»®« 100 gyzdan durmuşda ýetmek isleýän 100 arzuwyny sorap bilmedik... Sebäbi, 1-nji soran gyzymyz integem aýdyp dynmady.
»®« 12 ýaşlyja ýegenim facebook-da «Men häzirem goýup giden ýeriñde saña garaşýan.» diýip, paýlaşypdyr. Derrow aýal doganyma jañ edip: - «Ýegenimi nirde goýup gaýtdyñ» diýip, gaharlandym.(asyl ýegenim aşyk eken)
»®« 22 sany sportsmen oglan siziñ dälde bir topyñ yzynda ylgaýar diýip, futboly halañyzok gerek gyzlar. Boýnyñyza alaýyñ. :))
»®« Adamyñ biri gelip maña bir çemen bägül berse, oturyp bal gaýnadaryn. Walla, şolar ýaly unutdym käbir zatlary.
»®« Oglanyñ telefonyna jañ gelýär. Dostlarynyñ ýanyndan daşlaşan bolup, her hili hereketler eden bolup(diýersiñ hamala söýgülisi jañ etýär).
Ýene-de kakañ jañ edýär how," gelýärkän çilim al" diýip. Nämäñe çişen bolýañ.
»®« Ajda Pekkan, aýdymynda "arada sırada aklıma geliyor" diýýär. Bu ýaşda aklyña gelýänine şükür et. Meñ enem señ ýaşyñda wagty öñki sekratar Gapurow-y äridir öýtýärdi.
»®« Ajda Pekkanyñ çagalyk ýatlamalaryny aýtdyrmagy başaran psiholog, kärini taşlady arhiolog boldy.
»®« "Eje!... Men näme üçin hiç kimi söýüp bilemmok. Bu şowsyzlyk biziñ ganymyzda barmy?" - diýip, soradym. "O, señ öz **llygyñ sebäpli, bizi garyşdyrma." -diýdi, dymdym.
»®« Dostym söýgülisine 36 aý kredit bilen "tek daş pyrlanta" ýüzük alyp berdi. Soñ aýryldylar. Ol gyz durmuşa çykdy, häzir 1,5 ýaşly çagasy bar. Kredidiñ ýene 9 aýy galdy.
»®« Aslynda hemme zada diýere jogabym bar, ýöne şol wagt dälde gije ýatyrkam aklyma gelýär.
»®« Söýgi näme bilýäñmi?! Ýanyñdakyny elýetmez bir hazynadyr öýtmek bilen, öz oýnatgylygyña göz ýetirmekligiñ arasynda geçen wagtdyr.
»®« Kakamyñ iş stolynyñ üstünde hat goýup gaýtdym: "Öýüñ hojaýyny sen bolýan bolsañ, töle şu wi-fi -yñ pulyny. Ýok, hojaýyn men bolsam, onda maña pul ber".(şu wagt hassahanañ döwük-ýenjik bölüminden ýazýan)
çeşme: sevilensözler.com
terjime: @Allaberdi
»®«
-
yashalym
4 years ago
- Gaty gowy Allaberdi ÙstùnLik
-
ETIKA
4 years ago
- 😂😂😂😂
-
Jupiter_Fire
4 years ago
- Sag boluN! Minnetdar hemmanize
Perhat Sabirovv 4 years ago- @Allaberdi, 1-nji has gowy terjime edilen. Berekella, gowy mowzuk+++