ZOR BOLAR.

Ýagşylykda ile özün tanydan -
Alkyş alyp, derejesi zor bolar.
Ýaman bolup, ýagşylygy unudan -
Öz yzzatyn gidir, itden hor bolar.

Muñly bolar, myradyna ýetmeýen,
Müýnli bolar, hak emrini tutmaýan,
Öz ryzkyna hiç kanagat etmeýän,
Gözün diker, kişi aşyna zar bolar.

Her kim ýamanlasa deñi-duşyny,
Özi mùşgil eder asan işini,
Kim dargatsa akyl bilen huşyny,
Eden işin bilmez şermisar bolar.

Zehini keç bolar bady ýañylan,
Biygtyýar bolar goly dañylan,
Gòreşde ýykylan, jeñde ýeñilen,
İçi doly namys bilen ar bolar.

Gaýraty kem bolar, gahary azyñ,
Depgini pes bolar, matamda sazyñ,
Öýùne barsañyz, bir binyýazyñ,
Gòwresi gysylar, köñli dar bolar.

Kim belany satyn alsa başyna,
Reşk edip, rakyplar geçer daşyna,
Tokuş etse kim başarmaz işine
Söwdasynda gele bilse är bolar.

Soñun toba etmez, ýañylyp ýazan,
Ot ýaksañ gaÿnamaz bir gury gazan,
Pähm ediñ her ýerde bir päli azan,
Ýowuz musallata sezewar bolar.

Hazana dönüpdir ömrüm ter güli,
Nazaryn pes tutar ilden, bergili,
Biykbal, ýazykly, ýaman görgüli,
Uçraş gelse, bir ýamana ýar bolar.

Öñde yzda görseñ herkes gulamyñ,
Ondan aýamagyl tañry salamyn,
Kim okyp unutsa Tañry kelamyn,
Kyýamat gün iki gözi kòr bolar.

Haly müşgil bolar köýüp-ýananyñ,
İmany şikest tapar haram iýeniñ,
Kastdan roza, namazyny goýanyñ,
Özi käpir, biliñ, jaýy dar bolar. 

Magtymguly, sözle herne bileniñ,
Özüñe kemlik bil aýtman öleniñ,
Taraşlap, şyglatgyl,köñle geleniñ,
Senden soñkulara ýadygär bolar! 

Magtymguly
goşgular ýygyndysy. e-kitap

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir