EJELI GÜNLER

EJELI GÜNLER

Göç eýlän durnalar ýene dolanar,
Emma hiç dolanmaz ejeli günler.
Zümerret daşy deý gyt hem az olar,
Hakydaňda solmaz ejeli günler.

Ejeliler dünýä bolup gül açar,
Ejeň bolsa dünýe dolup dür saçar,
Elleň aýasynda gymmatly açar
Ýitensoň, hiç gelmez ejeli günler.
...

Dowamy »

738 0
Edebiýat, 4 years ago


Aýnabat ATAÝEWA - YŞK

YŞK

Bu ynsanlar meniň dözer-dözmezim,
Söýdüm artyklygyn, söýdüm kemligin.
Men olardan diňe gowluk gözledim,
Seljermedim olaň asla kimdigin.

Söýdüm geçmişimi, şanly taryhym,
Sarpalap merhumy, dirisi bilen.
Söýdüm bu dünýäni, ýazdym tarypyn,
Ownuk meselesi, irisi bilen.
<...

Dowamy »

757 0
Edebiýat, 4 years ago


ÖZÜÑ BILÝÄÑ

ÖZÜŇ BILÝÄŇ

Özüň bilýäň, gitseň goýup gaýgyda,
Gursakda ýüregmiň çat açjagyny.
Bu ömrümde seniň deýin ýigide
Aýdyp bilmen ýene sataşjagymy.

Özüň bilýäň, kejir ykbalyň emri,
Bizi aýry ugra etdi ýolagçy.
Ele alan bolsam bir tokga demri,
Heýkel ýasap, bordum täsin ýonagçy.
...

Dowamy »

706 0
Edebiýat, 4 years ago


DURMUŞA ÇYKÝAN GYZYŇ  IÇGEPLETMESI

DURMUŞA ÇYKÝAN GYZYŇ  IÇGEPLETMESI

Otyryn men oý-hyýallaň içinde
Diýýän: «Bagta tarap ädim ädýän men».
Giň howluda, dar otagyň içinde,
Törden gapa telim gelip-gidýän men.

Bu gün ykbalymda boljak öwrülşik,
Şoň üçin bedenim tapdy galpyldy.
Bolmaly biz täze ojak, öý-işik,
Şu piki...

Dowamy »

793 0
Edebiýat, 4 years ago


Höwürtge (Hekaýa)

Höwürtge
(Hekaýa)

Tomsuň jokrama yssysynda öýüne dolanan Ogulhally eje palçyň aýdanlaryna
henizem haýran, onuň sözlerini ýeke-ýeke içinden gaýtalaýardy.
- Öýüňe doga edilipdir. Gulp urulypdyr. Iki sany, otuz ýaşlaryndaky är-heleýiň işi.
Gyzyň durmuşa çykmaz, bagty açylmaz ýaly, ýörite edilen doga. Toprag...

Dowamy »

1009 5
Edebiýat, 4 years ago


Bu ömürde ep-eslije zat gördük ...

Bu ömürde ep-eslije zat gördük,
Ýakyndanam mähribanrak ýat gördük,
Özi garyp, ýöne göwni şat gördük —
Gara ak bolupdyr diýip eşdemok.

Kä ondan, kä mundan öwüsýär şemal,
Azgyna ahyry tapylýar zowal.
Öwüt-ündew bilen — asly bikemal
Kemal tapanmyşyn diýip eşdemok.

Synlap...

Dowamy »

970 0
Edebiýat, 4 years ago


MEN BIR OGUZ TÜRKMENI!

BEN BIR OĞUZ TÜRKMENIM

(Marş sözü)

Türkmeneli aslanları var olsun
Türkmene tek yüce Allah yar olsun
Toprağıma dikilen göz kör olsun
Kerkük Musul düşmanlara dar olsun.
Mavi gökde ayyıldız
bayrağım dalğalansın
Bu yurtta Türkmen adı
Şahlandıkça şahlansın

Dowamy »

873 0
Edebiýat, 4 years ago


GYSGA SÖZÜM - GUMMATYM

Ýandagyň güli, tikeni, kökem adam
üçin derman. Ýöne ol ekiniň içinde gögerse adamlar ony köki-damary bilen aýyrmaga howlugýarlar.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Süýji iýip dişini agyrdan kişiniň, ajy
bilen dişini bejerdişinde many köp.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Oba...

Dowamy »

1208 2
Sorag-jogap, 4 years ago


»®« II

»®« Telefon bilen ýaşamaga şeýlebir öwrenişipdirin welin, ýöräp barýarkam "pikirler-de" ýazamda ýykylyp bir ýerimi agyrtmakdan dälde, harp ýalñyş göýbermekden gorkýan.

»®« Howa gyzgyn, balyklar hem derleýändir diýip, akwarýuma buz ýaly kola guýdum. Göräýdä bulary. Begenjinden ýaña hemmesi arkan ýüzüp başlady.

»®« Jala...

Dowamy »

1225 4
Edebiýat, 4 years ago


KÖPÇILIGIÑ TÄSIRI

  Köpçiligiñ täsiri: bir giden düzgünnamalaryñ we şertleriñ ýygyny bilen esaslandyrylan käbir ynançlaryñ   bir toparyñ, jemgiýetiñ w.ş-leriñ agzalarynyñ arasynda ýaýramagyna berilen atdyr. Bärde, hakykat bolan ýekeje zat, bir agza tarapyndan şol şertleriñ(ynanjyñ) kabul edilmeginiñ esasy sebäbi, şol toparyñ, jemgiýetiñ köp agzalary tarapyndan kabul...

Dowamy »

1163 2
Sorag-jogap, 4 years ago


EJE!!!

Sen gideniñ bäri her gün, meñ çep tarapym agyrýar EJE!!!

"EJE!" diýip, ýüzlenmegi şeýlebir küýsedim, EJE!!!

Señ mähriñi we söýgi doly ýüregiñi küýseýän EJE!!!

Gyş paslynyñ bir günäsi ýok EJE!!!
Sensizlik gaty sowuk.

"EJE" sözüni her gezek eşidenimde,
bir gyra geçip agla...

Dowamy »

924 3
Edebiýat, 4 years ago


ALDAR KÖSE

  Öñem bir patyşa:
- «Maña kim "ýalan gep" aýdyp bilse, şol adama bir golça dolusy altyn berjek» - diýipdir.
Ýalançylaryñ hemmesi köşge ylgap gelip, başlapdyrlar ýalanlaryna. Biri:
- «Bir guş, ÿolbarsy penjeleri bilen tutdy-da, alyp ötä gitdi» - diýipdir. Onda Patyşa:
- «Bunyñ nämesi ýalan? Guş diýýäniñ-ä bürgütdir,...

Dowamy »

1241 3
Edebiýat, 4 years ago


BIR MÄHIRLI ÝYLGYRYŞ, DÜNÝEDE KÖP ZADY ÜÝTGEDIP BILER.

  Gyzjagaz, gamgyn oturan nätanyş bir adama seredip ýylgyrdy. Çaga ýüreginden gelen bu, sada we mähirli ýylgyryş, gamgyn adama sähel wagtlyk, ähli aladasyny unutdyrdy. Ol hem gyzjagaza mähirli ýylgyrdy. Birden, ýakyn wagtda özüne kömek eden köne dostuna sagbolsyn aýtmandygy ýadyna düşdi. Derrow, Köne dostuna habar ugratdy.

  Minnerd...

Dowamy »

930 0
Edebiýat, 4 years ago


»®«

»®« 100 gyzdan durmuşda ýetmek isleýän 100 arzuwyny sorap bilmedik... Sebäbi, 1-nji soran gyzymyz integem aýdyp dynmady.

»®« 12 ýaşlyja ýegenim facebook-da «Men häzirem goýup giden ýeriñde saña garaşýan.» diýip, paýlaşypdyr. Derrow aýal doganyma jañ edip: - «Ýegenimi nirde goýup gaýtdyñ»  diýip, gaharlandym.(asyl ýegenim aşyk eken)...

Dowamy »

1173 4
Edebiýat, 4 years ago


Koreý rowaýatlaryndan

[Gunyeoseong]

Bu gala, Chungwonkun / Pukilmyun / Chojeongri-de ýerleşýär.

Silla-da her biri arslan ýürekli, dokuz gyzy we bir ogly bolan bir maşgala ýaşapdyr. Bir gün janlaryny orta goýup jedel edipdirler. Oglan: «Men tagta aýakgaplarymy geýip Seul-a baryp gelýänçäm, sizem bir gala gurmaly bolarsyñyz. Men gelmänkäm ga...

Dowamy »

1032 1
Edebiýat, 4 years ago


NIRIK JAÑ ETDIÑ?!

NIRIK JAÑ ETDIÑ?!

  Öñem bir amerkaly öýüne gelip poçta gutusynda telefon töleg hatyny görse, bir aýda 500 dollar töweregi ýazylan. Depesinden gaýnan suw guýlan ýaly bolupdyr. Derrow jañ edilin belgileriñ sanawuny talap edipdir, we alyp seretse jañ edilen belgileriñ hemmesi dost-ýarlaryna degişli eken. «Aý, bolýa. Näme, tölemeli bord...

Dowamy »

1204 2
Edebiýat, 4 years ago


ÖLMÄNE GELDIM. [ AZERBEÝJAN EDEBIÝATYNDAN TERJIME ]

[ AZERBEÝJAN EDEBIÝATYNDAN TERJIME ]

Belkide, möhümem däldir señ üçin,
Howlukma aýdaýyn, bil neçüýn geldim.
Belki senem meni küýsänsiñ diýip,
Bu gije men seni görmäne geldim.

Nirde galdy ol öñki söýgi sözlerim,
Köp wagyt bolupdyr seni görmänim,
Bu derde, señ bilen dertdeş bolmany...

Dowamy »

1015 1
Edebiýat, 4 years ago


KÖNE JORAPLAR. ( terjime )

Gadym zamanlarda gaty baý bir adam, ogullaryna şeýle wesýet edipdir:
«Men ölenimden soñ, kefenimden öñ şu köne joraplarymy aýagyma geýdiriñ, men köne jorabym bilen gömülmek isleýärin».
Wagt geler adam aradan çykar. Kakasynyñ aýdyşy ýaly kefeninden öñ, ogullary köne joraplary alyp geler. «Kakamyz wesýet etdi, şu köne joraplary aýagy...

Dowamy »

1248 0
Edebiýat, 4 years ago


MESJİD-İ AKSA [ Türk edebiýatyndan terjime ]

Mesjid-i Aksa-ny gördüm düýşümde,
Bir çaga ýaly-dy, hem aglaýardy.
Baryp gapysyna mañlaýmy goýdym,
Göýä, bir ýer asty bahr-y joşýardy.

Gözlerim ýollarda garaşyp ýörün,
Nirde doganlaryñ diýýärdi bir ses,
Ilk Kyblasy mendim, beýik Nebi-niñ,
Unutdymy ýa-da muny ähliñiz.

Bur...

Dowamy »

966 1
Edebiýat, 4 years ago


GARYP MAŞGALA (terjime)

  Bir gün Elif aglamjyrap, ýüzüni sallap mekdepden gelşine, kakasyna:
- «Kakajan! Joralarynyñ täzeje ýalpyldap duran köwüşleri bar, mañada birini alyp beräý!» - diýdi. Kakasy:
- «Häzir biziñ bergilerimiz köp, hem señ köwşüñ bar ahyryn» - diýse, çaga bu ýagdaýa gynypdyr we gaharlanyp täzeden sorapdyr, ýene-de şol jogaby alypdyr. Kakas...

Dowamy »

1216 4
Edebiýat, 4 years ago


Çagajyk (terjime)

... ýene-de, köçäñ bir gyrasynda otyr(her agşam bolşy ýaly). Ejesi bilen kakasy bolmansoñ, häzir mamasy bilen ýaşaýardy. Elindäki şaryny hem, hiç wagt ýanyndan aýyrmaz, beýleki çagalar dükandan elleri doñdurmaly gelýärkä, olara serederdi. Ony hiçkim halanokdy, goñşylaryny seretmez, deñ-duşlary aralaryna goşmazdy. Aslynda, ol şeýlebir mähirli we aky...

Dowamy »

1003 1
Edebiýat, 4 years ago


NAZIM HİKMET - MEŞİN DAŞLY KİTAP (1921)

[Türk Edebiýatyndan Terjime]

Ýaldyzly meşin daşy
Ýyrtylan ol kitaby,
Aý aýdyñda düýn gije,
Däli bir derwüş ýaly,
Şemi sönüp, rahlesi ýere ýykylan ýaly,
Okadym esli wagt.
Ýaldyzly meşin daşy
Ýyrtylypdyr goýnuñda, irkileñde kitabyñ.
Agdardykça zeñ ysly, her sary ýapragyny,...

Dowamy »

889 3
Edebiýat, 4 years ago


Ejem eken...

Etmişim kän, ötmüşem sen, çagalygmyñ ýeñlesligni,
Öwredipdiñ has kiçikäm gyz görküniñ agraslygny,
On ýyl geýdiñ bir geýeniñ, maña tikdiñ köýnekligñi,
Joralarma güjeñlärdim, şonda aklym çatman eken,
Bir gülenmi dünýä deñän, görüp dursam, ejem eken.

Ýyllar göçýär, geçip barýar, başyñdaky çagalygam,

Dowamy »

1118 1
Edebiýat, 4 years ago


MAGTYMGULY - ZOR BOLAR

ZOR BOLAR.

Ýagşylykda ile özün tanydan -
Alkyş alyp, derejesi zor bolar.
Ýaman bolup, ýagşylygy unudan -
Öz yzzatyn gidir, itden hor bolar.

Muñly bolar, myradyna ýetmeýen,
Müýnli bolar, hak emrini tutmaýan,
Öz ryzkyna hiç kanagat etmeýän,
Gözün diker, kişi aşyna zar bol...

Dowamy »

1108 0
Edebiýat, 4 years ago


Marsly we MAGTYMGULY

[kiçiräk ýatlatma! Marsly - «özüniñ duýgularyna, bilesigeljiligine hyýaly oýlanmalarynyñ üsti bilen jogap gözleýän, bir hyýalbent.»]


[...ýok, ýazmaýyn. Bolmaz... Ýazaýyn, belki, Bolar...  Gel, gowusy goýbolsun edeýin.  Ýok, iñ bolman-da synanyşyp göreýin...
Jupiter_Fire

Göwünde garratma etsem-pessemiň,<...

Dowamy »

1086 0
Sorag-jogap, 4 years ago