FT: Hindistan 2028-nji ýyla çenli ýerasty kömür gazylyp alnyşyny üç esse artdyrmagy maksat edinýär
Kömrüň 95%-ini açyk känlerden alýan Hindistan bu ýangyjyň gazylyp alnyşyny bäş ýyldan üç esse artdyryp, ýylda 100 million tonna ýetirmek isleýär. Bu barada Financial Times gazeti Hindistanyň kömür senagaty ministrliginiň wekili Amrita Lal Minunyň sözlerine salgylanyp habar berdi. Muny TASS ýetirýär.
"Hindistan senagat we ykdysady taýdan çalt...
Xiaomi 29-njy noýabrda Redmi K70 seriýasyny hödürlär
29-njy noýabrda Xiaomi Hytaýda flagman Redmi K70 seriýasyny hödürlär. Resmi tanyşdyryşdan birnäçe gün öň, internetde smartfonyň görkezijileri peýda boldy, olary 3 milliondan gowrak abonenti bolan Weibo sosial ulgamyndaky hasabynda Xiaomi-niň başlygy Lu Weýbing paýlaşdy. Ol enjamyň Qingxue atly suratyny ýerleşdirdi. Renderden görnüşi ýaly, gajetiň g...
Aşgabatdaky dükan dünýäde ilkinji bolup 365 günläp ähli harytlaryna 70% arzanlaşyk yglan etdi
365 günläp ähli harytlaryna 70% arzanlaşyk yglan eden dükan barada eşidip gördüňizmi? Aşgabatda «Berkarar» SDAM-da ýerleşýän «FLO» aýakgap dükany hut şular ýaly arzanlaşyk yglan etdi. Aksiýa şu gün — 27-nji noýabrda başlaýar we 365 günläp dowam eder.
Islendik adam tutuş bir ýyllap FLO dükanyndan dürli görnüşli aýakgaplary 70% arzanlaşyk bile...
Apple enjamlary üçin täze gorag usulyny girizer
«Apple» korporasiýasy ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryny goramagyň täze usullaryny patentledi.
Žurnalistler amerikan korporasiýasynyň internetde peýda bolan iki sany patentine ünsi çekdiler. Birinjisine görä, «Apple» smartfonlaryň ekranynyň burçlaryny garaňkylaşdyrjak ýörite sazlamany döretmegi göz öňünde tutýar. Bu ýagdaýda, beýleki ulanyjyl...
Werstappen Abu-Dabidäki jemleýji ýaryşda ýeňiji bolup, F-1-däki ýeňişleri boýunça Fettelden öňe geçdi
«Red Bull-yň» niderlandly sürüjisi Maks Werstappen «Formula-1» möwsüminiň Abu-Dabide geçirilen soňky ýaryşynda ýeňiji boldy. Şeýlelikde, ol karýerasyndaky 54-nji ýeňşini gazandy we bu görkeziji boýunça Sebastýan Fettelden öňe geçdi.
Şeýle hem öňdäki üçlüge ýeňiji Şarl Lekler (Ferrari) we Jorj Rassel (Mersedes) girdi. Werstappeniň topardaşy S...
«Al-Nasryň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň hormatyna muzeý döredildi
«Al-Nasryň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň şanyna muzeý döredildi. Muzeý Er-Riýad şäherinde ýerleşýär. Serginiň özi oýunçynyň karýerasyndaky iň möhüm pursatlar barada gürrüň berýär.
Portugaliýa futbolçy muzeýe baryp gördi. Bu ýerde onuň mumdan ýasalan heýkeli hem ýerleşdirilipdir.
Bu barada Ronaldu sosial ulgamdaky sahypasynda: «Bu me...
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (27.11 — 03.12)
Türkmenistana aram salkyn howa aralaşdy. Howanyň ortaça temperaturasy gündizlerine +12 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda gijelerine howanyň sowamagyna garaşylýar. Daşoguz welaýatynda gijelerine howanyň temperaturasy -2 gradusa ýeter diýlip çak edilýär. Mundan başga-da, käbir ýerlerde ýagyş ýagmagy mümkin.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa...
2023-nji ýylda Edebiýat boýunça Buker baýragynyň eýesi belli boldy
Irlandiýaly ýazyjy Pol Linç “Pygamberiň aýdymy” (Prophet Song) romany üçin 2023-nji ýylyň edebiýat boýunça Buker baýragynyň eýesi boldy. Bu barada baýragyň gowşurylyş dabarasyndan TASS-yň habarçysy habar berýär. Dabara London Sitisindäki “Old-billingsgeýt” konsert-dynç alyş toplumynda geçirildi.
Linçiň biografiýasynda bäşinji bolan bu antiut...
Xiaomi Redmi Watch 4 arzan smart sagadyny işläp taýýarlaýar
«Xiaomi» kompaniýasy «Apple Watch-a» meňzeş şekilde döredilen täze «Redmi Watch 4» akylly sagadynyň çykjakdygyny yglan etdi.
«Redmi Watch 4-iň» iň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň korpusynyň alýumin garyndysyndan ýasalmagydyr. Bu «Redminiň» demir korpusly ilkinji akylly sagady bolar. Çarçuwanyň üstini poslamaýan polatdan ýasalan aýlanýan do...
«Çelsiniň» öňki derwezebany Petr Çeh Britaniýanyň Saýlama hokkeý ligasynda ilkinji oýnuna çykdy
«Çelsiniň» we Çehiýanyň milli ýygyndysynyň öňki derwezebany Petr Çeh Britaniýanyň Saýlama hokkeý ligasynda (EIHL) «Belfast Jaýants» toparynyň düzüminde ilkinji oýnuna çykdy. Ol eýýäm indiki oýunda toparyň başlangyç düzüminde meýdança çykyp biler.
Çeh 25-nji noýabrda «Glazgo Klen» bilen duşuşygyň ahyrynda buz meýdançasyna çykdy, ol bary-ýogy...
Samsung we Maison Margiela Galaxy Z Flip 5-iň lýuks nusgasyny çykararlar
Günorta Koreýanyň elektronika enjamlaryny öndürijisi «Samsung» fransuz moda öýi «Maison Margiela» bilen bilelikde «Galaxy Z Flip 5» eplenýän smartfonyň aýratyn görnüşini döretdi.
Bu enjamyň üýtgeşik tarapy arka panelinde ýarym dury dizaýnyň ulanylmagydyr. Onuň aşagynda moda brendiniň žakediniň bölegi görünýär. Tutuş korpusy bir stile getirme...
Italiýanyň milli ýygyndysy soňky 47 ýylda ilkinji gezek Dewisiň Kubogynyň ýeňijisi boldy
Italiýanyň milli ýygyndysy tennis boýunça Dewisiň kubogynyň final oýnunda Awstraliýanyň toparyny utdy. Report agentliginiň habar berşi ýaly, ýaryş Ispaniýanyň Malaga şäherinde geçirildi.
Birinji duşuşykda Matteo Arnaldi 7:5, 2:6, 6:4 hasabynda Alekseý Popyrini utdy. Ikinji oýunda Ýannik Sinner 6:3, 6:0 hasaby bilen Aleks de Minaurdan üstün ç...
YouTube-da oýunly bölüm peýda boldy
YouTube-da Playables atly täze bölüm peýda bolup, ol ulanyjylara dürli mini-oýunlary hödürleýär. Bu barada GSMArena neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.
Playables arkada oýunlaryny oýnamaga mümkinçilik berýän YouTube mobil goşundysynda ýa-da ŞK üçin web-wersiýasynda täze bölümdir. Onuň peýda bolandygy barada eýýäm Premium abunalygy b...
Rumyniýanyň ýaşaýjysy 3456 sany dürli ykjam telefonlardan kolleksiýa ýygnap, Ginnesiň rekordyny goýdy
Dünýäde ykjam telefonlaryň iň uly kolleksiýasy 3456 sany dürli gurluşy öz içine alýar we bu Ginnesiň täze rekordydyr. Bu barada ixbt.com habar berýär.
Rumyniýanyň ýaşaýjysy Andreý Bilbi Arjentis bu kolleksiýany öýünde ýygnady. Deňeşdirmek üçin, Ginnesiň öňki rekordy 2779 telefony öz içine alýardy.
Ýöne haýran galdyrýan zat, Arjentisde...
Kazanda geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň Ýaşlaryň ylmy kongresi 25 ýurtdan 150 gatnaşyjy ýygnady
27-28-nji noýabrda Kazanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň II Ýaşlaryň ylmy kongresi geçirilýär. Kongrese 25 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan, 150-ä golaý ýaş alymlar we gözlegçiler gatnaşýar.
Ýaşlaryň ylmy hyzmatdaşlygy Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm ähmiýete eý...
TikTok-y döredijiler oýun bazaryny terk edýär
ByteDance öz Nuverse oýun bölümini ýapmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, kommersant.ru habar berýär.
Kompaniýada bu habar tasssyklandy, ýöne proses barada jikme-jik maglumat bermekden boýun gaçyrdylar.
“Biz işimizi yzygiderli seljerýäris we uzak möhletleýin strategiki ösüş ugurlaryna ünsi jemlemek üçin düze...
Hytaý dünýäde ilkinji suwasty maglumat merkezini gurup başlady
Hytaý Haýnan adasynyň kenarynda maglumat saklaýyş we gaýtadan işleýiş merkeziniň birinji tapgyryny gurup başlady. Tom's Hardware portalynyň habaryna görä, iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan birnäçe jebis konteýner deňziň düýbündäki ýörite meýdançada oturdylar. Gurluşygyň düýbüniň tutulyşy baradaky wideoýazgy Hytaýyň Merkezi telewideniýesind...
Çagalaryň arasynda geçirilen «Ýewrowideniýe» bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi
Fransiýaly gyzjagaz Zoi Klozýur «Çagalaryň Ýewrowideniýesi» halkara aýdym-saz bäsleşiginde ýeňiji boldy. Bu barada BFMTV kanaly habar berdi.
13 ýaşly Klozýur 228 utuk toplap, ispaniýaly (201 utuk) we ermenistanly (180 utuk) bäsdeşlerinden öňe geçdi. Gyz mekdepdäki azar bermeler hakda öz döreden Coeur diýen aýdymy bilen sahna çykdy.
“B...
«Kino düşürilip tamamlandy»: Jeýms Kemeron «Awatar 3-iň» önümçilik ýagdaýy barada aýtdy
Režissýor Jeýms Kemeron «Awatar 3-iň» önümçilik ýagdaýy barada gürrüň berdi. Režissýoryň sözlerine görä, film doly surata düşürilip bolundy, öňde - iň kyn döwri başlanýar.
Kemeron indi «önümçilikden soňky iki ýyllyk kyn işiň gelýändigini» aýtdy. Direktor başga goşmaça maglumat bermedi.
Kemeronyň “Awatar 3” filminiň dokuz sagatlyk reži...
Honda howpsuzlyk kemeri bilen bagly kemçilik sebäpli ABŞ-da 300 müň ulagyny yzyna çagyrýar
Ýaponiýanyň Honda Motor Co. awtoulag öndürijisi öňdäki howpsuzlyk kemerlerinde öňe çekijiniň bir düzüm böleginiň ýoklugy sebäpli ABŞ-da 300 müňden gowrak ulagyny yzyna çagyrýar diýip, MarketWatch habar berýär.
Kampaniýa Accords we HR-V modellerine degişli bolar diýip, Ýol hereketiniň howpsuzlygy milli dolandyryş gullugynyň (NHTSA) habarynda...