goşgyn kime degişlidigina bilemok, internetde gabat geldim, gowyrak goşgy eken ine bu giň dünýä ümmülmez älem, ol kimi diňleýär, kime garaşýar. şu soragy her gün berip özüme soňam içim diňläp biraz garaşýan. kimler jaý gurdurýar kaşaňdan kaşaň, hamana bu dünýä ömürlik ýaly. kimler ir-ertirden giç agşama çen, köpük gazanýarlar sowarlyk ýaly. soraýan özümden deňlikmikä bu, kimler geýinýärler täzeden täze. türkmende şeýle bir sözem bara, "gaýrat et eşegim garaşaý ýaza". durmuşyň özi bir ajap geň zat, käbir ynsanlaram täsinden täsin. ýetmişde öýlenip on sekiz ýaşla, onsoň şol durmuşda barmyka täsir. sorag çykdy bir oglanlar üýşende, söýeniňi nädip duýmaly asla. söýgi öz-özünden gelýän zatmyka, söýenini nädip duýmaly asla. dartgynly jedeller bermedi haýyr, oýlandyk agtardyk, beýnini gädip. belläp aldym bir bölejik kagyza, ynsanda söýgini bilmeli nädip. oýlanýan bir sözde mümkin däl eýsem, sebäbi dünýäde duýgy örän kän. söýgi, ylham, paýhas ýene ýeneler, aslynda şu söýgi nirede döränkä. soragyň üstüne dökülýär sorag, men çyndanam söýsem söýermikä ol. bütin giň dünýämi bagş eýlesem azajygam bolsa duýarmyka ol. onuň söýenini bilmeklik üçin, özüň ýürek bilen söýmäni başar. söýgi beýle bir gowy zadam däl, sazda-da sen ony duýmany başar. eger-de çyndanam duýasyň gelse, duýyber özüňi duýuşyň ýaly. ýüregiňden sora, kalbyňdan sora, duýjagyň çyn bolsa, az dälä ýoly. sora ýüregiňe ýakyn adamdan, sora syr saklaýan dostyndan sora! söýgi diýip urunyp, çapylyp ýörme, nirede bolsaňam namysyň gora. günlerde bir günler söýersiň senem, şonda bu soraga taparsyň jogap. entek alňasama sabyr et biraz, sabyr etmeklikde bardyr uly sogap.

Köneler, Maxat tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir