Durmuş sapagy!
Garagol çaga kakasyny gaty gaharlandyrýardy. Etme diyenini edip. Et diyenini etmän. Ýyllaryň geçmegi bilen ýetginjek ýaşa ýeten çaga ýene kakasyny gaharlandyrjak iş edipdi. Muňa sabyr käsesi dolan kakasy Orazberdi aga ogluna:
- Adam bolmarsyn sen- diýip uly ses bilen gatyrganýar. Ogly hem bu gepi gaty görüp kakasyna gaharlanyp:
- Ine görersiň nähili bolýamyşym - diýip öýüň gapysyny şakyrdadyp ýapyp öýden gidýär. Şol gidişine öýe hiç gelmeýär.
Ýyllaryň geçmegi bilen ýanky oglan uniwersiteti gutarýar. Maşgalaly bolyar. Jaýy, maşyny, işi, iş edarasy bolýar.
Bir gün Orazberdi aga öz işi bilen meşgullanyp ýörkä gapy kakylýar. Gapyny açýar, seretse iki sany geýnüwli daýow adamlar:
- Ýaşuly, siz biz bilen gitmeli - diýip iki golundan tutup maşyna salyp alyp gidýärler. Orazberdi aga nirä barýanyna düşünip ýetişmänkä ýaňky iki daýow adamlar bir edaraň otagyna eltýärler. Otagyň içi uly, hemme zat ýerbe ýer bir başlygyň otagyna meňzeýärdi. Stoluň başynda oturgyjy ters öwrüp oturan adam Orazberdi agany görüp:
- Kaka, geldiňmi - diýip gürlemegini dowam edýär.
- Seret kaka, men seň isleýşiň ýaly boldum. Başlyk boldum. Şu edaraň hemmesi maňa degişli. Indi ynjaldyňyzmy? - diýip sözüni soňlaýar. Kakasy Orazberdi aga gamgyn gözleri bilen gomparyp duran ogluna seredip:
- Wahhh, oglum. Men sana başlyk bolmarsyň diýmedimä, ADAM bolmarsyň diýdim.
- O nähili kaka? - diýip ogly geňirgenip soraýar.
- Eger adamçylygyň bolsady gowy habaryňy aýtmak üçin iki adam ugradyp meni aýagyňa çenli getirmezdiň, özüň gelip gapymy kakardyň. - diýip gamgyn ädimler bilen öýüne rowana bolýar...
Durmuş sapagy!
-
Tiko
3 years ago
- Öňem bir ýerde okadym öýütýän.
[Onsoň ogly yzyndan ylgap :
- kaka meni bagyşla siz bolmadyk bolsaňyz men bu derejä asla ýetmezdim diýip. Kakasynyň ýany bilen ýöräp öýne gaýtýa.]
KAKA.((
-
TrustORG
3 years ago
- Tiko, hä beýle bolsa gaty gowy soňlanýan eken.
-
Tiko
3 years ago
- TrustORG. Yzyny özümçe ýazdym şuwagt ))
-
TrustORG
3 years ago
- Tiko bilýänle🤦🤣
-
TrustORG
3 years ago
- Tiko, menem göwnüň üçin ýazdym😁
-
AndroidHacker
3 years ago
- Gaty nerwnyy oglan bolmaly ýetginjek wagty 1 söz ücin gapyny ýapyp yzyna gelmedik bolsa
-
TrustORG
3 years ago
- AndroidHacker🤣🤣🤣 wakaň moralyndan çykyp üns berýän zadyňa seredä.
-
AndroidHacker
3 years ago
- 1 ştuk cilimjik otlap köşeşip öýüne gaýdan bolsa beýle hekaýa bolmazdy 😂
-
TrustORG
3 years ago
- AndroidHacker, ýaramaz endiklerden daşda durýandyrda😂
-
AndroidHacker
3 years ago
- Meni ýetginjek wagty cykyp gidip nirde ýaşany näme edeni gyzyklandyrýada şotaýlary hakda doly ýazaýyñ 😂😂😂
-
Tiko
3 years ago
- Ol ýazlan sahypany syçan iýipdir 😂
-
Wrestling
3 years ago
- Hekaýalarda zatda aňsatjagaý şeýtmek. Realnyda etjek bol häzir şuny😂
-
zumerchi
3 years ago
- AndroidHacker15 minutes ago
Meni ýetginjek wagty cykyp gidip nirde ýaşany näme edeni gyzyklandyrýada
Turkiya gidendir))))
-
Xyivenia
3 years ago
- Wrestling2 hours ago
Hekaýalarda zatda aňsatjagaý şeýtmek. Realnyda etjek bol häzir şuny😂
Aýtmasana
Durmuş bir muşt 👊 diyyaler
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Awtory kim bu hekaýaň
-
AndroidHacker
3 years ago
- Awtory Orazberdi aga bolaýmasaaa...
-
loveee_@
3 years ago
- Mr.WriTer, bilmedimdä awtoryny
TrustORG 3 years ago- Gaty gowy we sada dilde ýazylypdyr. Ýaşulyň soňky sözüni aýdan wagty göz öňüme gelip, özüm birhilek gamgyn boldym. Şeýleräk ýeňil okalýan we manyly wakalary gowy görýän men. Bolsa ýene paýlaşyp duruň.