Bir gün Elif aglamjyrap, ýüzüni sallap mekdepden gelşine, kakasyna:
- «Kakajan! Joralarynyñ täzeje ýalpyldap duran köwüşleri bar, mañada birini alyp beräý!» - diýdi. Kakasy:
- «Häzir biziñ bergilerimiz köp, hem señ köwşüñ bar ahyryn» - diýse, çaga bu ýagdaýa gynypdyr we gaharlanyp täzeden sorapdyr, ýene-de şol jogaby alypdyr. Kakasy hem bu ýagdaýa gaty gynanypdyr. Gyzyna:
- «Häzir, bile köçä çykaly, birinji gören çagañdan, -"seniñ köwşüñ könemi?"- diýip, soraly. Eger "köne" diýse, bolýa saña ol köwüşden alyp berjek. Ýok, eger "köne" diýmese, onda şu köwşüñ bilen oñmaly bolarsyñ!»- diýdi. Elif «bolýa» - diýip, köwşüni hem alyp köçä çykdylar. Kakasy:
- «Elif, han-ha seret bir çagajyk otyr, bar şondan sorap bilersiñ» - diýdi. Elif soramaga gitdi, we yzyna gelende aglaýardy. Gelşine kakasyny gujaklady. Kakasy soranda bolsa, hiç hili jogap berip bilmedi. Sebäbi ol çaganyñ aýaklary ýokdy.
çeşme: canim.net
terjime: @Allaberdi T.Ç
GARYP MAŞGALA (terjime)
-
messibet
4 years ago
- Öňem Elif görgüli gynanyp otyr. Gel-gel şoňa aýaksyz duşup öňküdenem beter gynanmaly edäýşini diýsene. Heý, dünýe.
-
messibet
4 years ago
- Ýa terjime dogry edilmändir, ýa-da hekaýada ýalňyşlyk bar.
-
Jupiter_Fire
4 years ago
- @messi
Bu hakykat däl. Edebi oýlanma.
Perhat Sabirovv 4 years ago- Gowy terjime, Ýöne gynançly!!!