Orbitadan bulutlaryň üstünde seýrek ýyldyrym surata alyndy
NASA-nyň zenan astronawty Nikol Aýers Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan ýyldyrymyň seýrek görnüşini – spraýty surata aldy. Surat stansiýa Meksika bilen ABŞ-nyň üstünden uçup geçen wagty düşürildi.
Aýersiň aýtmagyna görä, şeýle surat alymlara spraýtlaryň tebigatyna, olaryň aýratynlyklaryna we tupan bilen baglanyşygyna has gowy düşünmäge...
Audi ilkinji gezek Gün benzininde synag edildi
Şweýsariýanyň Synhelion kompaniýasy ilkinji gezek awtoulagda sintetiki Gün ýangyjyny ulandy. Kompaniýanyň metbugat beýanatyna görä, bu özboluşly benzinde ilkinji bolup 1985-nji ýylda öndürilen meşhur «Audi Sport Quattro» modeli sürlüp görüldi. Ýangyç Germaniýanyň Ýulih şäherindäki DAWN senagat desgasynda öndürildi.
Ýangyç konsentrirlenen Gün...
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň iýun aýyndaky sany okyjylara ýetirildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň döredijilik we tehniki topary neşiriň iýun aýyndaky sanyny okyjylara hödürledi. Bu barada TDH habar berýär.
Çagalary goramagyň halkara güni bilen başlanýan aýa bagyşlanan hut şu şanly senä bagyşlanan «Çagalaryň sesi – düný...
Hyundai täze Elantra we Tucson modellerine «PLEOS Connect» atly emeli aňly öz multimedia ulgamyny ornaşdyrar
Hyundai Motor Group täze Elantra we Tucson modellerinde PLEOS Connect atly multimedia ulgamyny hödürlär. Bu kompaniýanyň «programmalaýyn kesgitlenýän awtoulaglar» (SDV – software-defined vehicle) üçin niýetlenen ilkinji özboluşly programma platformasydyr.
Ulgam ilkinji gezek sekizinji nesil Elantra modelinde 2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde,...
Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherindäki gurluşyklary synlady
Habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag we Aşgabat şäherleri boýunça iş saparyny amala aşyrdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny dikuçarda amala aşyrdy. Aşgabatdan Arkadag şäherine dikuçarda ugur alan Gahryman Arkadag uçuşyň dowamynda...
Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabatda gurulmagy meýilleşdirilýän saglyk merkezleriniň taslamalary bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag we Aşgabat şäherleri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş saparynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk toplumyna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow T...
“Çelsi” Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynda “Fluminense” bilen oýnar
2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň ilkinji ýarym finalçylary belli boldy. Finala çykmak üçin Angliýanyň “Çelsisi” bilen Braziliýanyň “Fluminense” topary oýnar.
Dörtden bir finalda “Fluminense” Saud Arabystanynyň çempionatynyň ýeňijisini – Er-Riýaddan “Al-Hilýaly” utdy. Duşuşyk Orlandodaky “Kemping Uorld” stadionynda geçirildi we br...
Türkmenistan AÖB-niň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ikinji tapgyryna goşulmagy meýilleşdirýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin söwda ugry babatynda goşulyşmak maksatnamasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça sebitleýin taslamasyna Türkmenistanyň goşulmagy hakyndaky teklibi goldady. Degişli teklibi mejlisiň barşynda...
Serdar Berdimuhamedow «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçiligini berkitmek bilen bagly çäreleri makullady
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew milli halyçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň mad...
Türkmenistanyň muzeýleri wirtual syýahat ulgamyny ornaşdyrýar we Rimde arheologik sergä taýýarlyk görýär
Türkmenistanyň iri muzeýlerine «Wirtual muzeý» sanly ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gaýybana syýahat etmäge, muzeýlerde bar bolan gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredilýär. Bu barada anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şunda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş...
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Estoniýanyň akademiýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar
Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Estoniýa Respublikasynyň degişli akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi makullady. Degişli teklibi anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hödürledi.
Ser...
Astronom tutuş Älemiň “aýlanmagynyň” alamatlaryny tapdy
Amerikaly astronom, ABŞ-nyň Harby-deňiz obserwatoriýasynyň ylmy işgäri Waleriý Makarow tutuş Älemiň aýlanýandygyna mümkin bolan subutnamalary tapandygyny aýdýar. Üstesine-de, aýlanma ugry ençeme gezek üýtgän bolmaly diýip, Nature Astronomy žurnalyndaky ylmy gözlege salgylanyp, TASS habar berýär.
Makarow maşyn bilimi ulgamynyň kömegi bilen ga...
Iň uly Mars meteoriti 4 mln dollara satylar
Mälim bolan Mars meteoritlerinden iň ulusy – NWA 16788 2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Sotheby’s auksionyna çykarylar. Onuň çen-takmyn bahasy 4 mln dollara barabar diýip, CNN habar berýär.
Auksion öýüniň maglumatlaryna görä, meteoritiň agramy 25,4 kg bolup, bu ony Ýerde tapylan, takmynan, 400 Mars böleginiň arasynda iň ulusy edýär. Deňeşdirme...
Aýdymçy Bob Dilan öz çeken suratlary bilen kitap çykarar
18-nji noýabrda Simon & Schuster neşirýaty amerikaly sazanda, şahyr we ýazyjy Bob Dilanyň Point Blank (Quick Studies) ady bilen kitap-albomyny çykarar.
Kommersant neşiriniň habar bermegine görä, neşire sazanda tarapyndan 2021-2022-nji ýyllarda döredilen 100-e golaý gara-ak suratlar girer. Ilkibaşda bu suratlar has uly suratlar üçin eskiz hök...
82-nji Wenesiýa kinofestiwaly Paolo Sorrentinonyň filmi bilen açylar
Italiýaly režissýor Paolo Sorrentinonyň “Merhemet” (Благодать/La Grazia) dramasy 82-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalyny açar. Film esasy bäsleşige goşuldy diýlip, kinofestiwalyň saýtynda habar berilýär.
Filmiň sýužeti Italiýada ýaýbaňlanýar we söýgi hekaýatyna bagyşlanýar. Baş keşpleri Toni Serwillo we Anna Fersetti ýerine ýetirdi. Serwillo...
«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň iň täsirli 100 kompaniýasynyň sanawyny çap etdi
«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň iň täsirli 100 kompaniýasynyň sanawyny çap etdi. Bu sanawa iri tehnologiýa korporasiýalary bilen bir hatarda meşhurlyk gazanan uly bolmadyk startaplar hem girýär.
Sanawdaky kompaniýalar dürli kategoriýalara bölünýär: «Täzelikçiler», «Destruktorlar», «Liderler», «Titanlar» we «Öňbaşçylar». Sanawa girenleriň arasy...
“Lilo we Stiç” “Minecraft-dan” öňe geçip, ýylyň iň girdejili golliwud filmi boldy
“Lilo we Stiç” remeýki bütin dünýäde 957,6 mln dollar ýygnap, 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan golliwud filmi boldy. Ol “Minecraft kinoda” filminden öňe geçdi diýip, Deadline habar berýär.
Film eýýäm altynjy hepde prokatda bolup, 1 mlrd dollar görkezijisine golaýlaýar. Eger kassa ýygymy artmagyny dowam etdirse, ol 2025-nji ýylyň bu çäge...
Gün ulgamynda täze ýyldyzara obýekt peýda boldy – bu gözegçiligiň taryhynda üçünji
Astronomlar Gün ulgamyndan uçup geçýän “ýyldyzara obýekt” bolup çykan täze kometanyň üstüni açdy. Bu gözegçiligiň taryhynda şular ýaly üçünji asman jisimi boldy diýip, Ars Technica ýazýar.
3I/ATLAS (A11pl3Z) adyny alan kometa, takmynan, dört aýdan Güne golaý geler, şondan soň Gün ulgamyny hemişelik terk eder.
Häzir A11pl3Z Ýupiteriň o...
Nýu-Ýorkda drona garşy täze Iron Drone Raider tehnologiýasy döredildi
Nýu-Ýorkuň şäher polisiýa bölümi American Robotics kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Iron Drone Raider atly täze drona garşy ulgamy ornaşdyrmaga taýýarlanýar. Ulgam howplary kesgitlemek üçin gijeki görüş kameralary we emeli aň algoritmleri bilen enjamlaşdyrylan awtonom tutujy-dronlary ulanýar diýip, Interesting Engineering habar berýär.
...
Porsche 911 Turbo-nyň hereketlendirijisini indi özbaşdak ýygnap bolýar: hereketlendirijiniň görnüşinde konstruktor çykaryldy
Germaniýaly Franzis kompaniýasy Porsche 911 Turbo (930) modeliniň hereketlendirijisiniň görnüşinde özbaşdak ýygnamaga niýetlenen uly konstruktory hödürledi. Ol 250 detaldan ybarat bolup, Porsche-niň meşhur turbinaly hereketlendirijisini täzeden janlandyrýar.
Bellenmegine görä, ähli elementler Porsche-niň arhiw çyzgylaryna görä taýýarlanypdyr...