eaglesiň hotel california atly aýdymyny halamaýan belkem ýokdyr. solosy, aýdymyň özi, hekaýasy .. men hekaýasyny bilemokdym, 2 ýyl öň birinden eşitdim, şu günem aýdymy diňledim we hekaýa ýadyma düşdi ýene. bilesi gelýänler üçin ýazaýyn diýdim. 1969-njy ýyl, bir oglanyň ýoly california düşýä, dynç almak üçin bir kiçijik gowja otele ýerleşýär. Oteliň ady california. Ertesi gün goňşy komnatda galýan gyz bilen tanyşýar, bile wagt geçirýärler we bular bir-birine diýseň aşyk bolýarlar. Oteliň adamlary, oteliň özboluşlulygy we ikisiniň bir birine bolan yşky bularda ýatdan çykmajak yz galdyrýar. Dynç alyş gutaransoň aýralyk wagty gelýär. Bir birleri bilen hoşlaşmankalar şeýle söz berişýärler birek-birege: "Eger bir-birimizi hakykatdanam söýen bolsak, ýene göni bir ýyldan şu otelde, şu gün duşuşaly. Oňa çenli bir biregi görmek, soramak ýok".. Göni bir ýyl geçer, tanyşan güni geler. Sözünde durmak, hakyky söýgüsüni görkezmek üçin oglan ýola düşer. Ýolda wagt geçmez oň üçin.. ýetibilmän ýetibilmän ahyr barar California, otele. Bir görse otel gap gara.. bir gün öň ot alanmyş.. Gyzam gelendir diýip soraşdyrar ideşdirer we erbet habary eşider. Gyzynyňam otelde ýanyp ölenini öwrenýar. Pahyr gyz bir gün öň gelen ekeni.. Dörän ýangynda oteliň içinde ýanyp ölýär...

Köneler, shahyr tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir