IDEALLIDER-den gyzykly soraglar 11.

51) Uly garpyz kiçimi ýada kiçi garpyz uly?
============================
52) Haýsy düýäniň dört örküji bar? Jogaplary:Ertekilerdäki, oýnawaç, fantastiki ýalylar bolmalydäl.
============================
53) Maşyn-Prawa okuw sapagynda mugallym okuwçylardan soraýar:
- Ine siz maşynda gaty-batly ýolda barýaňyz, batly maşyny saklap bolanok, siziň öňüňizde 3 sany, çepde ýaş gyz, ortada garryja ene, gyrada ýaş oglan bar. Hiç ýere öwrülip bolanok, siziň çykalgaňyz ýok. Siz hokman birini basmaly. Şonda siz haýsyny basardyňyz?
+...
============================
54) Üç dost bar. Ker, lal we kör. Üçüsi bir gün tokaýa dynç almaga gidýärler we birden Ker ölýär. Lal keriň ölenini görüp köre aýtmaga barýar we aýdýar. Sorag: Nädip Lal keriň ölenini köre düşündirýär?
============================
55) Ýigrimi dost toýda otyrlar. Ikisi gaýtdy, täze üç dost ýene geldi. Olaryň ýene biri gaýtmakçy boldy. Jemi näçe dost toýda galdy?

Topan: IDEALLIDER.

IDEALLIDER-den gyzykly soraglara-jogap 11.

51) Birzat hasaplajak bolsak ilki bilen matematika we algebrany ulanýas. Bu sorag matematiki ugurdan nädogry sorag. Şol sebäpli fantastiki jogap bermeli bolýas. Meselem: "Uly garpyz kosmosýaly, kiçi garpyz bolsa kiçiliginden ýaňa gözede görünenok"!
============================
52) Bogaz(göwreli, hamyla, aýagy-agyr) düýäniň içinde köşejik bar. Enesiniň örküji bilen 4 örküç bolýar!
============================
53) Prawa okuw sapagynda mugallym okuwçylardan:
- Ine siz maşynda gaty-batly ýolda barýaňyz, batly maşyny saklap bolanok, siziň öňüňizde 3 sany, çepde ýaş gyz, ortada garryja ene, gyrada ýaş oglan bar. Hiç ýere öwrülip bolanok, siziň çykalgaňyz ýok. Siz hokman birini basmaly. Şonda siz haýsyny basardyňyz?

+ Aýýý çykalga bolmasa garryny basmaly bolarda...
- Haýwan samsyklar tormazy basmaly tormazy!(Degişme äheňinde sorag)
============================
54) Lal, keriň elini alyp ölen-körüň döşünde goýup ýürek urşuny diňledýär. Soňra bolsa Lal öz döşüniň üsdünde goýýar. Netijede lalyň ýüregi urýar, körüňki uranok. Şu sebäpli hem ker körüň ölenini bilýär!
============================
55) 20-2=18 soňra 18+3=21. Onsaň "gaýtmakçy" bilen "gaýtmaklyk" ikisi bir zatdäl!

Soragyň jogaplaryny bilip "özlerine artyk guwanmaga hakly" diýip hasap edenlerim! @Hercai 2 jogap, @Paris 2 jogap, @Resul 2 jogap, @Khanture 1 jogap bildiler. Size berekella🤩👍 @yashalym we @yylgyn! Remezan aýynda hapa ýazgylary ýazyp, başgalaryň okap gaharlanmagyna sebäp bolanyň hiç bilinmez öýdýänsiň! Iki egniňize serediň, olar hemmezady belleýärler! Gelejekde wagty geleninde "Men däli, sagdäl, akmak men" diýip sypaýarsyň öýdýänsiňiz! Şeýdip Biribary allarsyňmy? Giçdäl, aklyňyza aýlanyň! @aynura! Teswirleriňe jogap berdim! BAŞGA AGZALAR! SIZ ÝALY BAHASYZ GYMMATLYKLARYŇ BARLYGYNA BUÝSANÝAN. ÄHLIŇIZIŇ IŞIŇIZ ROWAÇ ALSYN!

Toplan: IDEALLIDER.

Sorag-jogap, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir