NIRIK JAÑ ETDIÑ?!

  Öñem bir amerkaly öýüne gelip poçta gutusynda telefon töleg hatyny görse, bir aýda 500 dollar töweregi ýazylan. Depesinden gaýnan suw guýlan ýaly bolupdyr. Derrow jañ edilin belgileriñ sanawuny talap edipdir, we alyp seretse jañ edilen belgileriñ hemmesi dost-ýarlaryna degişli eken. «Aý, bolýa. Näme, tölemeli borda» diýip, tölegi töläpdir.
  Birdenem toty guşyna gözi düşer. Birbada ikirjiñlener:
- «Aý, ýokla, guşyñ günäsini almaÿyn, o gepleşen däldir». Ýöne içindäki şüwhe-de dowam eder:
- «Ýok, ýok o jañ edesi ýok-la» - «Ýa, jañ eden bolsa näme?» ...
   Gije toty guşy garagullamaga başlar. Birdenem toty guş telefonyñ ýanyna geler-de  adamyñ dostlaryna ýeke-ýekeden jañ eder, bir näçe sagatlap gepleşer. Adam gahardan ýaña däldiräp, baryp toty guşy tutarda ganatynan stena çüýläp goýar. Toty guş haç-a(krest) kakylan ýaly bolup stenada asylyp galypdyr. Adam gaharly toty guşa söger:
- «Bir hepde bärde asylyp dur hany, aklyñ ýerine geler. Çek jezañy».
  Adam gider. Toty guş bir seretse garşy diwarda haç-a(krest) kakylan  Isa dur, (toty guş Isa-ny tanamandyr) Derrow gürrüñe başlaýar:
  - «Dertdeş, näçe wagtdan bäri bärde dursyñ?!»
- «2000 ýyldan bäri». - diýipdir, Isa.
  Toty guş birden dumka gitýär(2000 ýyl), gaty geñ galýar:
  - « ...  olar ýaly nirik jañ etdiñ how?!». 
[Tuğçe]

terjime eden: Allaberdi_Jupiter_Fire .
awtor: Tuğçe Beyaz

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir