Täze başlan "Bozkir Arslani Celaleddin" atly teleseriýal adamlara taryhy ýalňyş tanatýar. Köpümiziň bilşi ýaly filmi Türk we Özbekler bile düşürýär we Özbegistanda çekilýär. Filma göz gezdirseňiz hemme ýeri Özbekleriňki, ýagny Özbekleriň däpleri görkezilýär, Özbekleriň eşikleri geýilýär, hatda käbir ýerlerinde Özbekçe gürleşýärler. Ýagny aslynda Jelaleddin Özbek ýaly görkezýärler. Filmdäkileriň "paçti" hemmesi Özbek. Jelaleddin nirä barsa Özbek tans eden bolup görkezýärler. Aslynda Jelaleddin döwründe Türkmenler ýanyp durandy, ýagny syçrap duran Türkmen ýigitleri bardy we däp-dessurlar diňe Türkmeniňkidi. Özem filmiň köp ýeri gaty ýalňyş. Filmde hiç hili Türkmene degişli zat ýok, aslynda welin Jelaleddin arassa ýanyp duran Türkmen ýigidi bolmaly.
Siziňem pikiriňiz möhüm, ýöne men muny Türkmen taryhyna hormatsyzlyk diýip düşünýärin.
Ah, kino sungatynda ösmezligimiziň zyýany hem bar bu ýerde.

Sorag-jogap, Gutulmyş tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir