Çehiýada bir aýal gezelenç edýän wagty 2150-den gowrak kümüş teňňeden (denariýden) ybarat hazyna tapdy. Bu hazynanyň, takmynan, 900 ýyllyk taryhy bar diýip, «Popular Mechanics» neşiri habar berýär. Teňňeler döwlüp giden keramiki küýzäniň içinde tapyldy. Çehiýa Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutyndan hünärmen Filipp Welimskiniň aýtmagyna görä, bu hazyna, ähtimal, XII asyryň birinji çärýeginde gizlenilen bolmaly. Sebäbi, şol döwürde sebitiň syýasy ýagdaýy durnuksyz eken. Şol ýyllarda Pržemyslowiçler nesilşalygynyň agzalary knýazlyk tagtynyň ugrunda çekeleşik edýärdiler. Gözlegçileriň pikirine görä, bu teňňeler söweşde ýeňiş gazanylansoň alnan olja ýa-da esgerlere tölenilen hak bolmaly. Teňňeleriň bir bölegi, ähtimal, knýaz Wratislaw II, Bržetislaw II we Boržiwoý II-niň döwründe zikgelenen bolmaly.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir