimdir biri Detjal barada pikir etse, ol pikir şol ýada şeýtana aýan bolýar. Detjal bolsa öz etjek bolýan işi üçin diri adamlar bilen hökman gatnaşmaly bolýar. Ol gatnaşylýan adamlar Masonlar we şoňa meňzeş klyndan azaşan adamlar. Şeýle adamlary, olara berkidilen jynlaryň üsti bilen ynandyrmaga şeýtanyň goşandy diýseň uly bolup çykýar. Garaz ençeme ýyllaryň azabyndan soň, Detjal we oň al hezretli şeýtan, ýer ýüzüni basyp almaga örän ýakyn gelýärler. Şeýtan üçin materiýal dünýäde Detjalyň alyp barýan işi örän zeruru bolup çykýar. Biziň şu wagtky döwrümizdäki ähli ösen tehnalogiýalaryň barsy Detjalyň işi. Has dogrusy ol tehnalogiýaly adamlar, goňşy taýpalardan altyndyr-gyzyla çalşyp alýarlar. Adamzadyň öz başdak bir zat oýlap tapmaga hiç hili okyby ýok. Men 35 ýaşap entek ýekeje alymy öz gözüm bilen göremok. Biziň planetamyzyň demirgazygynda bir ýerlerde ägirtleriň taýpalary bar we şol taýpalar ösen tehnakogiýalary adamlara altyndyr gyzyla satýarlar. Ol ägirtler gyzyly gurluşykda we başga ýerde ulanýarlar. Öz jaýlarynyň diwarlaryna çenli gyzyl çaýýarlar. Eger çakym çak bolsa şol ägirtler musulman bolmaly, sebäbi olar uzyn sakal ösdürçärler we olarda köp aýllylyk rugsat berilen. Garaz Detjalyň görkezmesi bilen öň elindäki topar, (masonlar) ýer ýüzüni ele almakda eýýäm bir näçe ýüz ýyl bäri zähmet çekip gelýärler. Şeýle toparyň içki pikirlerini sazlamak üçin şeýtanyň edýän goşandyny hem unytmaly dal. Birden masonlardan biri Detjalyň hudaýdygy barada şübhelenjek bolsa, şol adamyň kellesinde şol bada şeýtanyň sözleri ýaňlanyp başlaýar. Şeýtan bilen dost bolmak örän peýdaly. Sebäbi şeýtan diýseň ökde hasapçy bir giden işler ugryna bolar ýaly edip bilýär. Adamlaryň keýpine täsir etmek, käbir halatlard bolsa mör möjekleri dolandyrmak. Hawa, hawa, mör möjeklerdede aň bar we olar hem şeýtanyň şalygynda. Şeýtanyň gullugyna ilkilerden biri bolup, Welzewul atly jyn gelýär. Ol jyn siňekleri dolandyryp bilýär. Beýle başarnyk elbetde bir ýerde gerek bolup biler, mysal üçin bir adam bir zat gürlejek bolýar, oň ýüzüne bolsa siňek gonýar, aýdylmaly söz ýatdan çykýar. Edil Detjala şeýtanyň gerek bolşy ýaly, şeýtana hem Detjal gerek bolup çykýar. Sebäbi adamlary gowy azdyrar ýaly, olaryň kellesinde gerekli obrazlar ýeterlik däl. Gerekli obrazlary döretmek üçin bolsa, materiýal dünýäde Detjal ýaly dostyň bolmaly. Golliwudyň kinolary we pornagrafiýa, adamlaryň kellesinde ähli gerekli obrazlary döretmäge ukyply. Mysal üçin užas kinolardan soň seni gurkuzma aňsat. Öýde ýeke galdygyň şol bada kelläňde gören kinoň janlanýar. Ýa-da jynsy azgynçylyk üçin pornagrafiýa kinolary görmek zerur. Eger seň kelläňde ýiterlik suratlar ýok bolsa, seň jynyň seni nädip azdyrsyn? Golliwudyň kinolary we jynlaryň dünýäsi bir biri bilen baglanşykly işleýär, bu meň şahsy pikirim.
Mysal üçin soňky döwürler diýseň köp düşürilýän "MARVEL" kino studiýaň kinolaryny alyp göreli. Marweliň haýsy gahrymanyny alyp görseň ol hudaý. Bir oglany radioaktiwnyý möý çakdy we ol öldürip bolmaýan boldy. Ýa-da kapitan amerika we başga gahrymanlar? Gepiň gysgasy şeýle kinolary görüp, önüp ösen çagaň kellesinde iň soňynda şeýtana gerek obrazlar döremeli. Elbetde ol zäherli obrazlar bir bada zyýanly däl. Ýöne wagtyň geçmegi bilen Allah diýen düşünje bilen gabat gelen çagaň kellesinde şeýtanyň gruppasy şol obrazlary janlandyryp başlaýar we Hudaý bolmak üçin ýöne bir tötänligiň ýeterlikdigi ýarada pikirlenip başlaýar. Mysal üçin köne döwürler bir ýerde adaty bir oglan otyrdy we oň üstine asmandan bir ýerden metiorit gaçdy. Metiorit näme üçindir jadyly bolup çykdy we oglan adatdan daşary güýje eýe boldy. Soň oglanyň akly azaşdy we özüne hudaý diýip başlady. Golliwudyň kinolary biziň aňymyzda şeýle pikirlere eltmeli tohumlary ekýärler. Ol tohumlardan zäherli baglary ýetişdirmek bolsa eýýäm şeýtanlaryň işi. Elbetde kinolarda bar zady gönümel aýtmazlygyň hem öz boluşly sebäbi bar. Gönümel aýdylan pikir eýýäm biziňki däl, şeýle pikir bizi kemsidýär, bizi samsyk edip görkezýär. Emma biziň öz pikirlenip ýeten zadymyz, eýýäm bu biziň öz zadymyz. Şeýtanlar biziň men menligimizden peýdalanyp, öz zaýa pikirlerini bize mugut berýärler, biz bolsa şoňa monça bolýas. Meň "Azazylyň ýazgylary" atly pikirlerim hem meňki däl, ýöne men olara edil özümiňki ýaly begenip ýörün.

Gepiň tümmek ýeri men näme üçin şu zatlary ýazyp ýörün, dogrysy özüm hem soňyna çenli bilemok. Mümkin bar zady ýönekeý ýagdaýa geçirmek üçindirin? Ýokardaky aýdylanlaryň barsyny bir ýerik jemläp aýdsym gelýär: Detjal we Şeýtan bar. Näme üçin Detjalyň Kerimi Kuranda agzalmadygynyň öz boluşly sebäbi bar. Kerimi Kuran ahyrýete çenli ýaşamaly kitap. Detjal bolsa bary ýogy 40-50 ýyldan soň ýatdan çykyp gitmeli gahryman. Eger Kerimi Kuranda Detjaly agzamaly bolsa, ony gelejekde şeýle adam peýda bolar diýmeli bolardy. Onsoň Kerimi Kurany Detjal öldürleninden soň ençeme ýyl geçeninde soň okajak adamlar üçin Detjal ýene täzeden gelmeli ýaly bolup durardy, sebäbi Kerimi Kurana Detjal öldürildi diýip hiç kim düzediş girizip bilmezdi. Onsaňam beýle doňuz üçin sahypa garalanyňa degenok.

Täzelikler, Adalat19 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir