Geljegimiz üçin gymmatly, zerur bolan ähli çeşmelerimiz kem-kemden ýitip barýar. Suwlarymyz, tokaýlarymyz we ýaşlarymyz, yzyna dolanyp bolmajak ýollara tarap barýarlar.


Size soragym: " Kelläňizi galdyryň we daş-töweregiňizdäki ýaşlary synlaň. Näme görýärsiňiz?".


Gülkünç wideolary düşürýän ýetginjeklerimi?

Sosial media hasaplaryna basyljak halananlar(Like) bilen ýaşaýanlarymy?

Günüň dowamynda kafelerde we barlarda erkekleri we aýallary gözleýänlerimi?

Geljekki meselesi barada her gezek uly gürläp, hatda sapaklara-da gatnaşmaýanlarymy?


Sen näme görýäň?

Elbetde, bu sözler 100% -i öz içine almaýar. Ýöne, munuň 90 göteriminiñ şu ýagdaýdadygyny aýdyp bilerin. Mundan başga-da, bu makalany okaýan ýaşlar gaty bagtly we umytly ýaşlar. Sebäbi ýokarda agzap geçilen ýaşlaryñ okamak we gözleg etmek, öwrenmek bilen hiç hili baglanyşygy ýok.


Gadyrly Ýaşlar!
Ýurdumyzyñ, hatda dünýäniň geljegi hem özüňiziň aladaňyza baglydyr. Şonuñ üçin iň bolmanda aşakdaky maslahatlary ýerine ýetirmäge synanyşyň.


OKAÑ

Nireden we näme okasaňam tapawudy ýok. Pul tölemezden okap biljegiñiz birnäçe elektron kitaplar we gazet, žurnallar bar. Olary okaň we ýene okaň. Okamak siz üçin näçe içgysgynç ýaly bolsa-da, özüňizi şonça-da okamaga mejbur ediñ. Günde azyndan 30 minut okaň.


HABARLARY YZARLAÑ

Gün tertibinden habardar boluň. Gazet satyn almak, bu meselede sizi has köp höweslendirip biler. Her gün irden gazetiňizi alyň we okamak üçin wagt sarp ediň.


ŞAHSY ALADAÑYZA ÜNS BERIÑ

Ilki bilen pikirler dünýäsiniň gözelligi möhümdir, ýöne sizi diňe pikirleriňiz däl, eýsem arassa bolmak we ähli şahsy aladalaryňyz hakda alada etmek, sizi has köp höweslendirer.


ÝAZ

Islän zadyňy ýazyp bilersiň. Ýazanlaryňyz näçe erbet bolsa-da, ony depderçä, kagyz ýüzüne ýa-da kompýuteriňize ýazyň. Ýazan zatlaryňyzy kimdir biri okar öýdüp gorkmaň. Ýazmak endigiňizi ýitirmäň, her gün bir zat ýazyň. Her aýratyn gün, başdan geçirenleriňizi ýazyň. Buda siziň durmuşyňyzy manyly ýaşamagyňyza itergi berer.


TÄZE ADAMLAR BILEN TANYŞ

Tanamaýan adamyňyzyň ýanyna baryp salam bermekden gorkmaň. Munuň kyndygyny bilýärin, ýöne iň bolmanda sosial media-da tanamaýan adamyña habar iberiň we gürleşip başlaň. Hatda, sizi has hem rahatlatmasy üçin ol adama
Şu makalany okamagy maslahat beriñ. Makala barada pikirler alyşyň. Her hepde bir täze adam bilen tanyşyp bilersiňiz.


TERTIPLI BOLUÑ

Ähli meseleleriñ tertibini, yzygiderliligini düzüñ. Otagyňyzda, şkafyňyzda, gündelik meýilnamalaryňyzda, uky wagtlaryňyzda, bellikleriňizde we başga pikir edip biljek ähli zatlaryňyzda hökman tertipli boluň.

Awtor: Murathan.
Terjime eden: Akif_Turkmen
Rejeläp taýarlan: Nirvana

Bilim, Akif_Turkmen tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir