Düýn agşam @yekejam agza gowy mowzuk açypdy, gowy gürrüňler edildi. @yashalym agzada şeýle sorag berdi, adamyň gowulygy söýmesi/söýüşmesi bilen ölçelermi? agşamdan bäri şu pikir meň kellämde, indi menem şu soraga öz garaýşymy aýdasym gelýä. Adamyň gowulygy oň söýmesi ýa-da süýüşmesi bilen ölçelmez diýesim gelýä, ýagny oň näçe adam bilen söýüşenine ýa-da söýenine bagly bolaýmasa, ýöne ýekeje gezek ýalňyşan adama erbet diýip bolmaz sebäbi, körem hasasyny bir gezek aldyrar diýen nakyl bar, ynsanam 1 gezek ýalňyşyp biler we şol ýalňyşyndan netije çykaryp bilse ana şonda ol gowy adam boldygy, eger şol 1-nji ýalňyşyndan özüne sapak alarlyk netije çykaryp bilmese onnaň şol adama erbet diýip garap bolar. Aslynda söýgi diýilýän zat kimi üçin ýalan, kimi üçin çyn, kimi üçinem geldi-geçdi oýun.



Şu mowzukda ýene bir soragy ýüze çykaryp, özüm şonam jogaplasym geldi. Hakyky erkek diýip kime diýilýä?

Hakyky erkek diýip meň pikirmçe, diňe ýekeje gyzy söýüp, wagty gelende şol gyzy özüne gelinlik edip alan oglana hakyky erkek diýilýä! Bular ýaly oglan aslynda kän ýogam iki-ýeke bar bolaýmasa, durmuşda şular ýaly oglanlarada gabat geldim, naprimer öz goňşymyzyň ogly öz klasdaş gyzyny söýdi hemem gullukdan gelensoň ol gyzy aldy, şu wagt gülýaly ýaşaşyp ýörler, öwün gyzjagazlary boldy, tüweleme gözüm degmesin, ýöne goňşylaryňam bu söýüşip alypdyr diýen mesele her hili garany boldy, kim erbet garady kim gowy, ýöne men erbet garanlara şeýle diýesim geldi, zato gyz söýenine oglanam söýenini aldy diýesim geldi. Gelinejäň birem, "Hakyky erkek diýip şular ýaly oglana diýilýä" diýdi...

Sorag-jogap, Arzuwum tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir