DURMUŞA ÇYKÝAN GYZYŇ IÇGEPLETMESI
Otyryn men oý-hyýallaň içinde
Diýýän: «Bagta tarap ädim ädýän men».
Giň howluda, dar otagyň içinde,
Törden gapa telim gelip-gidýän men.
Bu gün ykbalymda boljak öwrülşik,
Şoň üçin bedenim tapdy galpyldy.
Bolmaly biz täze ojak, öý-işik,
Şu pikirler bilen göwnüm ýagtyldy.
Utanjaňlyk per bermeýär dillerme,
Şonuň üçin bagyşla, men perişan.
Bakýan nika ýüzük dakjak ellerme,
Biziň nikamyzdan bolar ol nyşan.
Başyma ak ýaglyk daňdy ýeňňemem,
Gülli köwüşlemmi geýdirdi ykjam.
Guda tarap — ökjeleri ýeňlenen,
Özümden öň alyp barýar gyz bukjam.
Gapymyza geldi gelnaljy kerwen,
Kejebeli maýa dyzyna çökdi.
Doga-dilegleri älemi serwer —
Käbäm taýly gezek alnymdan öpdi.
Şonda ýaş syrygan ýaňagym däl-de,
Gyrmyzydy başymdaky al kürtäm.
Men ýagşy umytda, men ýagşy pälde,
Soňsuz bagta ýetsin seň bilen ertäm...
* * *
Ýaşlyk ýyllarmyza dolandym şu gün,
Senli pursatlara aýladym nazar.
Kalbymy paralan hem eden döwüm,
Galypdyr ho-ol yzda yzgytdyr azar.
Saçlarymy örsem, dakardyň bägül,
Şol saçlarym kement bordy boýnuma.
Bilmezdik geljekde görjegmiz nägün,
Düşünmezdik bu durmuşyň oýnuna.
Sergezdanlyk seň bijäňe düşse-de,
Dilemediň bu ykbaldan amany.
Aýralykdan jiger-bagryň bişse-de,
Ynamyňa gondurmadyň gümany.
Çünki sen erjeldiň, garadangaýtmaz,
Ädim ätdiň ejizlige per bermän.
Mertler ajy sözi adama aýtmaz,
Seniň sözüň söýget, synama derman...
Aýnabat ATAÝEWA
🌟çeşme:🌟 www.alem.su 🌟