Köpçiligiñ täsiri: bir giden düzgünnamalaryñ we şertleriñ ýygyny bilen esaslandyrylan käbir ynançlaryñ   bir toparyñ, jemgiýetiñ w.ş-leriñ agzalarynyñ arasynda ýaýramagyna berilen atdyr. Bärde, hakykat bolan ýekeje zat, bir agza tarapyndan şol şertleriñ(ynanjyñ) kabul edilmeginiñ esasy sebäbi, şol toparyñ, jemgiýetiñ köp agzalary tarapyndan kabul edilenligidir.
  Köpçiligiñ täsiri barada başga bir düşünje bolsa, topar bilen hereket etmek. Bir toparda(edarada) işleýän adam beýleki agzalar(işgärler) bilen arasyny gowy saklamak isleýär. Käbir agzalar bilen aragatnaşygy saklamak ýa-da topardan aýra düşmezlik(işini ýitirmezlik) maksady bilen dogry pikirlerden dänip, ýalñyş pikirleri kabul edip bilerler. Bir toparda, jemgiýetde deñduşlarynyñ talapkärligi(köp geplemegi) bir agzanyñ(işgäriñ) erkin pikir ýöretmegine  täsir(päsgel) edip bilýär. Beýle päsgel berilmeginiñ sebäbi bolsa, şol agzanyñ(işgäriñ) erkin pikiri, topardaky agzalaryñ  garaýyşlaryna, pikirlerine, hereketlerine we ynançlaryna täsir edip bilmesidir. Köpçüligiñ täsiriniñ üstün çykmagynyñ  sebäpleriniñ biride bu sebäpdendir.
  Käbir adamlaryñ topara görä hereket etmesiniñ esasy sebäpleriniñ biri hem, ýalñyzlyk(ýeke galmak) gorkusydyr.
  Eger-de añymyz gorkular bilen doly bolmadyk bolsa, onda biz, akylly we takyk pikirlenip bilerdik. Eger-de erkin ýagdaýda, özbaşdak akykly-başly pikirlenip bilmeýän bolsak, onda biz, gözümizi ýumup(dañyp)  beýlekileriñ yzyna düşüp başlaýarys. Köpçiligiñ yzyna gözi dañylgy düşýänler, beýlekileriñ  pikirlerini we ynançlaryny kabul etýärler. Bu ýagdaý, köpçiligiñ  pikirleri we hereketleri ýalñyş bolsada, amala aşýandyr.
  Köpçiligiñ täsiri jemgiýetde käbir  adamlara erbet täsir(zyýan) ýetirip biler. Käbir  ýagdaýlar  sebäpli bu zyýanly täsir, özüni bir bada belli etmezligi ahmal. Mysal getirjek bolsak, belli bir garaşaýş, ynanç ýa-da bir jemgiýet, millet(welaýat, ýurt) barada ýalan-ýalñyş zatlaryñ ýa-da ýigrenç ýazgylarynyñ paýlaşylmagyna göz ýumulsa, hiç kim çykyp - «o ýalan ine dogrusy» - diýip, aýtmasa, bu ýagdaý geljekde gorkunç jenaýatlaryñ(ýa-da töwekgelçiligiñ) bolmagyna, ýigrenç duýgusynyñ döremegine  sebäp bolup biler.
  Karar almak ukybymyz, pikirlerimiz we duýgularymyzdan başgada bize ýol görkezýän esasy zatlaryñ biri hem "maglumatdyr". Kiçi ýaşda çagalar töweregindäki ähli zatlar barada ene-atalaryndan maglumat alýarlar.  Bu maglumatlar ene-atalaryñ ynançlaryna esaslanan  maglumatlardyr. Olaryñ düşünjeleri añlarynda gizlenen pikirler  esasynda emele gelýär. Bu doly ýagdaýda köpçiligiñ täsirinde galmaklyk bolmasada, özbaşdak erkin pikirlenmek hem diýip bolmaýar.
  Köpçiligiñ täsiri, bu: «käbir adamlaryñ düşünjeleri we öwrenen zatlary esasynda karar almak(pikir ýöretmek) ukybynyñ ýoklugynyñ netijesidir». Aslynda-ha köpçüligiñ , akymyñ(akgyn) propagandanyñ w.ş-leriñ içinde bolup olaryñ täsirinde galmazlyk  gaty bir añsat däl. Hemmämiz karar almak we dowam etmek üçin durmuşyñ esasy hakykatlaryny  kabul etmeli bolýarys.
  Köpçüligiñ täsirinde galýandygymyz sebäpli  ýaşaýyş durmuşymyz, iş ahlagymyz(tertibimiz), hereketlerimiz(we ş.m-ler) şol esasda dolandyrylýar.

Jemalettin BEKTAŞ.
"AYRINTI" žurnaly.
(makala gysgaldylyp terjime edilde we rejelendi)
terjime: @Allaberdi T.Ç

Sorag-jogap, Jupiter_Fire tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir