Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy iki sany gumanoid robotyň arasynda boks ýaryşynyň geçiriljekdigini bildiriş etdi. Çäre takmynan ýene bir aýdan geçer we göni ýaýlymda görkeziler. Söweşiň, hatda şygary hem bar: "Demir ýumrugyň şasy - Unitree: Galkynyş!" Täze wideoda Unitree boýy 1,32 metr bolan G1 robotynyň ringde türgenleşýän pursadyny görkezdi. Megerem, ol söweşe gatnaşyjylaryň biri bolmaly. Şeýle hem kompaniýa boýy has beýik - 1,80 m bolan H1 robotyny söweşe gatnaşdyryp biler. G1 roboty eýýäm Hytaýda satylyp başlandy. Onuň agramy takmynan 47 kg, iň ýokary ýük göterijiligi 2 kg. G1 lidarlar we daş-töweregi skanirlemek üçin iki sany çuňluk datçigi bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol haýal ylgawa barabar sagatda 7,2 km tizlik bilen hereket edýär. Sygymy 9000 mAh bolan batareýa iki sagada çenli işlemegini üpjün edýär. Unitree-niň maglumatlaryna görä, G1 sekiz ýadroly ýokary öndürijilikli prosessoryň kömegi bilen öwrenmäge ukyply. Şeýle hem, robot Wi-Fi-ýy we Bluetooth-y goldaýar.