Telim gezek aýtjak bolup, çekinip,
Telim gezek söz deregne üsgürdim.
Meniň söýgi gaplan, dykyz kalbymdan,
Dostluk bakyşlaryň bilen üstündiň.
Göz aýladym, söz aýladym düşmediň,
Gözlerim çaşardy, sözlerim peltek,
Gezip ýörün, sepilse-de tohumy,
Ony gögertmeýän, şor pel dek.
Hyýalymda "oýun" gurap seň bilen,
Huşum tapyp, edebime dolanýan.
Meni söýmek kyn däl, duýdursaň ýetik,
Ne-hä jeza berýän, ne-de pul alýan.
Aýyplaşma özüm aýdyp bilmämsoň
Kä-te senden söýgi sözne tamakin.
Men seniň şeýlebir gylygyñy söýdüm,
(Birdan törüm bezeseñem tama giň).
Ah-h arzuwlaň baryn, dost deýin bakyp
Dost deýin söz gatyp ýitirip gelýäň.
Ne söýgimi aýdyp gursagma basýan,
Ne-de gursagymdan iterip bilýän.
KerimHally
"Söýgi we dostluk"
-
Arzuwum
3 years ago
- Yekam gowmy yagdaylañ
-
Pegas
3 years ago
- Meniň söýgi gaplan, dykyz kalbymdan,
Dostluk bakyşlaryň bilen üstündiň.
-
Pegas
3 years ago
- Kalbyň dykyz ýa däldigini nädip ölçedikä Kerim?! Söz owadanlamak üçin agzyňa(eliňe) geleni paýyrdadybermeli däl. "TARAŞLAP ŞAGLATGYL..." diýýär Magtymguly hem.
-
Pegas
3 years ago
- Hemem bakyş bilen kalpdan nädip üstün bolup bolýarka?! Adatça, meňzeş ýa-da şol bir zatlar deňeşdirilip, biriniň beýlekisinden üstündigi ýa üstün däldigi aýdylýar. Bakyş bilen kalp nädip deňeşdirilip bolunýar?!
-
Pegas
3 years ago
- Söz aýdyp bilmän dilleri pelteklän oglan göz öňüňe gelse-de, edil gözleri çaşaran oglan-ha nätseňem göz öňüňe gelenok.
-
LadaKalina.
3 years ago
- Gosgy gowy eken
-
A93
3 years ago
- Goşgy gowşak
-
Korolewa
3 years ago
- Gowyn joram :)
-
Korolewa
3 years ago
- *gowmyn
-
Yylgyn
3 years ago
- ++++++++++++++Aýgül
yekejam. 3 years ago- Gowuja gosgy.Yone kabir sozleri dusuniksiz