Germaniýaly, norwegiýaly, gresiýaly we ispaniýaly alymlar topary Günüň köp sanly meňzeş ýyldyzlardan magnit işjeňligi boýunça tapawutlanýandygyny ýüze çykardylar. Günüň ýüzünde gara tegmillerden has köp ýagty sebitler emele gelýär. Beýleki ýyldyzlarda bolsa tersine, gara tegmiller köp emele gelýär. Bu barada arXiv preprint serwerinde çap edilen makalada aýdylýar. Günüň ýüzünde emele gelýän ýagty sebitleriň, ýagny fakelleriň sany gara tegmillerden üç esse köpdür. Bu ýagdaý hatda iň ýokary işjeňlikdäki döwürlerinde-de Günüň durnuklylygyny üpjün edýär. Beýleki ýyldyzlarda bolsa, köplenç, gara tegmiller agdyklyk edýär we olar ýyldyzyň ýüzüni garaňkylaşdyrýar. Astrofizikler «Kepler» kosmos teleskopynyň maglumatlaryna esaslanyp, 265 sany sary girdenegiň (G görnüşli ýyldyzyň) magnit işjeňligini öwrendiler. Şol ýyldyzlaryň arasynda 48 sanysynyň maglumatlary derňew üçin saýlandy. Şol 48 ýyldyzyň 44-sinde bolsa, gara tegmiller ýagty sebitlerden has köp bolup çykdy. Galan 4 ýyldyzda bolsa, gara tegmiller bilen ýagty ýerleriň sany deň diýen ýalydy. Diňe bir ýyldyz – KIC 11599385 – bu babatda Gün bilen meňzeşlik görkezýärdi. Fakeller bilen tegmiller ýyldyzyň magnit meýdanynyň täsiri bilen döreýär. Gowşak magnit meýdany fakelleriň, güýçli magnit meýdanlary bolsa gara tegmilleriň döremegine itergi berýär. Magnit meýdanlary ýyldyzyň içinde bolup geçýän konweksiýa, ýagny maddalaryň garyşmagyna hem täsir edýär. Gün ýaly ýyldyzlar Älemdäki ähli ýyldyzlaryň 7-10%-ini düzýär. Biziň galaktikamyzyň çäginde şeýle ýyldyzlaryň sany, takmynan, 10-20 milliard çemesi diýlip çaklanylýar. Şeýle ýyldyzlaryň daşyndaky planetalar hasam gyzykly hasaplanylýar, sebäbi olar ýaşaýşyň döremegine mümkinçilik berýän zolakda ýerleşýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir