Ilkinji mugallymym
Nurýagdy Agaýewe.
35-nji ýyl. Sentýabryň 1-i.
Güýzüň ilki güni. Iň ajap pasyl.
Ýadymdan çykanok henize çenli,
Soňky deme çenli çykmazam asyl.
Mekdebiň deregne – kiçijik kepbe,
Partanyň deregne – ýasama stol.
Her stol başynda – dört sany çaga,
(Käbirinde bäş hem bolmagy ahmal).
Her çagaň elinde –
Ýönekeý galam,
Her çagaň öňünde –
Suratly «Harplyk».
Göýä özümiz hem harplaň oňünde
Düzülşip oturan düşnüksiz-harpdyk.
Harp bizi tananok, biz bolsa harpy,
Harp bize seredýär,
biz bolsa harpa...
Onýança-da birden garaja kepbäň
Gyzylja gapysy açyldy jarka.
Ätledi gapydan bir uly adam.
(Ýaşyny hasaplap otursam indi,
Uly bolup görnen şol uly adam
On ýedä-de ýetmän ekeni şindi).
«Salam!» diýip, ýüzümize seretdi.
Biz bolsa hiç zady görmedik çaga,
Ne-hä jogap berdik,
ne-de gozgandyk.
Göýä bakan ýaly ullakan daga,
Hemmämiz aňkaryp ýüzüne bakdyk.
(Ýyljyraklap bize seredýär olam).
Öňümizde bolsa –
Suratly «Harplyk».
Ýene-de üç depder,
Ýene bir galam...
Ilkinji salamy şondan öwrendik.
Salamy ozalam bilýärdik weli,
Salam diýen sözüň uly manysyn
Ilki öwredipdi mugallym dili.
Ilkinji edebi şondan öwrendik.
Edebi ozalam bilýärdik weli,
Edep diýen zadyň uly manysyn
Has aýdyň edipdi mugallym dili.
Ilkinji «A» harpyn şondan öwrendik.
«A» harpyn ozalam bilýärdik weli,
«A» diýen harpdan
soň «B»-niň bardygyn
Ilki owredipdi mugallym dili.
Watanyň başyna iş düşen güni,
Moskwaň üstüne çekende bulut –
Biz üçin ilkinji boluşy ýaly,
Ýene-de gitdi ol ilkinji bolup.
Gidişi, gidişi –
Gelmedi gaýdyp...
Ýaşyny hasaplap otursam indi,
Onunjy klasly Nazar oglumyň
Ýaşyna-da ýetmän ekeni şindi...
Kerim Gurbannepesow
A
-
Yylgyn
3 years ago
- +++++++ manyly goşgy ekn
#Ailara
-
#Güljemal_Ahmedovaa*
3 years ago
- +99
-
Paris
3 years ago
- Guljemal salAm
-
Paris
3 years ago
- Duynem salam bersem almadyn
-
#Güljemal_Ahmedovaa*
3 years ago
- Paris wlkm
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Sagboluň!
-
Paris
3 years ago
- Guljemal sen nc yyl.
Seni tanayan yaly
-
#Güljemal_Ahmedovaa*
3 years ago
- Paris 05
-
loveee_@
3 years ago
- interesting ++++
-
Paris
3 years ago
- Hm bolia tanamok
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- @paris xixiix guldurmesene
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- ++++like ilkinji mugallymym Mahri Kakajanovna )
-
Paris
3 years ago
- Ilkinji mugallymymy Sohbetden sorayyn
-
Arzuwum
3 years ago
- ilkinji mugallymym Ogulsabyr familiýasy ýadyma düşenok
-
Jupiter_Fire
3 years ago
- 1935-nji ýyl ... gaty gowy
-
Paris
3 years ago
- Jupiter Fire sen onki Yowuz nikli gyzy tanayanmy
-
yashalym
3 years ago
- Soyenim sensiz yurek gysmasyn, Sensiz bu yurek hic aglamasyn, Shahyr aydar sensiz durmush bolmasyn, Sana zar gozlemden yash akmasyn @shahyrana
-
yashalym
3 years ago
- @shahyrana goyup samsyk zat yazsalar ynanman bu nikde teswire yazmasam pozyalar, ynanman diyyanim bashgalar samsyk zatlary yazyp @shahyrana diyip goymagy mumkin.
Arzuwum 3 years ago- gaty gowy goşgy