Şu gün, 14-nji aprelde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň çäginde Türkmenistanyň Milli güni guraldy. Bu iri gözden geçirilişe 160-a golaý ýurt gatnaşýar. “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar bermegine görä, Bütindünýä «EKSPO» sergileriniň 174 ýyllyk taryhynyň dowamynda Ýaponiýa indi üçünji gezek şeýle abraýly gözden geçirilişiň geçirilýän ýerine öwrüldi. «EKSPO — 2025-i» geçirmek üçin saýlanyp alnan Osaka şäherinde bolsa ol ikinji gezek guralýar. Ozal bu ýerde 1970-nji ýylda Aziýa yklymynda ilkinji «EKSPO» geçirilip, ol XX asyrda iň köp adamyň baryp gören gözden geçirilişi hökmünde taryha girdi. Bu gezekki Bütindünýä «EKSPO» sergisini geçirmek üçin Osakadan uzak bolmadyk ýerde ýörite emeli ada hem döredilip, onuň Ýumeşima ady «Arzuwlar adasy» diýmegi aňladýar. Aslynda, Osaka-Kansaý sebiti ilkinji ýapon döwletiniň dörän mekany bolup, ol taryhy syýahatçylyk, milli aýratynlyklardyr ýadygärlikler bilen tanyşmak üçinem giň mümkinçilikleri açýar. 13-nji aprelden 13-nji oktýabr aralygynda dowam etjek «EKSPO — 2025-iň» geçýän ýeriniň daş-töweregi «Uly halka» bilen gurşalyp alnandyr. «Uly halka» uzynlygy 2 kilometre, beýikligi 20 metre ýetýän agaç gurluş bolup, ol eýýäm agaçdan gurlan iň uly ýapyk desga hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Osaka sergisi «Durmuşy halas etmek», «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek», «Durmuşy birleşdirmek» atly üç mowzukda guralyp, Türkmenistanyň milli pawilýony «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» bölüminde ýerleşýär. Türkmenistanyň pawilýonynyň ikinji gatynda Arkadag şäheriniň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň sergi eksponatlary ýerleşýär. Üçünji gatda bolsa myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenilýär. Soňra Serdar Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň resmi wekilleri «Günüň dogýan ýurdunyň» milli pawilýony bilen hem tanyşdylar. Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabara Prezident Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.